“Täsin ykbally” dünýädeşimiz
Takyk ýedi gezek uly heläkçiligi başyndan geçirendigine garamazdan, olardan sag -aman halas bolan Frane Selak atly dünýädeşimiz dünýä metbugatynda «täsin ykbally» diýlip atlandyrylýar. Horwatiýanyň Zagreb şäherinde ýaşap, 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda aýdym-saz mugallymlygyndan hormatly dynç alşa çykan F.Selak 1962-nji ýylda Bosniýadan Dubrownige gidýän otluda mahaly otly relsden çykyp, birnäçe wagon derýa gaçýar. Şol sanda Selagyň münen wagony hem suwa gaçýar. Netije-de, 17 adam heläk bolýar, onuň bolsa diňe eli döwülýär.
Bu wakadan bir ýyl geçensoň, gahrymanymyz Zagreb şäherinde «DC-8» kysymly uçara münýär. Uçuş mahalynda uçaryň gapysynyň duýdansyz açylmagy netijesinde, 20 adam bilen birlikde Selak hem uçardan gaçýar. 19 adamyň heläk bolan bu ahwalatynda onuň ýeke özi saman topbagynyň üstüne düşüp, halas bolýar.
1966-njy ýylda bolsa onuň münen awtobusy köprüden suwa gaçýar. Frane bu heläkçilikden hem sag-aman çykýar.
1970-nji ýylda ol özüniň ýeňil awtoulagynda ýol-heläkçilik hadysasyna duçar bolýar, has takygy, ulagynyň hereketlendirijisine ot düşüp, ulagy ýanýar. Emma Frane ulagdan daşyna çykmagy başarýar. Şuňa meňzeş heläkçilik üç ýyldan soň ýene gaýtalanýar. 1995-nji ýylda bolsa ony Zagrebiň köçeleriniň birinde awtobus kakýar.
Bu wakadan bir ýyl geçip-geçmänkä, daglyk ýolda özüniň dolandyrýan ýeňil awtoulagy bilen başga bir ýük awtoulagynyň çaknyşmagy netijesinde, Selagyň ulagy gaýadan gaýdýar. Şonda ol bir agajyň üstüne gaçyp, janyny halas edýär, emma awtoulagynyň ýanmagynyň öňüni alyp bilmeýär.
Frane Selagyň durmuşynda «Aý, ýog-a!» diýdirjek beýleki bir ahwalatam şeýle: ol ömründe ilkinji gezek lotereýa oýnap, ondan uly möçberde utuş gazanýar. Ol «Bagt baýlykda däl» diýip, ähli gazanjyny dostlary bilen paýlaşypdyr.
Selak öz durmuşynda bolup geçen wakalar barada şeýle diýýär: «Meniň ahwalyma iki hili garap bilersiňiz. Men ýa dünýäniň iň şowsuz adamy, ýa-da iň şowlusy. Men ikinjiniň dogrudygyna ynanýan».
Ýene-de bir bellemeli zat, 2004-nji ýylda bir firma Selaga reklama surata düşmegi teklip edip, ony Awstraliýa çagyrypdyr. Ilkibaşda bu teklip bilen ylalaşanam bolsa, soňra ol mundan boýun gaçyrypdyr. Sebäbi Zagrebden Sidneýe uçar bilen gitmeli eken. Frane Selak bolsa öz şowlulygyny synagdan geçirmek islemändir. File engine/modules/thanks.php not found.