Adyny tutman ýazýan bu gahrymanymyz öz söýýän ýigidine çykmak üçin köp kynçylyk gördi. Haçan durmuşa çykanda bolsa onuň zordan tapan ärini her ýeten azdyrjak boldy. Bu barada onuň özi gürrüň berýär. Men bolsa onuň aýdyp beren bu gürrüňini size ýetirýärin. Entek gürrüňe başlamanka biziň bu gahrymanymyz ençeme wagt horkuldap otyrdy. Men ony köşeşdirmeli boldum. Haçan köşeşende bolsa häzirki siziň eşitjek wakalryňyzy aýdyp berdi.
Ýigrimi ýedi ýaşyma çenli durmuşa çykyp bilmän otyrdym. Ýok, durmuşa çykyp bilmez ýaly meniň hiç hili kemçiligim ýokdy. Owadandym, görmegeýdim, akly-huşym ýerindedi. Joralarymyň hemmesi öz taýyny tapyp gitdier men bolsa ýeke özüm ortarada garantgy ýaly joňkaryp galdym. Ýaşaýan obamyz uly däldi. Şonuň üçin oba adamlarynyň hemmesi biri-biriniň göz öňünde görünip durdy. Gizläre bir zat mümkinçilik ýokdy. Obamyz kiçi bolansoň öz obamyda uly toýlar bolmazdy şonyň üçin toýa baryp hezil etmeli bolsa ýakynymyzda ýerleşýan posýolkda geçýän toýlara giderdik. Onsoňam mekdep hem şol ýerde bolany üçin ol ýerde tanyşlarymyz köpdi.
Okuwçy wagtymda aşyk boldum. Sähet diýen oglana. Emma özüňiz bilýaňiz gyzlar oglanlara ilkinji bolup öz söýýändigini aýytmaly däl bu hem meniň aýagymdan diňe çekdi durdy aşaga. Sähet menden bir ýaş ulydy. Gowy, sada ýigitdi. Daş keşbi hem görmegeýdi. Biz birimiz bilen salamlaşardyk. Biri-birimize ýetmäne göwnümiz bardy. Ol esgerlikden gaýdyp gelse toý etmek hyýalymyz bardy. Ol esgerlige giden wagty men tehnikuma okuwa girdim. Ol esgerlikden gelende men ikinji kursda okaýardym. Okuwymy gutarman durmuşa çykmak bolsa mümkin däldi. Ilki bilen bu okuwa gaty kynçylyk bilen girdim. Gutaran dessime işe göýberdiler. Iş ýerim şäherde bolandan soň her gün oba gelip gitmäne mümkinçiligim ýokdy. Şonuň üçin oba hepdede bir gezek gelip giderdim. Bu wagt aralygynda bolsa Sähedi görmäne ymtylardym. Duşuşardyk, sözleşerdik. Toý etmegi maksat ederdik. Emma ýetimiň agzy aşa ýetende burny ganar boldy. Yzly-yzyna durmuş maňa öz zarbalaryny urdy. Ene-atamyň ölümi meniň toýymy iki ýyl anyk yza çekdi. Bu wagt aralygynda dünýäde hem, meniň obamda hem, adamlaryň aňynda hem üýütgemeler boldy. Esasan aýnama ugryndan. Adamlarada ahlak peseldi. Adamlar wadalarynda durman ugradylar. Gyzlar durmuşa çykyp aňsat aýrylýan boldular. Bulryň hemmesi bolsa syrygyp gelip meniň Sähet bilen boljak toýymy weýran etdi. Edil meniň yz ýanymdan
menden bir ýaş kiçi Güljän atly gyz peýda boldy. Ol hem asly şu obadan emma häsiýeti bu ýerliniňki däl. Eýýäm mekdepde okuwçy wagtynda agzyndan düzüwli söz çykmazdy. Mekdepde öňünden çykan bilen garpyşardy, garpyşyp ýetişmese yzyňdan şyltak atyp galardy. Meniň bilenem ol bir-iki gezek dogry geldi. Menem ondan gep alyp galmadym, ýogsa gaýtawul bermesem beterini ederdi. Bolmandada beterini edip ýetişdi. Ýeke maňa däl. Kim dogry gelse şoňa. Onuň sylaýan adamy ýokdy. Utanjy hem ýokdy. Bileni-biteni adamlary kemsitmekdi. Onuň kemçiliklleri barada aýdyp otyrsaň bir kitap dym bolar. Şonyň üçin bu gepiň özüme degişli ýerini aýdyp bereýin. Güljan bilen doly gepi bolsa başga bir wagt. Edil meniňki ýaly Güljanyň durmuşa çykmaly wagty hem ýetip geldi. Bu aralykda ol eýýäm birnäçe ýigidiň kellesini agyrdyp ýetişdi emma birdenmi ýada tötänleýinmi meniň Sähedimi gözläp tapdy. Boldy bir ahyrzaman meniň üçin. Sähet bilen Güljan söýüşip başlady diýen söz uzaga gitmän Sähet Güljany alyp gaçypdyr diýen gep oba ýaýrap maňa ýetip geldi. Bu gepi eşidip men biçäre çaşyp galypdyryn. Meniň ýykylyp galanymy görenler meni köçeden ýygnap öýe äkelipdirler. Doktor çagyryp özüme getiripdirler. Özüme gelenimde bu dünýäde birjikde ýaşasym gelmedi. Emma adamyň köp zada güýji ýetmeýän bolup çykdy. Maňa diňe çydamak galdy bu basylan közlere. Hiç aňyma gelmezdi şunça wagt aralygynda Sähet bilen wadalaşyp gelip indäm onuň başga biri bilen gidip bilýänine ýagny Güljan bilen. Gözümde okum ýokdy ony ýok etmäne. Emma okym bolandada men oňa ýamanlyk edip biljegim ala gümanady sebäbi adama ýamanlyk etmäni bilmeýan adamdym. Zordan turyp işime gitdim. Häläm şu işimiň bolanyny aýyt. Adamlar bilen ýüzleşmek meniň derdimi ýeňledýärdi sebäbi meniň işimiň ýagdaýy hem şeýledi. Adamlaryň arzlaryny diňläp olary goldamak, göwünlik bermek we kömek etmek. Şeýdip Sähet bilen Güljanyň toýynyň boljak güni ýetip geldi. Hemmeler şadyýan toýa ugradylar al-elwan geýinip, saçlaryny bezäp, ýüzlerine sürme çalyp. Olar toýa ugdaylar. Men bolsa o dünýä. Özümi öldürjek bolup. Emma ýüpüň ýanyna baryp onuň oramagyny boýnumdan geçirmäne ysgynym barmady. Ýüp elime degdi. Men atylyp meýdana çykdym. Bu ýagty jahandan doýaýyn onsoň özümi öldüreýin diýdim. Yzyma birnäçe gezek gaýdyp geldim. Her gezek ýüpüň ýanyna gelip duryp galdym we her gezek şol pikir kelläme geldi. “Bu tomaşalaryň yzyny gör. Bu adamlaryň nirelerden çykýanyny gör. Durmuşda mundanda beter zatlar bolup geçýär. Seniň düşen ýagdaýyň ullakan bir bela däl. Şujagaz kynçylyga dözmeseň kim boldugyň seniň. Bu ýerde sen ölmeli däl. Kim bu durmuşy bulaýan bolsa şolar ölmeli. Garaş. Özüňi öldürme! Öldürseň özüň ýeňilersiň.Şanly adamlar ýeňişlere bezelýändir, sary ýok adamlar gara ýere duwlanýandyr”. Zordan özümi öldürjek bolýan ýerimden çykdym. Öýe geldim. Edil şu wagt Sähet bilen Güljanyň toý dabarysynyň sesi eşidildi. Aýdym-sazyň sesi ýer ýaryp men tarapa ýetip geldi. Bu sazyň sesinden maňa öwülýädäki müjewüriň sesi has ýakyndy. Şu wagt janym atylyp çykaýsa diýidim Ýa bolmasa gulagym gapylaýsa diýdim. Emma meniň bir diýenim hem bolmady. Jaýa girip gabyz bolup otyrjak bolup gördüm. Bu hem bolmady.Ýüregim darygyp meýdana çyk diýdi. Özüme birjikde erk edip bilmedim. Gözüme Sähet aý ýaly bolup geldi. Ol meniň edil ýanymda ýalydy. Meniň otyran gabyz jaýyma ol ýagty berýän ýalydy. Birden kelläme geldi. Toýa gideýin. Sähedi ýakyndan göreýin. Iň soňky gezek.Meniň muňa hakym bardyra. Şu pikir bilen özüme timar berip toý jaýa ugradym. Toý jaý uzakda däldi. Bary-ýogy alty-ýedi jaýy geçsem bolany. Geýinip daş çykyp häli uly ýola çykyp-çykman goňşym bolup otyran ýeňňem meni synlap duran ekeni. Belki ol meniň özümi öldürjek bolanymyda görendir muny anyk bilmeýän. Ol ýagny ýeňňem gap-gara bolup bir ýerden çykdyda men tarapa okdurylyp gelip bar güýji bilen ýapyşyp:” Jigim, bu toý seniň barmaly ýeriň däl diýip öz öýüne tarap meni çekip ugrady. Men bolsa, oňa gulak goýman toý gidýän tarapa ymtyldym. Ikimiziň aramyzda biraz basalaşyk gitdi. Onda ýeňňem maňa gaharlanyp:”Eger akyl bilen yzyňa gaýytmasaň häzir agalaryňy çagyryn. Olar bolsa seni urar, onsoň eliňi-aýagyňy daňyp garaňky tama zyňarlar” Bu gepden men elbetde gorkmadym. Emma meniň kelläme şu pikir geldi:” Sen gitde Sähedi äkel şu ýere. Meniň oňa bir agyz gepim bar. Ýeňňem meni öz jaýyma itekläp salyp:”Men Sähedi seniň ýanyňa getirin emma men seniň daşyňdan ilip gitmeli bolaryn. Ýogsa indi saňa ynam ýok”. Men onuň aýdanyna razy bolmaly boldum. Daşym gulplandy. Ýeňňem bolsa atylyp toý jaýa gitdi. Dogrymy aýytsam olar meni uzak garaşdyrmadylar. Men olary biraz eglener öýütdim. Emma şark edip açylan gulpyň sesi eşidildi yz ýanyndan gap-gara bolup hassyldap duran ýeňňem göründi we yz ýanyndan bolsa burk uryp, ak ýüzli, mele saçly, azajyk gögüş gözli, gapydan girende birzajyk egilip meniň Sähedim girdi. Onuň ýüzi ak tamdy. Ol meniň üçin gorkandyr elbetde. Bu wagt aralygynda men toý lybsalarymy geýnip ýetişipdim. Özüňiz bilýäňiz tizara meniň toýym bolmalydy Sähet bilen. Toý lybsalarym bolsa alyngydy. Biziň gepleşip durmana uzak wagtymyz ýokdy. Sähet meni toý geýiminde görüp aljyrap galdy. Ikimiz salamlaşyp durdyk. Sesimizi çykarman. Biri-birimize seredip. Onsoň ikimiz hem telefona seredip surata düşdik. Bu çykan surata seredip ikimiz ýene duryp galdyk. Dursak durybirdik. Ýöne ýeňňem goýmady. Wagtynda aýrylaşmasaňyz wagyrdy bolar diýdi ol. Ine, indi Sähediň gitmeli wagty boldy. Menden. Ebedi. Men ýene ysgyndan gaçyp başladym. Der menden ýagyş guýylýan kimin boldy. Sähediň göwresi gapydan çykyp başlanda meniň onuň yzyndan ylgasym geldi. Orta ýene ýeňňem düşdi. Ol boldumly göwresi bilen ikimizi ortalady. Men bolsa özümden gidip başladym aýagym orak bilen orulýan ýaly kesildi. Göwräm bolsa ýeňňemiň elinde şalkyldap galdy. Men diňe bir zady duýyp ýetişdim. Ýeňňem meni gaty ýere degmezimden gorkup gujaklap emaý bilen ýere goýdy. Meniň bolsa janym çykyp başlady. Kem-kemden. Birinji gezek men ölmegiň nämedigini duýdym . Onda umuman gorkunç zat ýok eken. Meniň aňym maňa sen öldüň indi diýdi. Şundan soň men bu dünýäden güm boldum. Özümçe. Emma bir hepdeden soň men keselhada özüme geldim. Edil assajykdan ölüşim ýaly assajykdan ýene bu dünýä geldim. Turyp gitdim. Bir-iki aýdan soň. Özüme doly gelmegim üçin bir ýyl wagt gitdi. Ikinji ýylynda ýene şol öňki işime bardym. Ýene şol adaty durmuş başlandy. Bu durmuşda her kimiň öz aladasy özüne ýetik. Özüň ymtylmaly öz durmuşyňy abat gurnamak üçin. Bu pikir maňa täzeden geldi. Nireden gelenini bilmeýän. Sähetden indi maňa netije ýok. Men muňa düşündim. Indi onuň öz durmuşy bar. Men hem öz durmuş ýolumy saýlap almaly. Emma bu durmuşyň syrly ýollary köp eken. Olary bilmek hemmä başartmaýan bolyp çykdy. Men bolsa hem öz ýolumy gözledim hem bu durmuşda meniň ýolumu kesen adamlaryň durmuşyny yzarladym. Meniň üçin gyzykly zat bu ýaramaz adamlar edenleri üçin jezalaryny alýarlarmy ýada ýok. Ine, şu syryň üstünde hem men köp iş etdim. Men hiç kimden ar almaýaryn. Men diňe durmuşy öwrenýärin. Öň aýdyşym ýaly obada atamdan galan köne jaýym bar. Agalarym öýlenip aýry ýaşaýarlar. Men bolsa gyz maşgala bolanymdan soň olar meni ýeke goýmajak bolup öz çagalarynyň dilbilerini meniň ýanyma göýberýärler. Haçanda men şäherden obadaky jaýyma gelenimde çagalar meniň ýaynmda gyk-bak bolup oýnaýarlar, ýeňiltap işlerime kömekleşýärler. Bir gezek oba geldim. Gelsem obamyzyň dukanynda ýag paýlanyşygy gidip duran eken. Özüme degişli ýagymy alaýyn diýip dukana barsam obamyzyň adamlarynyň hemmesi diýen ýaly şu ýerde eken. Kim ýag alýar, kim başga bir zadyň söwdasyny edýär. Ine, görsem Güljan hem ýag almak üçin şu ýerde uly wagyrdy edip dur. Nobata durmazdan ozal hemmä salam berip durdym. Aýallary özüňiz biýäňiz käbirlerri gujaklaşyp salamlaşýarlar. Guljana gezek gelende näme etjegimi bilmän sägindim emma şondada elimi uzadyp salam berdim ýogsa ol menden bir ýaş kiçi bolsada. Şondada kakynyp ýetişdi maňa:”Hä, aýymjan kimler bilen gujaklaşýaň, kimlere eliňi uzadýaň dilegçi ýaly” Sesimi çykarmadym. Öz ýanymdan näme diýse diýiber diýdimde töwergimde kimler barka diýip dukana gelenlere seredip nobatyma gelýänçe ýitirmeli wagtymy olara sarp etmegi makui bildim. Seretsem hol gyrada özi ýaly erkekler bilen Sähet hem duran ekeni aýaly Güljanyň söwda ederine garaşyp. Ine, Güljanyň ýag almaly nobaty geldi. Ol töweregine seredip:”Hany, bu juwanamerk diýip äri Sähedi gözledi. Sähet bolsa, söhbete gümra bolup durdy. Birden, Güljan Söhbede çyrlady:-Hany getir ýag tüňňürleri. Sähet gelende ol ýene oňa çyrlady:”Men saňa özüň gel diýmedim. Özüň gelmeli bolsaň umuman gelip otyrma. Men saňa ýag tüňňiri bäri al diýýarin. Ýa bolmasa, bu ýere gelip aňyňy ýitirdiňmi. Görmeli däl adamlaryňy görüp” . Güljanyň bu sözleri nämä urgy edýändigi maňa aýandy. Emma men oňa bir zat diýip biljekmidim. Ýok. Ol meni adamlaryň arasynda it masgarasy eder. Şuny bilen halda men ýüzmi olardan sowdumda duryberdim ýöne men eýýäm Güljanyň bu sözlerinden Sähet bilen ikisiniň arasynda söýgä beýlede dursun, ýönekeý sylag-hormatyň ýokdugyny aňdym. Gezek maňa gelende bolsa söwdamy etdimde öýe gaýytdym. Güljan bolsa dukandan gitmän bu ýere gelenleriň her birine agyz salyp durdy.
Aradan iki ýyl geçip gitdi. Joralarymyň hemmesi durmuşa çykyp gitdi. Men bolsa öz ýarymy tapman ýöräberdim. Dogry bu aralykda meniň bilen tanyşlyk islänler boldy. Ýöne meniň olaryň hiç birine ýüregim etmedi. Oýlanyp otyrsam hemme zadyň ahyry we başy bolýan ekeni. Gynançly bolsun ýada bagtly bolsun. Durmuşdan şunça nägile bolsamda meniň hem täzeden ýylgyrjak günüm bar bolup çykdy. Wakanyň başy Sähediň toýyndan üç ýyl geçip golaýlanda başlandy. Ilki bilen Sähet bilen Güljan uruşypdyr. Güljan Sähedi taşlap öýüne gidipdir diýen gürrüňden soň has hem gyzyp ugrady. Men bolsa şäherde. Öz durmuşymy ýola goýmak bilen owarra. Ilki bilen Sähet obadan Aşgabada işe gidip galypdyr. Güljany taşlap. Güljan bolsa atasy öýüne gelip derrew uzak gitmän başga birine durmuşa çykypdyrda ol hem obadan güm bolupdur. Bu aralykda meniň durmuşyma täzelik girip başlady. Meniň iş ýerime golaý edaralaryň birine bu ýerli däl ýigit işe geldi. Ilkibada men oňa üns bermedim. Ýöne ynha ol maňa tiz-tiz dogry geldi we biz alaçsyz salamlaşmaly bolduk çünki biz şol bir ýoldan işe gatnamaly bolýardyk. Ol maňa salam berdi. Men hem salam aldym. Şeýdip ýöräberdik diýsem ýalňyş bolar. Hökümet edarasynda işleseň ýygnaga barmaly, çärelere gatnaşmaly. Adyny-soruny bilmeýän bu ýigit maňa ine şu ýygnaklarda we çärelerde dogry gelip başlady. Näme üçindir meniň ýagdaýym gowulaşan ýaly boldy, ýüregime ýyly ornaşan ýaly boldy we bir gezek bu ýigit meniň düýşüme girdi. Düýşümde biz ýene salamlaşdyk ikimiz hem örän şadyýandyk. Ol maňa gülüp bir zatlar diýýärdi men bolsa oňa gülüp bir zatlar diýýärdim. Birdende düýşüm üýütgäp gidip biz toý stolynda otyrdyk bile. Kimkä bu meniň adamym diýip onuň ýüzüne seretsem ol birwagtky Sähet bolup çykdy. Ol maňa gülüp:”Men şol Sähet ahyry” diýdi. Atylyp turdym. Görsem hopugyp gidipdirin. Gijäniň bir wagty. Turyp suw içdim. Özüme gelmäne synandym. Otyryp bu düýşi ýorjak boldum ýogsa bu ugurdan hiç zady bilmesemde. Düýşe begenmelidignäm bilmedim gynanmalydgynam. Soňra özümi rahatlandyrjak bolup:”Bu bir düýşdirdä” diýip ünsümi başga ýana sowan boldum. Ýöne ertir işe gelişime bu ýigidiň maňa duş gelmegini isledim. Hemme zat içiňi ýakaýyndan durýan ýaly bu gün ol ýigit maňa gara bermedi. Ertesi hem gara bermedi. Soňra bir aýlap men ony görmedim. Onsoň men bu ýigidi yzarlap başladym. Işleýän edarasyna baryp gördüm. Ondan-mundan soradym. Bir topar gözlegden soň bu ýigidi bilýäniň biri ol komandirowka daşary ýurda gitdi ýöne haçan yzyna dolanjagyny men bilmeýärin diýdi. Meniň keýpim bir köpük boldy. Ýene şol alasarmyk günler gaýdyp geldi. Göwnüme bolmasa kimdir biri bilegörä meniň ýüregime ot salyp köýdürip görýän ýalydy. Ýöne bu ýerde ýene bir gyzykly zat bardy. Eger men bu gözlän ýigidi tapan bolsam, men gözläp baranymda ol iş ýerinden tapylan bolup meniň gaşymda ýaldyrap duran bolanda men oňa näme diýerdim. Men oňa:”Seni düýşümde gördüm şonuň üçin gözläp geldim” diýip bilmerin ahyryn. Belki onuň maňa şol gezekde duş gelmäni gowy ýagdaýa laýyk bolandyr.
Meniň alasarmyk keýpsiz bolmagymyň sebäbi bolsa ýöne ýerden däl bolup çykdy. Bu bolan wakalaryň jeminden üç geçip-geçmän täze bir bela gelýän eken biziň hemmämiziň durmuşymyza. Sähet özüne el galdyrypdyr diýen myş-myş ok ýaly uçyp meniň iş ýerime ýetip geldi. Men näme etmelidigini bilmedim. Diňe gynanmakdan başga tutalga ýokdy. Şunça bolan ahyrzamandan soň men Sähedi görmäne baryp bilmejegim bellidi. Indi ol başga adamlara degişlidi. Men diňe bir zady duýdym bu wakalardan hiç bir zat öz erkine bolmaýar. Durmuş sepleşikli bir zat. Ol gezekli gezegine hemmäni yzarlaýar. Ýalňyşlyk göýbereni sylamaýar, äsgermedikden bolsa ar alýar. Bu zatlary aňdym ýöne men näme üçin bu bela-beterlere aralaşmaly. Şuňa düşünmedim. Men hiç haçanam hatda pikirimde hem durmuşa zyýan ýetirmek barada oýlanmandym hem. Sähediň aradan çykanyna bir hepde bolandyrda bolsa, bu durmuş bir teňňä durmaýar diýen pikir bile iş ýerime ýüzümi salyp barýardym. Ir bilen. Säheriň sergin şemalynda. Häli adamlary gara gün basmarlamadyk wagtynda menden başgasyny. Şol ak ýüzli ýigit dur ýolumda maňa garaşýar eger çyksa. Ýüzünde azajyk ýylgyryş hem bar.Men ony kellämi galdyryp görüp galdym. Hemişeki geçişim ýaly onuň duşyndan geçiberjek boldum. Ol bolsa maňa göwnünde kir ýok ýaly halda ozaly bilen salam berdi onsoň men salam alanymdan soň:” Siz meni gözläp barypsyňyz iş ýerime, bir iş çykyp galypmydy menlik. Men oňa sözüni dowam etdirmäne pursat bermedim çünki meniň ony gözlemegimiň syry açylardy. Men bolsa bu ýagdaýy öz erkine goýyp biljek däldim. Şonuň üçin derrew gepi başga ýana sowdumda elimdäki telefony görkezip oňa:” Telefonymy görkezäýjekdim. Bir gep tapdy durdy bu al kakmyş” diýdimde ýalandan telefony oňa berdim. Ol bolsa telefony aldyda işleýşini barlap başlady. Dogry telefonymda biraz gep hem bardy. Ýigit ony gözläp tapdyda bir hatar başga ýerlerinäm gözden geçirip başlady we şol wagt Sähet bilen toý gününde düşen suratymyzyň üstünden bardy ol. Suraty görüp durdyda:” Bu ýigit maňa gaty meňzeş ekeni”diýdi. Men telefonymy kakyp aldymda:” Öz işiň däl işe aralaşma diýdimde yzyma seretmän işime gitdim. Ýigit bolsa meniň boluşyma düşünmeýän ýaly duran ýerinde duryp galdy. Ýöne ertesi ýene şol ýerde duryp meniň öňümden çykyp salam berdi we biz indi iş tarapa bile gepleşip gitdik. Şýdip wagt geçiberdi. Biziň gepleşigmiz kem-kemden söýgä öwrüldi we ýarym ýyl geçip bu ýigit bilen ikimiz toý etdik. Toýda orta çykyp durmuşa çykýan ýigidimiň ýüzüne seretdim. Seredip doňup galdym. Ol Sähediň özidi. Mende şeýle duýgy döredi.Hudaý meni agyr synaglardan soň ýigidime gowşyrdy emma näme üçin bu synaglary edeni häli maňa mälim däl. Eger men bu gürrüňimiň yzyny dowam edibersem näme üçin bu synaglardan geçenimiň üstünden hem bararys.
Size bu gürrüňi berýän adam dünýäde bar adam. Onuň häzirki durmuşynda hiç gep ýok. Gül ýaly maşgala bolup otyr. Emma onuň aýagyna duşak bolan adamlar bu durmuşdan güm bolup gitdiler. Bu gürrüň her kime sapak alarlyk diýip oýlaýan. Ýogsada gowyja nakyl bar bu barada. Gazma düşersiň, ýakma bişersiň. Goý, hernä şeýle bolsunda!
Hoş wagtyňyz. Ýurt parahatçylgynda we gowy günlerde duş geleli. Adymyz dünýä ýaýrasyn. Türkmeniň dil çeperçilgi iň gizlin ýerlere aralaşyp gizlenip ýatan belalary dünýä äşger etsin.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Kelleagyryk tarapyndan 31-05-2024, 17:12

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler