A.Eýnşteýniň beýnisi
albert eýnşteýnAlbert Eýnşteýn, 1955-nji ýylda aprel aýynyň 17-ne, 76 ýaşynda gögüs hassalygy bilen Amerikanyň New Jersey(Nýu Jerseý) welaýatyndaky Prinston hastahanasyna girýär. Emma beýik fizik bu hassalykdan halas edilmeýär we ertesi gün irden Arterýa damarynyň ýarylmagy sebäpli aradan çykýar. Ölümiň yz ýanyndan, Eýnşteýniň jesedini ölüminiň name sebäpden bolandygyny anyklamak üçin lukmançylyk barlagyna salýarlar.
Bu iş bolsa türkmençe hastalyklar bilimi manysyna gelen potologiýa lukmany Doktor Tomas Harweýe ynanylýar. Doktor Tomas Harweý, bütün dünýäniň sylagyny gazanan ylymly adamdy. Bu adam Eýnşteýni barlamak hakyndaky özüne bildirilen ynam üçin begenýärdi. Bu lukman barlag geçirende potologiýada edilmeli zatlaryň daşyna çykýar, ýagny potologiýada edilmeli däl zatlary edýär. Doktor Tomas Harweý Albert Eýnşteýniň beýnisini çykarýar we beýnini köp gezek surata düşürýär yzyndan bolsa beýnini 170 bölege bölýär. Eýnşteýniň beýnisiniň agyrlygy 1230 gramdy (1kg 230 gr). Doktor Harweý beýnini böleklere bölensoň, yzyna goýmagyň deregine ony içi formaldehit (aldegitleriň iň pes görnüşidir) doly gaba salyp öýüne äkitýär we stolunuň aşagyna goýýar. Mundan daşary Eýnşteýniň gözlerini hem hiçkimi habardar etmän çykarýar we Eýnşteýniň göz lukmany bolan Genri Abramysa berýär. Albert Eýnşteýniň beýnisi we gözleri bolmadyk jesedini KREMOTORÝADA(jesetleriň ýokary dereje gyzgynlykda ýakylýan ýeri) ýakmak üçin maşgalasyna berýärler.
Tomos Harweý, öz habarlarynda Eýnşteýniň kelle beýnisi üçin onuň maşgalasyndan rugsat alandygyny habar berse-de, onuň işiniň asyl manysy başgady. Harweýiň köne mugallymy we Albert Eýnişteýniň hususy lukmany Doktor Garry Simerman Eýnşteýniň beýnisini ony lukmançylyk barlaglaryndan geçiren Harweý barlaglarda kelle çanagy kesip çykaranlygyny we ol beýniden özüne hem Harweý tarapyndan beriljekligini habar berýär. Doktor Garri, Doktor Harwiden aljak beýni bölejiklerine aldanyp begenjinden New York Times gazetinde Eýnişteýniň beýnisi hakynda makala ýazýar. Alynan beýni hakynda habarsyz Eýnşteýniň maşgalasy bu habary okansoňlar jesediň ýetmezçilikli ýakylanlygyna gynanýarlar. Eýnişteýniň ogly Hans Albert gaharyna barlag geçirilen hassahana gitýär. Hans ol ýerde hassahananyň başlygy bilen esli wagt dawalaşansoň kakasynyň beýnisini ylym üçin barlaglara bermekligine mejbury ýagdaýda rugsat bermeli bolýar. Prenston hassahanasynyň başlygy Doktor Harweýiň rugsatsyz eden işi üçin gaharlanýar. Hassahananyň başlygy Harweýe Eýnşteýniň beýnisini maşgalasyna bermelidigini aýtýar, emma Harweý beýnini alanyndan soň Eýnşteýniň maşgalasyndan alan rugsadyny bahana edip beýnini yzyna bermeýär. Doktor Harweý rugsatsyz işi üçin kän wagt geçmeden öz işinden mahrum edilýär. Işden kowulan Harwe Eýnşteýniň beýnisi bilen Filadelfiýa hassahanasyna barýar. Ol bu ýerde bir adamyň kömegi bilen beýnini has hem kiçijek bölejiklere jemi 240 bölege bölýär. Az wagtdan soň Harweýiň durmuşunda başga bir kynçylyk hem ýüze çykýar. Harweýiň gelini (aýaly) stoluň aşagynda duran Eýnişteýniň beýnisini zyňjaklygy barada aýdandan soň Harweý beýnini alyp Kanzas welaýatyna göçýär. Tomos Harweý, 1990-njy ýylda 40 ýyldan hem uzak wagt bir niýet bilen elinde saklan Eýnşteýniň beýnisini Eýnşteýniň agtygyna bermegi ýüregine düwýär. 78 ýaşyna gelen Doktor Tomos Harweý beýniniň hekaýasyny ýazmak isleýän Mikaýyl Paterniti atly ýazyjy bilen Jerseýden Eýnşteýniň agtygynyň ýaşaýan Kaliforniýa welaýatyna gitýärler. Emma Eýnşteýniň agtygy Ewelin babasynyň(atasynyň) ýarym ýüz ýyldan geçen beýnisini kabul etmegi kän islemeýär. Netijede beýni ýenede Harwi bilen yzyna dolanýar.
Tomos Harweý 2007-nji ýylda ölmänkä elindäki beýniniň galan uly bölegini Prenston Uniwersidetindäki potologiýa lukmany bolan Doktor Eliot Kaussa berýär. Ondan soň Eýnşteýniň meşhur beýnisi 2010-njy ýylda Amerikanyň Merilend welaýatyndaky HALKARA SAGLYK WE MEDISSINA MUZEÝINDE saklanmaga başlanýar. Häzirki wagtda hem Beýik fizik Albert Eýnşteýniň beýnisi şol muzeýda saklanýar.
+++
Täzelikler,
- Dani
tarapyndan
7-07-2021, 16:05