Ýyldyz ýaly bolup görünýän, ýyldyzlaryň arasynda hereket edýän, emma Gün Älemine degişli bolan kiçi planetalar. ''Asteroid'' sözi ''ýyldyzlara meňzeş'' diýmekdir. Ilkinji açylan we iň uly asteroid Sereradyr. Ony Italiýaly astronom Piasii 1801-nji ýylyň Türkmenbaşy /Ýanwar/ aýynyň 1-ne açýar. Onuň diametri 940 km-e barabar. Asteroidler esasan hem Mars bilen Ýupiteriň aralyklarynda hereket edýärler. Halkara kiçi planetalar merkeziniň berýän maglumatlaryna görä, 2003-nji ýylyň Ruhnama /Sentýabr/ aýynyň 12-sine çenli hasaba alnan asteroitleriň sany 69229-a ýetdi. Kiçi planetalaryň içinde Ýere golaýlaşýany, hatda onuň orbitasynyň içine girýänleri-de bardyr. Olaryň käbirlerine Apollon topary diýilýär. Olaryň içinde Ýere iň golaý aralyklara geleni 1981-nji ýylyň WA atly asteroididir. Onuň ululygy 9 metrdir. Amatly şertlerde ol Ýere 170000 km golaýlaşýar. Ol edil gara kömür ýalydyr. Ikar bilen Faeton bolsa Güne iň golaýlaşýanlardyr. Ikar Güne Merkuriden hem ýakyn aralyga gelýär.
✓ Asteroidler halkasy
Mars bilen Ýupiteriň aralygynda hereket edýän iňňän kiçi planetalar üýşmeleňlerini döredýän, halka meňzeş bölegi. Tisius - Bodeniň düzgünine laýyklykda, ol ýerde Gün Äleminiň Marsdan soňky 5-nji planetasy bolmaly. Emma onuň deregine şol aralykda müňlerçe kiçi planetalar hereket edýärler.

Hojamuhammet MELÄÝEW
SYRLY ÄLEM

Aşgabat. Ylym-2004.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 14-06-2021, 23:12

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler