Gitler aýallary öz peýdasyna ulanmany bilýän adamdy. Gitler üçin aýallar özi üçünde onuň partiýasy üçinde gerekli ähmiýete eýedi. Gitler özüni söýen bu aýallardan pul pul karz alardy, aýallar oňa dürli hili gymmat kartinalary sowgat berediler. Mundan daşary pully baý aýallar Gitleriň partiýasyny pul bilen götergiläp durardy.Gitler her biz özüne ýantaşan aýaly çyn ýürekden söýen kişi edip görkezerdi, ýalandan bu aýallary owadan, gözel diýip asmana götererdi. Aýallar bolsa elbetde, onuň aldawyna düşerdiler.Mysal üçin, özüne sekretar gyza ol hiç käýemedi işinde bir topar ýalňyşlyk goýbersede. Ol aýallaryň hemmesine diýen ýaly “ meniň owadanjam, meniň eýjejigim” diýip ýörärdi. Eger ol aýallaryň ýanynda otyrmaly bolsa ilki bilen aýallara hormat görkezip olara otyrgyç goýardy. Gitler çilim çekeni halamazdy emma aýllar çilim çeken wagtynda olara gülüp rugsat bererdi. Gitler kükregi uly aýllara has gyzygardy. Saç reňki onuň üçin wajyp däldi> Emma özünden 20 ýaş kiçi aýal-gyzlar ony gurşap alandy. Birinji söýgülisi, Şarlotta Edoksi Alida Lobjua. Fransuzka. Nemes dilini gowy bilýärdi. Boluşy syganlara meňzeýärdi.1916-nji ýylda bu gyz bilen intimi başdan geçirdi. Bu wagt gyzyň ýaşy 18, Gitleriň ýaşy bolsa 27. Gitler onuň kartinkasyny öz eli bilen çekdi. Gitleriň ikinji söýgülisi-Geli onuň öz ýegençisi, 19 ýaşly gara saçly, ýüzi doly gyz. Geli 1925-nji ýyldan başlap Gitler bilen gatnaşykda boldy. Geli Gitleriň muýunhen şäherindäki kwartirasynda ýaşady. Geliniň ýaşaýan komnatyna girmäne diňe Gitleriň özüne, onsoňam onuň hyzmatkäri Anni atly aýala girmäne rugsat bardy. 18 nji aprel 1918 nji ýylda Geli özüni öldürdi. Näme üçindigi belli däl. Geliniň ölümi Gitleri depressiýa taşlady. Ol ýanyna hiç kimi getirmän köp gezdi. Gaýga batdy. Geliniň ölüminden soň Gitler etli nahar iýmesini goýdy. Gitler Geliniň adyny ebedileşdirmek üçin onuň heýkelini galdyrdy. Geliniň birnäçe kartinkalary surat bolup çykdy. Geli bilen baglanyşykly agyr ýatlamalar Gitleriň ýadyndan çykmagy üçin oňa kömekçileri owadan, gelişikli aýallary gözläp tayp berdiler.Şolardan indiki söýgülisi Gitleriň- aýdymçy gyz Gretl Slezak. Bu gyzyň yzyndan Gitler indiki söýgülisi bolan- Mariýa Reýter bilen onuň işleýän dukanynda tanyşdy. 1927 nji ýylda ol Gitler bilen baglanyşykly gamly söýgüsi üçin özüni asyp öldürmäne synanyşdy. Emma ölmän galdy. Olaryň özara intimi 1938nji ýyla çenli dowam etdi.
Ewa Braun Gitleriň indiki söýügülisi- muýunhenli mugallymyň gyzy. Lisei we uçuluşäni, soňra bolsa iňlis dili instituny gutardy. Gitler bilen bu gyz 17 ýaşly wagtynda Gitler bolsa 40 ýaşly wagtynda Ewa Braunyň işleýän ýerinde dogry gelýär. Bu wagt Gitleriň söýgülisi Geli diridi. Gitler gijäni Gelä bagyşlap gündüzi Ewa bilen duşyp keýip edip seýil ederdiler, iýerdiler içerdiler, gülüşerdiler. Ewa Gitleriň özünden başga ýene bir gyz bilen gezýändigini bilýärdi we gabanjaňlygyndan ýaňa ölesi gelýärdi. Ikisi gezek özüne kast etdi emma ölmän galdy. Emma onuň deregine Geli özüni öldürdi.Ewa Braun bolsa onuň ofisialnyý aýaly boldy.Bu ikisi 29 aprel 1945 ýylda nikalaşdylar. 30 aprel 1945 ýylda iksi bilelikde özüni öldürdiler.
Gitler Ewa Brauna hem ikilik etdi. Bu wagt ol Ýuniti Walkiriýa Mitford atly ledi bilen hem gezýärdi. Bu gyz Londonda dogulan. Milletparaz. 1935-1939nji ýyllarda Gitleriň söýügülisi bolup gezdi.
Ýene bir aýalyň ady tutylýar. Gitleriň söýügülisi hökmünde. Zigfrid fon Lafferet 28 dekabr 1916 nji ýylda dogulan. Bu aýal hem Gitler üçin özüni öldürmäne synanyşan.
Şunyň bilen birlikde Gitler aýallar bilen tirkeşeni bilenem olar bilen hiç haçan intimde bolmadyk diýýän taraplar hem bar. Kim bilýär anygyny. Eger çyksa hiç kim.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Kelleagyryk tarapyndan 1-06-2024, 19:02

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler