Gün Äleminiň 4-nji planetasy. Orta hasap bilen Günden 228 mln. km uzaklykda 24,1 km/s tizlik bilen hereket edip, Günüň töwereginden 1,88 ýylda bir aýlawy tamamlaýar. Ol Güne perigelide 206 mln. km golaýlaşyp, afelide ondan 249 mln km uzaklaşýar. Has amatly pursatda, ýagny Ýer afelide, Mars bolsa perigelide bolan halatlarynda Ýere 54 mln. km golaýlaşýar. Emma bu hadysa örän seýrek bolýar. Oňa garamazdan, aralyk 60 million km-den az bolsa, beýik garşydadurma boldy diýlip hasap edilýär. Beýik garşydadurma her 15 ýa-da 17 ýyldan gaýtalanýar. Golaýdaky beýik garşydadurma 2018-nji ýylyň Oguz aýynyň 27-sine 57,7 mln. km. bolar. Ondan soňky 2035-nji ýylyň Ruhnama /Sentýabr/ aýynyň 15-ine bolup 57,15 mln. km-e golaýlaşýar. Marsda bir gije-gündiz 24 sagat 37 minut 22,6 sekunta barabardyr. Onuň diametri 6776 km, massasy Ýeriň 0,11 massasyna barabar. Onuň iç gurluşy üç bölekden ybarat bolup, merkezi ýadrosynyň radiusy 1250 km-e golaýdyr, ikinji gatlagy kremniden ybarat bolup, onuň galyňlygy 2000 km-e golaýdyr, 3-nji - ýokarky gatlagynyň galyňlygy 40-50 km diýlip hasap edilýär. Howasynyň düzümi: SO2 - (95%), N2-(2,5%), Ag - (1,5-2%), SO - (0,06%), N2O - (~0,1%). Howasy 3 gatlaga - troposfera, stratosfera we termosfera bölünýär. Marsyň üstünde howanyň basyşy 5-7 gPa. Marsda uly daglar, kraterler bar. Marsdaky iň uly dagyň beýikligi 27,4 km. Marsyň üstüniň temperaturasy +22°S den -139°S aralykda üýtgeýär. Onuň ekwatory hem Ýeriňki ýaly asman ekwatoryna gyşykdyr, hatda Ýeriňkiden 2 gradus artykdyr, gyşarma möçberi 24°56' barabardyr. Şonuň üçin ol ýerde hem pasyllaryň çalyşma hadysasy ýüze çykýar. Emma Marsyň günorta tarapynyň tomsy demirgazyk tarapynyň tomsundan gyzgyn we gysga bolýar. Muňa bolsa Marsyň aýlawynyň süýrüligi hem-de günorta tarapynyň tomsynyň perigeliniň golaýyndadygy sebäp bolýar. Amatly şertlerde Marsda görünýän kanallara meňzeş şekiller henize çenli adamlary haýran galdyryp gelýär. Olar guran derýanyň kartlary diýlip çak edilýär. Marsyň iki hemrasy bar, olaryň ady Fobos we Deýmos.
✓ ''Mars''
SSSR-iň Mars (Myrryh) planetasynyň öwrenmek üçin goýberen emeli hemralar toparynyň adydyr. Olardan jemi 7 sanysy goýberildi. ''Mars - 2'' ilkinji bolup Marsyň üstüne gaçdy. ''Mars-3'' onuň üstüne ilkinji bolup pessaý gondy.
✓ Marsyň kanallary
Italiýaly astronom Skiaparelli tarapyndan beýik garşydadurmada açylan kanallara meňzeş jaýryklar. Şol wagtdan soň ''Megerem ol ýerde durmuş bardyr, ol kanaldyr, olary Marsda ýaşaýanlar guran bolaýmasynlar?'' diýen çaklama Loweli tarapyndan orta atylýar. Soňky, Ýerden goýberilen serişdeleriň kömegi bilen alnan maglumatlara görä, hakykatdan hem, guran derýanyň çaýyna meňzeş jarlar bar.
✓ Deýmos
Mars Planetasynyň (Myrryhyň hemrasy. ''Deýmos'' sözi elhenç diýen manyny berýär. Ony 1877-nji ýylda amerikan astronomy A. Holl açýar. Marsdan 23500 km beýiklikde hereket edip, bir aýlawy 1,26 günde tamamlaýar, diametri 16 km-e golaý.
✓ Mars planetasynyň hemrasy. Ol 9400 km beýiklikde hereket edip, Marsyň töwereginde ýykdyzlara görä 7 sagat 39 minut 27 sekuntda bir aýlanýar. Onuň uzynlygy 28 km, ini 20 km. Ol 1877-nji ýylda amerikan astronomy A. Holl tarapyndan açylýar. Fobos Gorky manysyny berýär. Emeli hemranyň beren maglumatlaryna görä, onuň üstündäki bar bolan uly Stikni krateriniň giňligi 10 km-e ýetýär. Stikniden dürli taraplara gidýän jaýrylmalar, megerem, meteoritleriň gaçmagy zerarly emele gelendir diýlip çak edilýär.


Hojamuhammet MELÄÝEW.

''SYRLY ÄLEM'' kitaby.
Aşgabat. Ylym 2004.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 14-06-2021, 22:54

  • TrustORG TrustORG off № 1 15 июня 2021 00:47
    Mars iyesim geldi indi??
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 2 15 июня 2021 06:16
    @TrustORG, Mars şakalat janyňy alsyn. Kelläni doýur ýat tutda bulary! ?
    Jogap
  • Abaddon Abaddon off № 3 15 июня 2021 08:51
    Duyn telewizordada cala eshidip galdym marsda yashayysh bar diyen yaly etdiler
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 4 15 июня 2021 10:48
    <p><b>Abaddon</b>,&nbsp; &nbsp;dogrydyr...</p>
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler