Suratda Muhammet bin Abdylwähhäp...
Muhammet aleýhyssalamyň :''Nežd ýudundan Şeýtanyň şahy çykar'' diýip welilik bilen aýdyp giden hadysy-şerifiniň hakykata öwrülendigine taryh şaýatdyr. Şol Şeýtanyň şahy diýilip hasap edilýän Muhammet bin Abdylwähhäp 1703-nji ýylda Arabystan ýarym adasynyň Nežd etrabyndaky Diriýe töwereklerinde eneden dogulýar. Kakasy häzirki döwürdäki Saud şalar maşgalasynyň neberebaşysy bolupdyr. Ýaşlygynda Selefiýýe akymynyň üstünde işleýär we şol ýoly saýlap alýar. Töweregindäki taýpalar bilen gatnaşyklar açýar we kabylanyň şefi bolýar. Ýegeni Diriýe Emiri Muhammet bin Suud bilen birlikde Bedewilerden we Ikhwan ady dakylan Hajylary talamak bilen gün görýän Araplardan ybarat bolan dügünsiz, başybozuklardan goşun toplaýar we kabylalaryň agzyny birleşdirýär. Şonluk bilen hem ilkinji Saudi Döwleti gurulýar. Osmanly türkmen döwletine garşy söweşe başlap 1792-nji ýylda 90 ýaşynda dünýeden ötýär. Onuň ýerine bolsa Diriýah şazadasy Muhammet ibn Saudi Osmanly Imperiýasyna garşy duýdansyz söweşi başladýar. Gysga wagtyň içinde 1801-njy ýylda Şygalaryň keramatly mekany Kerbelany talaýarlar. Mekge we Medinäni eýelemek üçin gandöküşikli söweşleri başladýarlar we 1517-nji ýyldan bäri Hijaz topraklaryny elinde saklan Osmanly 1802-nji ýylda bu ýerleri elinden gidirýär. Osmanly Zend dinastiýasy bilen söweşe girendigi üçin Arabystana goşun birligi ugradylmaýar. Bu pursaty bahanalan Ibn Saud goşunlaryny günorta çekdi we Ýemen-Omman ymamlygynyň üstüne bardy we tutuş Arap ýarym adasyny tabynlygyna salýar.
Dürli tarapdan duşmanlaryň hüjümine we içki ýykgynçylyklara sezewar bolan Osmanly döwleti kyn ýagdaýy başyndan geçirýärkä Müsür welaýatyny agalygynda saklaýan Kawalaly Mehmet Aly Paşşanyň ogly Tosun Paşşa bu ýykgynçylygy basyp ýatyrmaklygyň hötdesinden gelmek üçin bellenilýär...
Şeýdip Osmanly-Saudi söweşleri başlaýar we Tosun paşşa gysga wagtyň içinde Arabystany Osmanly imperiýasynyň häkimýetine salmagy başarýar. Saudiler gündogar-günorta çekilýärler. Yz ýany bolsa ikinji Saudi döwletini gurýarlar. 1981-nji ýylda Osmanlynyň goldawyndaky El Reşid döwleti ikinji Saudi döwletini ýykýar.
Birinji Jahan urşy we beýleki içki garyşyklyklar netijesinde Hijaz patyşalygy we Nežd soltanlygy orta çykýar.
Bu garşylyklara Iňlis jansyzy Arabystanly Lorens sebäp bolupdyr. Sebäbi Beýik Britaniýa agentligi Osmanly döwletini bölmek we musulmanlary agzala etmek üçin elinden gelenini gaýgyrmadykdy.
Hijaz patyşalygy we Nežd Soltanlygy, Osmanla garşy aýaga galan Abdulaziz El Saud tarapyndan kynlyk bilen birleşdirilýär we 3-nji Saudi döwleti gurulýar. Bu döwlet häzirki döwrümizdäki Saud Arabystan ady bilen bilinýändir.
Selefilik häzirki döwürdäki Saud Arabystandaky resmi mezhep ýoludyr. Häzirki Saudy Patyşasy Salman bin Abdulaziz el Sudidyr. Şazada bolsa Soltan bin Abdul Aziz Al-Sudidyr. Maşgalasy Muhammet bin Abdylwähhäbiň neslindendir.
Häzirki döwürde yslam dinine gara tegmil bolup galan Wähäbistler akymy şol ters ýol bilen gelýändir. Olaryň aýdanlaryndan, edýänlerinden habardar bolup çagalaryňyza duýduryň. Sebäbi ýaşlaryň arasynda bir döwürler şol wähäbistleriň yzyna düşüp ene-atalaryny kyhlaýan, ölüleriň ýasyna gatnaşmaýanlar köpelipdi. Ölüniň üçüni, ýedisini, kyrkyny bellemeýän maşgalalar köpelipdi. Ölä aýat okamagy kiçilik bilýän wähäbistler toparyndan çagalaryňyzy-garyndaşlaryňyzy goraň!!!
Taýýarlan: @Jeksparro
Wähhäbistleriň akymy we Muhammet bin Abdylwähhäp
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
31-07-2021, 22:41