Ata we ene
Bir gezek şeýleräk sowal berdiler:
"Dünýäde mukaddes iki zat näme?"
Pikir edip, jogap gözläp durmadym,
Jogap berdim: "Olar - ata we ene".
Ýene-de şeýleräk sowal berdiler:
"Dünýäde mukaddes iki kelime..?"
Jogap berdim: "Beýik Taňrydan soňra
Bu iki kelime - ata we ene".
Soň-soňlar ýene-de sowal berdiler:
"Iň uly ejizlik düşdi kimlere?"
"Öz balasy özüne el göterse,
Iň ejiz adamlar - ata we ene".
Soňra bolsa hiç kim sowal bermedi,
Emma welin jogap berdim men ýene:
"Ynsanlar, bu uly Dünýäň manysy
Iki sözde, olar - ata we ene".
"Dünýäde mukaddes iki zat näme?"
Pikir edip, jogap gözläp durmadym,
Jogap berdim: "Olar - ata we ene".
Ýene-de şeýleräk sowal berdiler:
"Dünýäde mukaddes iki kelime..?"
Jogap berdim: "Beýik Taňrydan soňra
Bu iki kelime - ata we ene".
Soň-soňlar ýene-de sowal berdiler:
"Iň uly ejizlik düşdi kimlere?"
"Öz balasy özüne el göterse,
Iň ejiz adamlar - ata we ene".
Soňra bolsa hiç kim sowal bermedi,
Emma welin jogap berdim men ýene:
"Ynsanlar, bu uly Dünýäň manysy
Iki sözde, olar - ata we ene".
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
2 комментария