Ilkinji globus, onuň döreýiş taryhy.
Ýeriň kiçeldilen modeli, onuň üst ýüzüniň doly şekilini görkezýän globusdyr, latyn dilinden “globus”- ‹‹şar›› diýmekdir. Globusyň kömegi bilen Ýeriň öz okunyň daşynda aýlanmagyny, ýer okunyň orbita tekizligine ýapgytlygynygöz öňüne getirmek bolýar. Esasysy globusda biz planetamyzyň ýer ýüzüniň kiçeldilen görnüşine seredip bileris.
Antik ýazyjylaryň eserlerinde ýatlanyp geçilýär ýagny, gadymy grek filosowy Krates Malosskiý, Aristoteliň şägirdi we Pergam kitaphanasynyň saklaýjysy, entek b.e. öň II asyrda şar görnüşde Ýeriň modelini taýýarlapdyr. Şol modeliň özi, onuň hiç bir şekili hem biziň döwrümize çenli ýetmändir, ýöne şol globusy gören adamlar aýdypdyrlar “ Krates şarda diňe gury ýeri çekipdir, ony deňiz diýip atlandyrylýan kesişýän derýalar bilen böleklere bölüpdir…” B.e. I asyrynda ortaaziýaly alymy Beruni Horezmyň gadymy paýtagty Kyýat şeherinde doglan globusyň asyl nusgasyny taýynlapdyr, şol döwüre laýyk gelýän ýer şary barada has takyk maglumatlary görkezipdir. Alymyň, globusy döredişi barada özi aýdyp beripdir: “Men ilki bilen ýerleriň we şäherleriň atlaryny hem-de aralyklaryny anyklamakdan başladym, syýahat edip gelenleriň we şol ýerleri görenleriň aýdyp berişine görä. Öňürti ol materialaryň ähtibarlygyny barladym we ähli maglumatlary deňeşdirip ätiýaçlyk çärelerini geçirdim.” Gynansakda ol globus hem biziň döwrümize çenli gelip ýetmändir.
Şonuň üçin ilkinji,ähli saklanyp galynan globuslardan iň gadymysy, diametri 54 sm bolan şar görnüşli ýeriň modeli hasaplanylýar, nemes geografy syýahatçy we matematik Martin Behaým tarapyndan 1492 ýylda döredilen, häzirki wagtda Nýurinberg şäheriň muzeýinde ýerleşýär. “Ýer almasynda” Behaýmyň aýdyşy boýunça, (Ýeriň nusgalaryna globus diýip soňra aýdyp başlapdylar), Ýer ýüzi baradaky gegrafiki düşünjelerini Täze Dünýäň açyşynyň öň ýanynda, II asyrda ýaşap geçen gadymy grek alymy Ptolimeýiň dünýä kartalaryndan alynan maglumatlara esaslanyp suratlandyrypdyrlar. Döräp başlandan soň globuslar, anyk kartografiki şekilleri görkezýän we alymlar bilen deňizçileriň arasynda uly isleg bildirýänleri üçin hökümdarlaryň köşklerinde, ministrleriň kabinetlerinde, ýönekeý Ýewropanyň tanymal jaýlarynda aň-bilimiň nyşany bolup peýda bolup başlapdyr. Esasanam, Amsterdamyň Blau ussalary tarapyndan ýasalan, Gollandiýanyň globuslary giňden ýaýrapdyr.Ýer şarynyň daşary ýurt modelleriniň biri hem 1664 ýylda nemes alymy Adam Olşlegel tarapyndan taýýarlanylan diametri 311 sm bolan Gottorp globusy bolup durýar. Häzirki zaman globuslarynda ilkinjilerinden tapawutlykda, şondan bäri açylan täze ýerleriň şekilleri döräpdir, funksional peýdalanyş usulyndan mekdep okuwçylary üçin görkezme esbap görnüşine geçirildi.
XIII a. tehnikanyň we ylymyň ýeke-täk ýadygärligi diametri 3 m 10 sm bolan uly akademik globusy bolýar. Onuň daşky ýüzünde Ýeriň kartasy ýerleşdirlen, içinde bolsa ýyldyzly asman. Globus demir okda berkidilen, aşaky bölegi pola daýanýar, ýokarky bölegi bolsa ýörite saklaýjylar arkaly zalyň diwarlaryna berkidilýär. Globusyň içinde onuň okunda oturgyçlar we stollar gurnalan. Bu ýere bir wagtda 10-12 adam sygýar. Ýörite mehanizmiň kömegi bilen globus okunyň daşyndan aýlanýar, içinde oturan tomaşaçylar gozganmaýan oturguçlarda oturyp ýyldyzlara seredip bilýärler. Ol globus Leningratda L.M. Lomonosowyň muzeýinde saklanýar.
Häzirki wagtda globuslaryň dürli görnüşleri ýasalýar globus-lewitron, elektromagnit globuslar, globus-lewitron kitabyň üstünde gaýýan. Ol globuslaryň aýratynlygy antigrawitasiýanyň täsiri astynda giňişlikde saklanýarlar. Lewitirlenýän elktromagnit globus – bu globus giňişlikde hiç bir zada galtaşman gaýýar ýaly elektromagnit meýdan döredýän enjam. Şonuň üçin globus öz okunyň daşynda Ýer Güniň sistemasynda aýlanyşy ýaly aýlanýar.
Ilkinji globus
Bilim,
Abaddon
tarapyndan
19-06-2021, 10:36