Tomiris /Tumar şa/ Sak-massagetleriň zenan patyşasydyr. Tomiris hakyndaky açyk maglumatlar Gerodotyň Taryhy eserinde giňden ýazylypdyr.
Massagetleriň hökümdary dünýeden öteninden soň onuň şa aýaly Tomiris tagta geçýär. Pers hökümdary Kir oňa ilçi ýollap Tomirise öýlenmek isleýändigini bildirýär. Tomiris bu töwellany kanagatlandyrmaýar. Massagetleriň etraplaryna eýe çykjak bolýan Kiriň bu syýasaty başa barmaýar. B.e.öňki 530-njy ýylda Kir /Kirius, Kuroş, Guruş/ Massagetleriň üstüne çozýar we basyp almak isleýär. Ol goşuny bilen derýadan gämileriň üsti bilen köpri gurup geçýär. Şol ýerde hem harby lager gurýar. Tomiris onuň gelerine garaşman özi herekete geçýär we Kiriň üstüne çozýar. Bu söweş Massagetler bilen Persleriň arasyndaky gandöküşikli aýylganç söweş bolandygyny antik taryhçy Gerodot belläpdir. Söweşde massagetler ýeňýär. Uruşda Tomiris Kiriň kellesini kesip ganly meşige salyp ''Al gandan doý'' diýipdir. Şeýdip Tomiris Kiriň 29 ýyllyk patyşalygyny soňlandyrýar. Tomiris şeýle diýipdir: ''Men Dünýäde diri galsamam sen meni ýitirdiň. Men saňa aýdypdym, gan içirerin. Indi al gana suwsan gözleriň gandan doýsun!''
Tomiris zenanyň hökümdarlyk eden wagtlarynda Ahamenitler aýry etraplarda Derbentden, Şirwana çenli Azerbeýjan topraklarynda gurulypdy. Massagetler öňler Midiýa döwletiniň golastynda eken. Soňra Pers Ahamenitler Türki kowumlarynyň häkimiýetini ýykandan soňra Massagetler Persleriň agalygyna girmezden aýry döwlet bolup galypdyrlar...




@Jeksparro

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 22-06-2021, 21:44

  • Jeksparro Jeksparro off № 2 22 июня 2021 22:46
    Нежная леди,

    и тебе тоже...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler