''Planetamyzdan daşarda, töwereklerimizde ynanyp bolmajak şekildäki kosmiki medeniýetler kändir. Olar her dürli şekile girip bilýärler. Aslynda biziň bilýän düşünjelerimize görä maddanyň ýokdugyny bütin süňňüm bilen duýýäryn. Madda ylymsyzlygymyzdan çeşmelenen bir ilbuziondan başga hiç zadam däldir. Şol sebäpdenem olar /başga planetalylar/ bize her dürli şekillerde görünýärler. Bizi ürkütmezlik üçin has tanyş, kabul edip boljak şekilde gorünýärler. Meselem men 2008-nji ýylyň Bahar aýlarynyň soňlarynda kesellänimde olary kiçeňiräk gyzyl reňkli jandarlar keşbinde gördüm. Saglygyma gowuak üçin aýratyn ybadathananyň iç diwarlaryndan olary şeýle suratlandyrypdym. Wanga üçin bolsa olaryň bir kysymly yşyk nokatjyklarydy. Pullar bilen gaplananlary hem bardy.
Bütin beýleki medeniýetler biziň bilen aragatnaşyk saklamak üçin dyrjaşýarlar. Edil kiçijek çaga bilen suratlaryň üsti bilen dil tapyşjak bolşumyz ýaly, bize ekin meýdanlarynda şekiller çyzyp görkezýärler, şol surat şekilleriniň üsti bilen özlerini düşündirmäge synanyşýarlar we Taňrynyň söýgüsine ýakynlaşmagymyz üçin bize ellerini uzadýarlar. Olaryň ýeke-täk maksady bize kömek etmekdir. Hiç hili erbetlik, nejislik olarda ýokdur...
Renan SEÇKIN
''GITLERIŇ WE KGB-niň YZARLAP GEZENI BILGIÇ WANGA'' kitabyndan...
Başga planetalylar
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
1-08-2021, 10:20