François Žozeppe Naweziň çeken portreti.
(Hajar we ogly Ysmaýyl, Arap çölünde)
Gurban baýramy diýilende, ilki bilen ýadyňa düşýän zat ''Ybraýym pygamberiň ogly Ysmaýyly gurban etjek boluşy'' hakyndaky kyssalary göz öňüne gelýär. Ysmaýyl pygamber Ybraýym pygamberiň iň uly ogludyr...
Ysmaýyl adynyň asyl köki ybrany dilinden gelip çykypdyr. ''Ýisma'' diýmek duýmak, bilmek ýa-da eşitmek diýen ýaly manyny aňladýar. ''Elisa'' sözi bolsa Taňry ýa-da Ýaradan diýen manyny berýär. Bu sözleri jemläp aýdanymyzda ''Taňry bilýär'', ''Taňry bildi'' diýmekdir. Ybraýymyň ogluna bu ady goýmaklygynyň sebäbi Töwratda getirilşine görä ''Taňra uzak wagtlap perzendiň dünýä gelmegi üçin doga etmegi, Allatagalanyň bolsa Ybraýymyň dogasyny eşidip oňa perzent bagş etmegidir.
Töwratda we Kuranda berilýän maglumatlara görä Ysmaýylyň kakasy Ybraýym pygamberdir. Ejesiniň ady bolsa Hajardyr. Yslam dininde bolsa Zebihatulla, ýagny ''Allanyň gurbany'' diýilýär we Yslam dininde Muhammet pygamberiň atasy Ysmaýyldyr.
Ybraýym 86 ýaşyndaka gyrnagy Hajardan ogly Ysmaýyl dünýä inipdir. Soňra bolsa Ybraýym 100 ýaşyndaka 90 ýaşly aýaly Saradan ýene bir ogul dogulýar. Adyna-da Yshak dakýarlar/Tekwin:17:17-27/
Yslam çeşmelerine görä Ybraýymyň uly ogly Ysmaýylyň nesli häzirki Arap milletiniň emele getiripdir. Keramatly Töwratdaky maglumata görä Ybraýym öz aýaly Hajary we Ysmaýyly häzirki Ürdün töwereklerine /Paran/ ugradypdyr. Ysmaýyl pygamberiň neberesi şol ýerlerde ýaşapdyrlar. Ürdün, Arabystan we günorta Edoma barypdyr.
Yslam ynanjyna görä Hajar bilen Ysmaýyl häzirki Mekgäniň ýerleşen ýerine gelýärler we Zemzem çeşmesi Ysmaýyl pygamberiň aýagyny uran ýerinden çykypdyr. Soňra Ybraýym bu ýere gelip Ysmaýyl bilen birlikde Käbäni bina edýärler. Soň Ybraýym pygamber Allanyň synagy boýunça Ysmaýyly gurban etmeli bolýar. Haçanda Ybraýym pygamber ýiti pyçagy Ysmaýylyň bogazyna dirände Alla tarapyn Ybraýyma goç görünýär.
Kuranyň keramatly aýatlary bu hakda şeýle habar berýär: ''Eý Rebbim! Maňa salyhlardan boljak bir perzent ber. Bizem ony ogul bilen müjdeledik. ''Çaganyň ýöremeli ýaşyna ýetende Ybraýym oňa: ''Oglum, men düýşümde seni bogýandygymy gördüm. Pikirlen hany bu nämekä!?'' diýdi. Ol bolsa: ''Kakajan, emr edilen zady ýerine ýetir. Nesip bolsa meni sabyr edenlerden bolaryn'' diýdi. Soňra ikisi hem boýun egdiler, Ybraýym hem ony ýüzün ýatyryp oňa, şeýle diýdik: ''Eý Ybraýym! Gören düýşüňi ýerine ýetirdiň. Şübhesiz biz gowulyk edýänleri şeýle derejelendireris''. ''Şübhesiz bu ap-açyk bir imtyhandyr'' Biz /Ybraýyma/ ulydan gurbanlyk ýetdirip ony halas etdik. Soňky geljekler arasynda oňa gözel bir at galdyrdyk. Ybraýyma salam bolsun'' /Saffat süresi: 100-107./
Ybraýymyň Ysmaýyl bilen birlikde Beýtullanyň esasy diwarlaryny beýgeldip şeýle ýalbarandyklary wagty: Rebbimiz, bizden gelen nyýazlary kabul et; sen, hawa sen, Semisiň, hemme zady gaty gowy bilersiň; Alymsyň, her zady gaty gowy bilersiň/Bakara süresi: 127 a./
Kuranda Ysmaýyla; çünki ol wadasyna Sadyk bir guldy we ugradylan bir pygamberdir. Maşgalasyna we töweregindäkilere namaz kylmagy we zekat bermegi emr ederdi we Rebbiniň gatynda hoşnutlyga gowuşupdy /Merýem süresi 54-55 a./
''Rebbimiz hakykatdanam men, perzentlerinden bir bölegini beýti haram ýakynyndaky ekini bolmadyk bir jülgä ýerleşdirdim. Rebbimiz dop-dogry namazy kylsynlar diýip /şeýle etdim/, şeýlelikde sen, adamlaryň bir böleginiň kalplaryny olara üns berer ýaly et we olary bir bölek paýdan ryzklandyr. Belkäm şükür ederler'' /Ybraýym Süresi: 37 a./
On iki ogul we bir gyzy bolan Ysmaýylyň perzentleri:
Nebaioth (Nabit)
Kedar (Kaýdar)
Abdeel (Izil/Indbl)
Mibsam (Mesma/Rama)
Mişma (Mişa)
Dumah (Duma)
Massa (Mas, Mäş)
Hadad (Ezer/Ezür)
Tema (Tamýa)
Jetur (Katura)
Naphiş (Kafes)
Kedemah (Kaýdman)
Mahalath ýa-da Başemaz (Basma)
Taýýarlan: @Jeksparro
Ysmaýyl pygamber hakynda
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
1-08-2021, 19:36