Dünýäde aňlardan aňlamaz kändir.
Magtymguly
Soňky döwür durmuşymyzda Yslam dininiň gowşamagy bilen birlikde jemgyýetimizde ahlak sypatlarynyň hem gowşamagyna getirdi. Adamlaryň arasyndaky birek-birege bola ynam, sylag-hormat, goldaw-hemaýat azalyp,diňe özüňi bilmek,bar zatda özüňi üstin tutmak ýaly häsiýetlerimiz ösdi. Näme üçin ? Sebäbi adamlar Alla jelle jelalehuwy ýeterlik bilmeýärler,onuň özümize buýran zatlaryny etmeýärler,gadagan eden zatlaryndan saklanmaýarlar,onuň bimöçber ylymy bilen biziň her bir herekedimizi, her bir içimizden eden pikirimize çenli bilip durandygyna düşünenoklar,sebäbi adamlaryň özleri dinlerini öwrenmeýärler. Allaha we dine baha berenlerinde Kurany Kerime ýa dini kitaplara daýanyp däl-de il içinde mollaçylyk edip ýören adamlara seredip şolara görä baha berýärler. Bir tanşym aýdýar " Men Alla ynanýan,ýöne mollalara ynanamok"—diýýär we öz kellesine gelşiçe ýaşap ýör. Eger Alla ynanýan bolsaň Allaň diýenlerini etmeli, gaýtaran zatlaryndan gaçmaly,özüne molla diýenler hem Allatagalaň buýrýan zatlaryny aýtsa etmeli,ters zat etse ýa aýtsa oňa gulak asmaly däl. Adamlaryň ozleri dinini owrenmänsoň dini işleri etmek üçin zeruryk ýüze çykýar (Adam ölende jaýlamak we sadakalarynda oturyp aýat-töwir okamak ýaly işler),onsaň bu zerurlykdan käbir adamlar peýdalanyp çalak-çulak din öwrenip "mollaçylyk" edip başlaýarlar. Adamlar onsaň şol mollalaryň edýän işine seredip dine baha berýärler. Hamala ol molla bar dini özleşdirip,dini öz atlaryna geçiren ýaly. Ýöne aslynda beýle däl. Molla bolmak üçin birnäçe aýat-süräni özüňçe ýat tutup,käbir dogany öwrenmek ýeterlik däl (Şeýle "mollalar" hem köp,arapça tejwit(Kuran Kerim okamagy dogry öwrenmek) hem geçmedik). Onuň üçin birnäçe ýylyňy gidirip arap ýazuw gramatikasyny, dinden başlangyç we soňraky imana we fykyha (Diniň amallarnyň inçeliklelerni öwrenýän ylym) kitaplaryny öwrenmeli. Pylan molla eýdip ýör,beýdip ýör ondan meniň namaz okaman we hiç zatdan gaýtman ýörenim gowudyr diýmeli däl. Adama ahyretde "Hany göreli sen şul adamdan gowulygyň nähilikä"—diýilmez. Ilki imanyňy barylarlar,soňra namazyňy,soňra orazaňy,soň hüşür-zekadyňy,ata-eneňe we garyndaşlaryňa bolan gatnaşygyňy,haram-günä işlere bolan gatnaşygyňy,sadaka we beýleki haýyrly işleriňi seljererler.
Şonuň üçin Allatagalany bileliň,din-imanymyzy, ybadatymyzy öwreneliň . Haýsy amal sogaplarymyzy köpeldip,imanymyzy ýagtyldýar,haýsy amaly etsek,ýa haýsy sözi diýsek kapyr edýär. Haýsy işi nädogry etsek bar ybadatymyz haýp bolýar şony öwreneliň.
Dindar—bu,ýaşuly bolaňda namaz okap,toý-sadakalara gatnap güniňi geçirmek däl.
Dindar—Allatagalaň buýranlaryny edip,gadagan edenlerinden saklanýan adam. Ata-enesini we beýleki garyndaşlaryny goldaýan,hiç wagt ýalan sözlemeýän,aýdan sözünde tapylýan,mydama dogryň tarapyny tutýan,gybat etmeýän,ýaramaz zatlardan we işlerden gaçýan,mätäje kömek berýän,haram edilen zatlardan gaçýan,ulyny sylap,kiçä hormat goýýan we beýleki gowy ahlak sypatlaryny özünde jemlän adamdyr. Sebäbi hakyky dindar adam mydama barja zady ýokdan bar eden Allatagalanyň özüni görüp durandygyny oňa hasap bermeli boljakdygyny örän aýdyň bilip dur.
Dostluk.ru
@Chary kaka
Dünýäde aňlardan aňlamaz kändir. Magtymguly
Bilim,
yyldyz
tarapyndan
18-06-2021, 16:00