Oksford uniwersiteti gadymylygy boýunça dünýäde ikinji orunda durýar, birinji orunda bolsa Bolonýa uniwersitetidir.
Oksfordyň ilkinji kollejleri XIII asyrda açylypdyr we 1879-nji ýyla çenli zenan maşgalalara okamaga rugsat berilmändir.
Oksford uniwersitetinde 38 sany aýry kollej we 5 sany ýapyk zal bar.
Oksfordyň Ikinji Jahan urşunda bombalanmazlygynyň sebäbi Gitler ony Angliýany basyp alandan soň paýtagt şäher etmek isläpdir.
Hasaplamalara görä, uniwersitetde 22000 talyp okap, olaryň 11772 sanysy tamamlanmadyk ýokary bilim (bakalawr) we galan 9850 sanysy tamamlanan ýokary bilim (magistr) derejesinde bilim alýarlar.Talyplaryň 62% daşary ýurtly talyplardyr.
1683-nji ýylda gurlan Oksfordyň “Ashmolean”muzeýi dünýäde ýörite ähli jemagat üçin niýetlenip gurlan meşhur iň gadymy muzeýdir.
Oksford hususy uniwersitet bolup, 300-den gowrak görnüşli hünari talyplara hödürleýär.
Ortaça ýyllyk okuw tölegi Britaniýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň talyplary üçin £9000,Ýewropa Bileleşiginden daşary talyplar üçin bolsa, £14415 bilen £21222 aralyk.
Oksford 1642-1646-njy ýyllaryň “Raýatlyk urşy” döwründe Angliýanyň paýtagty bolupdyr.
Oksfordyň şygary “The Lord is my light”.
“Alisa täsinlikler dünýäsinde” atly kitapdaky Alisa hakykatda Alisa Liddell atly gyz bolup, ol Oksford uniwersitetiniň “Christ Church” kollejiniň dekanynyň gyzy bolupdyr.
Oksford sözi “Oxanforda”sözünden gelip çykyp, “Öküzleriň geçelgesi” diýen manyny berýär.
Oksford uniwersitetiniň talyplarynyň geň adatlarynyň biri hem, synaglaryny tamamlaýan talyplaryň üstüne ýumurtga we sously makaron zyňmakdyr.
Oksford uniwersitetiniň talyplary olimpiadalarda 158 altyn medal eýeläpdirler.
Britaniýanyň Primer Ministrleriniň 27-si Oksfordda bilim alypdyr.
Oksforduň iňlis dili sözlügi ilkinji gezek 1884-nji ýylda çap edilip, iňlis diliniň iň meşhur düşündirişli sözlügi hökmünde tanalýar.
Oksford uniwersiteti barada
Bilim,
Men sho
tarapyndan
12-06-2021, 15:29