Halk ara­syn­da «Dil bi­len – il ge­zer», «Bir dil bi­len – bir adam, iki dil bi­len – iki adam», «Dil baý­ly­gy – il baý­ly­gy» ýa­ly dil bi­len bag­la­ny­şyk­ly bir­nä­çe na­kyl­la­ra duş­mak bol­ýar. Adam­za­dyň ýa­şaý­şy di­li bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Dil adam­la­ryň ara­syn­da dü­şü­niş­mek gu­ra­ly bo­lup hyz­mat ed­ýär. Dil bi­ziň özü­mi­zi we gaý­ry zat­la­ry aň­lat­ma­gy­my­za kö­mek ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mek üçin bir­nä­çe müm­kin­çi­lik bar. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, il­ki bi­len ola­ryň kyn­lyk de­re­je­si­ni bil­mek mö­hüm­dir. Kä­bir di­li öz­leş­dir­mek aň­sat bol­sa-da, kä­bi­ri has çyl­şy­rym­ly bol­ýar. Tä­ze bir di­li öw­ren­me­giň aň­sat­ly­gy ýa-da kyn­ly­gy di­ňe bir onuň gram­ma­ti­ka­sy ýa-da söz baý­ly­gy bi­len däl, eý­sem, bi­ziň di­li­mi­ze meň­zeş­li­gi ýa-da däl­di­gi bi­len hem bag­ly­dyr. Bu ma­ka­la­myz­da dün­ýä­niň iň kyn dil­le­ri­niň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­ma­gy ma­kul bil­dik:

Hytaý dili
Ko­reý we beý­le­ki kä­bir dil­ler bi­len bir ha­tar­da hy­taý di­li dün­ýä­niň iň kyn dil­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Se­bä­bi bu dil­de harp, şol san­da elip­biý bol­man, bo­gun­la­ry aň­lad­ýan müň­ler­çe iýe­rog­lif bar. Dil­çi alym­lar hy­taý­ça­ny aý­ra­tyn dil hök­mün­de öza­ra to­par­la­ra böl­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da klas­si­fi­ka­si­ýa­la­ryň kö­pü­si Or­ta Hy­taý­dan ge­len fo­ne­tik ösüş­le­re esas­lan­ýan 7-den 13-e çen­li esa­sy se­bit to­par­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar, ola­ryň ara­syn­da iň köp gep­le­şil­ýän­le­ri man­da­rin­çe (800 mil­li­on ýa-da 66%), min­çe (75 mil­li­on), Wu­ça (74 mil­li­on) we Ýue­çe (68 mil­li­on). Bi­ri-bi­ri­ne bag­la­ny­şy­gy bol­ma­dyk bu şa­ha­la­ryň bi­rin­de gep­le­ýän beý­le­ki­si­ne dü­şün­me­ýär. Ada­ty hy­taý­ça, esa­san, Hy­taý­da we Sin­ga­pur­da gep­le­şil­ýär.

Tai dili
Bu dil has köp «si­am» ýa-da «mer­ke­zi tai» ady bi­len ta­nal­ýar. Tai Tai­lan­dyň res­mi di­li­dir. Tai-Ka­dai dil maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan tai di­li çyl­şy­rym­ly ýa­zuw elip­bi­ýi we ala­mat­la­ry bi­len ta­nal­ýar.

Alban dili
Al­ba­ni­ýa­nyň we Ko­so­wa­nyň res­mi di­li bo­lan al­ban­ça Bol­ga­ri­ýa­da we De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýa Res­pub­li­ka­syn­da ýa­şa­ýan az san­ly al­ban­la­ryň ara­syn­da ula­nyl­ýar. Ir­ki dö­wür­ler­de Çer­no­go­ri­ýa­da, Ita­li­ýa­da we Gre­si­ýa­da ýa­şa­ýan ga­dy­my hal­ky­ýet­ler al­ban­ça gep­le­şip­dir­ler. Hin­di-Ýew­ro­pa dil­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li hem bol­sa al­ban­ça meň­zeş baş­ga di­liň bol­maz­ly­gy ony iň kyn dil­le­riň sa­na­wy­na gi­riz­mä­ge esas dö­red­ýär. Şeý­le-de bol­sa, bu di­liň söz aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­bat­da ne­mes we grek dil­le­ri­ne meň­zeş ta­rap­la­ry bar.

Ýapon dili
Ýa­po­ni­ýa­nyň da­şyn­da ýa­pon­ça gep­leş­ýän adam­la­ryň sa­ny juda az. Ýa­pon di­li Ýa­po­ni­ýa­nyň döw­let di­li­dir. Ýa­pon di­lin­de 140 mil­lio­na go­laý adam gep­le­ýär. Ýa­pon di­li al­taý dil maş­ga­la­sy­nyň dü­zü­min­de bo­lup, ol gram­ma­tik gur­lu­şy bo­ýun­ça aggl­ýu­ti­na­tiw dil­le­re de­giş­li­dir. Ka­ta­ka­na we hi­ra­ga­na at­ly iki bo­gun­ly elip­biý esa­syn­da öw­re­nil­ýän bu dil­de 2 mü­ňe go­laý iýe­rog­lif bar­dyr.

Wenger dili
Weng­ri­ýa­nyň res­mi di­li bo­lan wen­ger­çe Ural dil maş­ga­la­sy­na de­giş­li­dir. Slo­wa­ki­ýa­da, Uk­rai­na­da, Ser­bi­ýa­da we Ru­my­ni­ýa­da ýa­şa­ýan wen­ger­ler öz ara­la­ryn­da ene di­lin­de gep­leş­ýär­ler. Wen­ger di­li şi­we­le­re baý dil­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar.

Koreý dili
Koreý di­li Ko­re­ýa Halk-De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­sy­nyň we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň res­mi di­li­dir. Bü­tin dün­ýä­de 80 mil­li­on­dan gow­rak adam bu dil­de gep­leş­ýär. Ko­reý di­li­niň gram­ma­ti­ka­sy­ny we söz dü­zü­mi­ni kes­git­le­mek gaý­ry dil­de gep­le­ýän­le­riň kö­pü­si­ne kyn düş­ýär. Şol se­bäp­li ko­reý­çe dün­ýä­niň iň kyn dil­le­ri­niň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar.

Niderland dili
Bu dil, esa­san, Ni­der­land­lar­da, Bel­gi­ýa­da we Su­ri­nam­da gep­le­şil­ýän dil­dir. Hä­zir­ki wagt­da Aru­ba, Sint Mar­ten we Kýu­ra­sao­da res­mi de­re­je­si bar. Ýew­ro­pa­nyň we ABŞ-nyň köp ýe­rin­de-de ula­nyl­ýar. Ni­der­land di­li iň­lis we ne­mes dil­le­ri bi­len ýa­kyn­dan bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Pars dili
Pars di­li hin­di-ýew­ro­pa dil­le­ri­niň Hin­di-Eý­ran bö­le­gi­ne de­giş­li­dir. Ow­ga­nys­tan­da, Eý­ran­da, Tä­ji­gis­tan­da we Pars tä­si­ri bo­lan beý­le­ki ýurt­lar­da ula­ny­lyş ge­ri­mi ýo­ka­ry bo­lup, bü­tin dün­ýä­de 110 mil­li­on tö­we­re­gi adam bu dil­de gep­le­ýär.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Men sho tarapyndan 4-08-2021, 07:45

  • Şeker Şeker off № 1 5 августа 2021 12:46
    Like
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler