Hukuk baradaky gürrüňler hemişede gyzykly. Köp ýerde duş gelýänsiňiz meniň hakym bar diýilýän söze. Bu söz hukuk sözi. Hukuk hemişede bolan adamlarda. Hatda uruş sebäpli gyrylýan adamlar hem öz hukuklary bilen heläk bolýarlar. Çünki adamyň hukugyny başga bir adam özüne alyp bilmeýär hatda ol adam öz hukuklarymy saňa berýän diýýän halaty hem ýalňyşýar. Hukugyň özüňde galýar emma adamlar öz sowatsyzlygy sebäpli ýa bolmasa öz hukugyna geleňsizligi sebäpli hukuklaryny amala aşyrjak bolup çytalaşmaýarlar. Uruş pursatynda bolsa adamlar janyndan gorkup öz hukuklaryndan ýüz dönderýärler. Ýöne bu halatda diri galan adam barybir öz hukugy bilen ýaşaýar. Indi bolsa ölen adamyň hukugy barmy diiýen sorag gelip çykýar. Öli öz hukuklaryny gorap bilmeýäler emma diri adamlar ölüleriň hukuklaryny gorap bilerler. Özüni bilýän adam içki duýgysyny aňşyrýan adam özünde hukugyň bardygyny aňýar. Şunyň bilen birlikde ol özüniň adamdygyny, ynsabynyň bardygyny, adamçylyk sypatlarynyň köpçülikde ýaşamana hukuk berýändigini aňýar. Bularyň hemmesi hukuga degişli duýgylar. Dürli hili adamlar bar we dürli hili adamlardan dünýäni her hili aňşyrýan alymlar gelip çykýar. Hemmeden alym bolmaýar. Köp kitaplary ýazany bilenem, hatda käbir teoriýalary oýlap tapany bilenem ýa bolmasa haýsydyr bir tehnikalaary ýasany bilenem olar alym däl. Olar alymsumaklar, ýagny hakyka alyma erjeşip taryhda, edebiýatda ýada il arasynda galp ýol bilen adyny galdyrjak bolýan ogrylar. Mysal üçin adam gyrmak üçin ýarag ýasaýan adamlar hiç haçan alym däl. Biz bu ýerde hukuk barada aýydýas şol sebäpli ünsümizi başga zatlara bermezden diňe hukuk barada aýytsak gowy bolardy. Adaty adam öz hukuklaryny aňşyrýar emma köp halatda gorap bilmeýär. Ine, şu ýagdaý hem adam hukuklary bilen baglanyşykly kelleagyrykly ýagdaý. Biz adam öz hukularyny goramaly diiýäs emma dünýäde bolup geçýän hadysalar isle ol tebigat tarapyndan bolsun ýada adamyň döreden hadysalary bolsun bularyň käbiri biziň hukularymyzy amala aşyrmana pursat hem bermeýär we güýjümiz hem ýetmeýär. Birinji mysal, biziň ýaşamana hakymyz bar emma güýçli dowul biziň janymyza howp salyp heläk edýär. Bu halatda biziň ýaşamana bolan hukugymyz dowul tarapyndan inkär edilýär. Ikinji mysal, biziň ýoly kesip geçmäne hukugymyz bar emma ýolda hereket etmek kadalaryny bozan adam öz maşyny bilen kakyp bizi heläk edýär. Diýmek hukugym bar diýip el gowşuryp otyryp bolmaýar. Hukugyň doly amala aşmagy üçin köp ätiýaç işlerini geçirmeli. Okamaly, bilmeli, gerek bolsa gaçmaly mysal üçin dowuldan.
File engine/modules/thanks.php not found.Hukuk baradaky gürrüňler
Täzelikler,
Kelleagyryk
tarapyndan
27-03-2024, 11:58