Salat üçin gerekli önümler:
1.Sogan
2.Bulgar
3.Pomidor
4.Hyýar
5.Zeýtun
6.Geçi peýniri
7.Ikrop,Petruşka
8.Zeýtun ýagy
9.Duz
10.Limon suwy
Ilki bilen Sogany soýup, inçe ýarym aý şeklinde kesmeli sogan ulanaňyzda (gyzyl sogan ulanmagy maslahat berilýär). Soňra pomidorlary we hyýarlary ýuwup olary uly dötburç görnüşde dogramaly (kubly et görnüşinde).
Bulgarlary hem arassalap inçe halka görnüşde dogranyňyzdan soň duzlyja geçi peýnirini ýagny (Brinzany) hem dörtburç (Kub) görnüşde dogramaly . Salat tabagyna pomidor, hyýar, sogan we bulgary guýup çepmçe bilen garyşdyrmaly . Üstüne dogralan peýniri we zeýtuny sepelemeli.
Saladyň sousyny taýýarlamak;
Limon suwuny, duzy we zeýtun ýagyny ownuk tabaga geçiriň we vilka bilen garmaly. Salat üçin taýýarlan sousuňyzy dogralan saladyň üstüne döküň we otlary sepip, saçagyňyza alyp bilersiňiz.
Klassiki grek saladynyň taýýarlanylşy
Täzelikler,
Guldesse
tarapyndan
26-06-2021, 11:45