Dünýäde ençeme çözülmeýän syr bar bolsada, köpüsiniñ laýyk geläýjek açyklamasy bar. Ýöne şeýle bir gizlin wakalar bar, hatda ynanmagam kyn. Hemme aýdylanlar, pikirler, çaklamalar syrynyñ sähel çözülmesine hem ejiz gelýär. Olaryñ biride Dýatlow geçelgesi. Köpüñiz bilýänsiñiz. Hakynda ençeme çaklamalar, ençeme gürrüñler edildi. Filmleri düşürildi. Ýöne syry 60 ýyl bäri intägem çözülenok. Indi näme üçin beýle gizlinkä, näme üçin syry intägem çözülenok, şo wagt näme bolup geçdi, hemme zatlar şu ýazgyda, çaýyñyzy taýyn edeniñizden soñra ýazga geçeliñ.
Hany onda mundan 61 ýyl yza gideliñ.
Ýyl 1959, howa sowuk, Russiýanyñ sowuk uruş ýyllarynyñ gyzyşyp duran wagtlary. Russiýa ençeme gizlin ýada gizlin däl barlaglar geçirip, hemme Dünýä tanadyp dur. Kosmos işleri, syýasy işler, ýarag güýçleri, hemmesi bir ýaryş halynda.
1959 njy ýylda, gyşyñ ortaralarynda 10 sany talyp, Ural daglaryna gezmäne çykdy. 27 nji ýanwarda ýola düşdiler.
Ertesi gün toparyñ bir agzasy Ýuriý Ýudin, rahatsyz bolandygyny aýdyp, yzyna gaýtdy. 2 - si gyz, jemi 9 kişi, öz ölümlerine barýandyklaryny bilenoklardy.
Igor Dýatlow, toparyñ baştutany, 23 ýaşynda, Ýuriý Doroşenko, 21 ýaşynda, Lýudmila Dubinina, 20 ýaşynda, Ýuriý Kriwonişenko, 23 ýaşynda, Aleksandr Kolewatow, 24 ýaşynda, Zinaýda Kolmogorowa, 22 ýaşynda, Rustam Slobodin, 23 ýaşynda, Nikolaý Brignoles, 23 ýaşynda we Semýon Zolotarew, 38 ýaşynda. Semýondan başgasy ýaşajykdy. Topar 23 nji ýanwarda, bir wagona mündiler, mundan soñra bir awtobus bilen ýollaryny dowam etdiler. 27 nji ýanwar, toparyñ iñ soñky görülen wagty boldy.
23 nji ýanwarda topar ýatylýan ýeri bolan otly bilen ýola düşüpdiler. Aralarynda 8 erkek we 2 aýal bardy. Birinden başgasyndan galany 20 we 24 ýaş aralygyndady. 38 ýaşynda bolan Semýon Zolotarew, 2 nji Jahan urşyna gatnaşan bir esgerdi. Toparyñ giden wagtlarynda ýazan günlük depderleri we düşüren suratlary bardy. Iñ ýaş agza bolan Dubinina, günlük depderlerini ýazypdy. Ine şu ýazgylardan biri :
"Wagonda, mandarin ogurladyk, aýdym aýtdyk, bir serhoş biziñ ýanymyza gelip, arak çüýşesini ogurlamak bilen günäkärledi. Eger çüýşäni bermesek, topardaky hemme erkekleriñ dişlerini dökjekdigini aýtdy. Ýöne hiç zady subut edip bilmedigi üçin, çykyp gitmäne mejbur boldy. Biz aýdym aýtmana dowam etdik. Soñra söýgi barada gürleşdik. Esasy öpüşmek barada"
Topar ýazgylaryny kiçiräk bir poçtadan goýberipdiler. Günlüklere görä talyplar, şo ýerde ýaşaýan daýhan maşgalalar bilen gyzykly gürrüñler edipdi. Filmler hakda gürleşmekden lezzet alypdylar. Şo gije, bir ýatakda ýatan iñ soñky gijeleridi. Ertesi gün torbalaryny ýeñselerine atyp, şo ýerdäki taýpalaryñ aw edende ulanýan yzlaryny yzarlap ýola dowam etdiler. Ýöne bu gezelenç içlerinden birinin taşlap gaýtmasy ýaly kyndy. Ýuriý Ýudiniñ psihologik gaharlary, köp ýöremesine rugsat bermedi. Ýuriý Ýudin goşlaryny topardaky agzalara paýlap, öýüne gaýtdy. Ýudin muña gaty gynanypdy. Ýöne bu hereket bilen, gorkunç syrly ölümden halas bolupdy. Ýuriý Ýudin, durmuşynyñ iñ dogry kararyny beripdi. Ýudin topardan çykandan soñra olar ýene daglara tarap ýola düşdiler. Topardan Zinaýda we Doroşenko, bir wagtlar söýgülidi. Zinaýda günlük depderine "Özümi rahatsyz duýýan, onuñ bilen birlikde, ýöne birlikde däl" diýip ýazypdy. Zinaýda öñki gezelençlerinde, aýyny kowalap ýören Doroşenka aşyk bolupdy.
Bu gezelenç 3 hepdede dynmalydy. Toparyñ baştutany bolan Igor Dýatlow (Wakanyñ ady şu ýerden gelýär) 12 nji fewralda, gezelenji gutarandan soñra, şäherdäki bir sport merkezine hat ýollama sözi beripdi. Hat gelmedigi üçin başda hiç kim rahatsyz bolmady. Sebäbi öñ erbet howa sebäpli giç gelen wagtlary bolupdy. Ýöne 20 nji fewralda toparyñ maşgalalary rahatsyz bolup ugrady, we köp çydap bilmän ulylara habar berdiler. Uniwersitet, islegi boýunça kabul eden talyplardan gözleg topary düzip, giden topary tapmalary üçin ugratdylar. Şu wagtlar 80 ýaşlarynda bolan Mihail hem gözleg toparynyñ içindedi. Ençeme kiçi böleklere bölünen gözleg toparynyñ içinden çadyry ilkinji tapan hem Mihaildi.
Gara bürenen Dýatlow çadyry
Dýatlow çadyry ilkinji tapylan wagty
Çadyry görenlerinde köp bölegini eýýäm gar basypdy. Çadyryñ içinde bir gyrada düzülip goýulan el torbalary, we ädiklerini gördüler. Ýollaryny görkezen bir karta, azyrak pul we arak çüýşesi hem bardy. Bulardan başgada iýmek üçin taýynlanan, ýöne iýmäne wagt tapylman duran ýaly bir bölek et bardy. Şo wagt, çadyryñ içinden daşaryk ýyrtylyp açylandygyny gördüler. Käşgä howlugyp daşaryk çykan ýalydy. Ýöne näme üçin ? Bu soragyñ jogabyny pikirlenip durkalar garşylaryna çykanlar has elhençdi. Çadyryñ sähel daşynda, 8 - 9 kişiniñ aýak yzlary bardy. Bularyñ biri aýak ýalañaç, bir bölegi joraply, ýene bir bölegi diñe bir aýagyna ädik geýen kişileriñ yzlarydy. 5 - 10 metr giden bu yzlar, birden kesilýärdi. Mihail we dostlary, haýranlykdan ýaña doñup galdylar. Talyplary minus 20 ° - da, howanyñ doñduryjy sowuklygynda, ýarym ýalañaç we howlukmaç garyñ ortarasyna çykaran zadyñ nämedigini bilesi geldi. Derrew yzlaryna gidip galan topara, tapan we gören zatlaryny aýtdylar.
Indi biraz gepi kesip, meşhur barlagçylaryñ çadyrda eden barlag hasabatyna seredeliñ. Çadyr üçin taýynlanan hasabat gaty gereklidi, sebäbi çadyrda gaty gerekli bir sorag bardy. Çadyryñ çykylýan ýerinden añsat çykyp bolýarka, toparyñ agzalary näme üçin içinden daşaryk kesip çykdylar ? Edilen barlaglar we analizleriñ netijesinde, nädip ýyrtylandygy we çadyryñ ýyrtylyş şekli barada hasabat taýynlandy. Şo wagtlaryñ iñ soñky tehnologiýaly mikro kameralar bilen gaty ünsli barlandy. Barlag netijesine seredemizde, çadyr gaty berkdi, we çadyryñ hiç kynçylyk çekmeden, añsat şekilde kesilendigi bilindi. Netijelere görä bu bir adam üçin kyndy. Gaty berk, üstüne ençeme berk matalar bilen gysylyp gaty gowy edip taýynlanan bu çadyry añsat, kynçylyk çekmän kesmek mümkin däldi. Muny kesmek üçin bir çakgydan ýiti enjam gerekdi. Işiñ elhenç tarapy bolsa, toparyñ hiç birinde bir çakgy hem ýokdy. Umuman çadyrdaky iñ uly sorag şu, näme üçin içinden daşa kesildi ?
Indi geleliñ galan ýerimize, Mihail talyplaryñ ýiteninden 1 aý soñra çadyry tapanynda, çadyr dagyñ depesinden diñe 300 metr uzakdady. Ine Mihailiñ açyklamasy :
"Bir çadyr gardan ýokary çykýardy, matanyñ ýokarsynda el çyrasy (fonar) durdy, we haýran galaýmaly şekilde işleýärdi. Ertesi gün 27 nji fewralda, ilkinji jesetleri tapdym, bir agaja ýakynlaşyp barýarkam, 20 metr añyrda mele reñkli nokat gördim, agajyñ sag tarapyndady. Ýakynlaşdygymça, o ýerde 2 jesediñ bardygyny bildim. Elleri gyzyl we mele aralykdaky reñkdedi. 8 kişiniñ aýak yzy bolan diñe joraply we bir ädikli aýak yzlar tokaýlyga tarap dowam etýärdi. 500 metr añyrda yzlar ýene gar bilen ýapylýardy. Tokaýa girilýän ýerdäki agajyñ aşagynda ýanyp kül bolan odunlar we Ýuriý Kriwonişenko hem Ýuriý Doroşenkonyñ jesetleri tapyldy. Ikisindede diñe iç eşikleri we jorap bardy. Çadyrdan gaçmana köp wagtlary bolmadygy üçin, eşiklerini we ädiklerini geýmäne wagtlary bolmandy. Aýdylmagyna görä odunlaryny ýanyndaky agajyñ 5 metr ýokarsyndan goparyp alypdylar. Odun üçin agaja çykdyklary aýdylýar welin bu o diýen mümkin däl, ýöne başga gözlegçiler olaryñ topardaky başga agzalary görmek üçin çykandyklaryny aýtýar. Doroşenkonyñ sol aýagynda ýyrtylan balagy bardy, ýyrtyk bir jorap geýipdi. Ädigi ýokdy. Mañlaýynda 1.8 santimetr gök yzlar bardy. Iñ esasy gizlin zatlardanam biri şu, burnunyñ ujy ýokdy. Ýagny bilip kesilipdi we ýitipdi. Gulaklary doñandy, gözleriniñ gyralarynda we başga ýerlerinde uly ýaralar tapyldy. Her iki elindede uly ýaralar bardy. Sol eliniñ aýasynyñ arkasynda, gopan bir kiçi dersi bardy, bu dersi aýrylandy. Soñra bu dersiniñ dişleriniñ arasyndadygy bilindi. Ýagny bir şekilde öz elini dişländiginden şübhelenýärler. Ölüm sebäbi bolsa doñup ölüpdi. Dişleriniñ arasyndaky dersi üçin bolsa anyk bir düşündiriş tapyp bilmediler. Dýatlow geçelgesinde tapylan ilkinji jesetler Doroşenko we Kriwonişenkodyr. Bularyñ ölümi adaty hasaplandy, ýagny doñup ölüpdi. Olaryñ doñup ölendigi kabul edildi. Işiñ elhenç tarapy bolsa, eşikleri, soñra bilindi, dostlary tarapyndan çykarylypdy. Gulaga erbet gelip biler ýöne Sibirýanyñ bir hakykady. Özüñizi ýyly tutmasañyz derrew ölersiñiz. Şo sebäpli jesetleriñ ölenden soñ eşikleri alynypdy. Ýöne köp gözlegçiler bularyñ dostlary tarapyndan intek dirikä bilinip edildigi aýdylýar. Ýagny ol ikisini ölümine taşlap gitdiler.
Soñra çadyr bilen agaçlaryñ arasynda ýene 3 jeset tapyldy. Igor Dýatlow, Zinaýda kolmogorowa we Rustam Slobodin. Bular biri - birinden 150 metr uzaklykda tapyldy. Köp kişi şu soragy berýär, näme üçin çadyra bile gitmek barka, onuñ garşysyna şu sowukda aralarynda uly bir ýol goýyp öli tapyldylar ? Bu ýöremän ylgadyklary manysyna gelýär. Ýuwaş ylgan iñ yzda galýarka, çalt ylgan iñ öñdedi. Sorag şu, näme üçin gaçýardylar ?
Igor Dýatlowyñ başy açykdy, geýinişi erbet däldi, geýiminiñ üstünde taýýan ýene bir geýimi bardy. Ädigi ýokdy. Bir aýagynda 2 jorap bardy, soñ eýleki aýagyny goramak üçin ony çykardy. Ýanynda Zinaýda Kolmogorowanyñ bir suraty bardy. Elindäki sagat 5:31 - i görkezende doñupdy ýada döwlüpdi. Ölüm sebäbi, doñmak diýip ýazyldy. Soñra başda yza gaýdan Ýuriý Ýudin, uzyn elli geýimiñ özüniñkidigini aýtdy. Ýuriý muny Doroşenka beripdi. Çadyrdan çykjak bolanda Igoryñ aljyrap şuny geýdigi aýdylýar. Ýada Igor, Doroşenko öleninden soñra bu geýimi çykardy we özi geýdi. Zinaýda eýlekilerden has gowy geýnipdi. Iki şapkasy uzyn elli iki sany eşigi we ýene ýyrtyk kiçiräk geýimi bardy. Zinaýda üstü - üstüne 3 eşik geýipdi. 3 sany jorap geýipdi. Ädigi ýokdy, endamynyñ köp ýerinde doñma, gök yzlar, uly ýaralar kesikler we çyzyk yzlary tapyldy. Munyñam ölüm sebäbi doñmak diýip bellenildi.
Rustam Slobodiniñ barlag hasabatynda kellesinde döwük yzlary we ganamalar bolandygy ýazyldy. Bu işiñem elhenç tarapy döwükleriñ daşardan dälde, içinden döremesi, ýagny bir basgy bilenmi ýada urgy bilenmi belli däl. Süñkleri içinde daşyna döwülipdir. Muña garamazdan Slobodiniñ hem ölüm sebäbi doñmak diýip ýazyldy. Işiñ elhenç tarapy bolsa eşiklerinde ýekejede çyzyk ýok, ýöne endamynda belli çyzyklar we ýaralar bar. Eýleki 4 sany jesedi tapmak gaty köp wagt geçdi. Zolotarew, Dubininanyñ şapkasyny geýipdi. Dubinina bolsa Kriwonişenkonyñ ýüñ eşigini geýen halynda tapyldy.
Zolotarewiñ jesedi 2 şapkaly we ençeme geýim bilen tapyldy. Sowukdan ölmedigi açyk mälimdi. Gaýta tapylan ýeri boldugyça ýyly ýerdi. Endamynyñ aşaky böleklerinde hem geýimleri gowudy aýagynda el bilen ýasalan ädik bardy. Tapylan ýerinde ony ýyly tutmak üçin şu eşikleri ýetikdi. Boýnunda bir kamera bardy. Ýöne ereýän suw içindäki lenta zyýan edeni sebäpli kameradan bir zat tapylmady.
Zolotarewiñ we Dubininanyñ ýaralanmasy gaty erbetdi. Aýry ýerlerde tapylan 2 jeset şo bir ýerlerinden ýaralanypdy.
Gapyrgalarynda birden köp döwük bardy. Şu ýeri ünsli okañ, bu döwükler daşyndan urlan bir urgy bilen dälde, içdäki bir urgy bilen daşyna dogry döwülipdi. Iki gözi oýulyp çykypdy we ýerinde ýokdy. 5 sany gapyrga döwügi bardygy bilindi. Gaty uly ýaralar tapyldy. Bu ýaralaryñ bolan ýerinde süñkler daşyna çykypdy, ýada çykardylypdy ? Iñ ajy ölümleriñ birine duçar bolan Zolotarewdy. Dubininanyñ eşikleri hem gowydy. Doñmakdan goramana eşikleri ýetýärdi, hem ölüm sebäbem doñmak däldi. Zolotorew bilen ýaralanmada aýrylyk görkezýän ýeri, Dubininanyñ dili ýokdy. Goparylypdy we ýitipdi. Edil şeýle dodaklaram ýokdy. Zolotorew ýaly 2 gözi oýulyp çykarylypdy. Sag gapyrgasynda 4 döwük, çep gapyrgasynda 6 döwük bardy. Edil Zolotorew ýaly, daşyndan gelen urgy dälde, içinden dörän bir urgy ýada basgy bilen, gapyrgalary döwülipdi. Ýagny gysgaçasy endamy ýarylypdy. Indi bu zatlar nädip boldy ? Ine şu soragyñ şo günden bäri jogaby ýok. Ýene bir elhenç bolan zat, 4 jesediñ geýiminde edilen gözlegde, adatdan daşary radiasiýa bardygy bilindi. Ýöne ne çadyrda ne şo ýerde hiç radiasiýa ýokdy. Muña garamazdan 4 kişiniñ geýiminde radiasiýa bölekleri bardy.
Ýuriý Kriwonişenkonyñ kamerasynda başda düşürlen 2 sany surata seredeliñ. Bu 2 sany suratyñ syry intägem bilinenok, ine Ýuriniñ ölmänkä düşüren iñ soñky 2 suraty.
Barlagçylar 2 - 3 sany näbelli jisimiñ çalt hereket etdigini, we arka bölekde galan yşygyñ bolsa şo jisimiñkidigini aýtýar. Eýleki suratda bolsa uly ýarylma bolany açyk görülýär. Toparyñ 50 km uzaklygyndaky dagçylar bolsa şo gün üýtgeşik reñkde jisimler gördügini aýtýar. Soñra munyñ Re - 7 Semýorka atly roketa barlagy boldugyny aýtdylar. Muñam nä derejede dogrydygy belli däl. Wakanyñ bolan ýerinde üýtgeşik bir metal bölegi tapyldy. Metalyñ suratlary düşürildi ýöne bu metal barada belli bir resmi açyklama edilmedi. Bu wakany KGB has garaldyp ençeme zadyñ üstüni ýapjak boldy, sebäbi wakada radiasiýa bardy we bu döwlet meselesidi. Şo sebäpli birden gözlegler durdy. Elbetde bu bir çaklama. Ýöne bu çaklamany aýakda tutan bir sebäp bar. Radiasiýa 27 nji maýda tapyldy, 28 nji maýda bolsa barlaglar durdy. Bu radiasiýanyñ tebigy bolmadygyny aýdanlar boldy ýöne ol rapor ýapyldy. Işiñ has elhenç tarapy, şolardan başga aýak yzy ýokdy.
Indi hemme zatlar, bu ölümler nädip boldy ? Näme üçin çadyr içden daşa ýyrtylypdy ? Bir belli zat bar, topar bir zatdan gaçyp barýardy. Ýöne nämeden ? Näme üçin beýdip elhenç şekilde öldüler ? Näme üçin eşiklerinde radiasiýa tapyldy ? Bu zatlaryñ jogaby intägem tapylanok
Dýatlow geçelgesi
Täzelikler,
Azat
tarapyndan
2-08-2021, 17:54