Pomidoryň adam saglygyna peýdasy. Gök önümleriň arasynda iň witaminli we adam saglygy üçin peýdaly bolan gök önümleriň biri hem pomidordyr. Ol özünde dürli tebigy witaminleri ýagny A, C, K, B1, B3, B6, B7 we demir, sink hemde magniý saklamak bilen adam bedenine oňaýly täsir edýär. Bulardan başga-da, pomidor öz düzüminde kaloriýalary, uglewodlary, suwy, proteinleri we duzlary saklaýar. Bir günüň dowamynda diňe pomidorly önümleriň arasynda iň witaminli we adam saglygy üçin peýdaly bolan gök önümleriň biri hem pomidordyr. Ol özünde dürli tebigy witaminleri ýagny A, C, K, B1, B3, B6, B7 we demir, sink hemde magniý saklamak bilen adam bedenine oňaýly täsir edýär. Bulardan başga-da, pomidor öz düzüminde kaloriýalary, uglewodlary, suwy, proteinleri we duzlary saklaýar. Bir günüň dowamynda diňe pomidorly iýmitleri iýmekligiň özi adam saglygyna peýdaly täsirleri ýetirmeklik bilen köp dürli keselleriň döremekliginiň öňüni alamaga uly ýardam edýär. Pomidor diňe bir adamda ýürek keseliniň döremek howpuny azaltmak bilen çäklenmän, ol iýmit siňdiriş ulgmyna we bagyra kömek edýär. Pomidor esasan hem ysmanak şiresi bilen garylyp içilen wagty iç gatamanyň hem öňüni alýar. Pomidoryň baý düzümi deridäki ölen öýjükleriň öňüni alamaga we düwürtikler bilen göreşmäge ukyplydyr. Käbir barlaglaryň görkezmelerine görä, bir günüň dowamynda içilen iki bulgur pomidor şiresi bedeniň derisiniň tiz wagtda gowulaşmagyna täsir edýär. Pomidoryň şiresi gandaky C witaminiň mukdarynyň artmagyna ýardam etmek bilen bedeniň immunitetini güýçlendirýär, bu bolsa stressiň döremeginiň öňüni alýar. Süňklerdäki kalsiý ýetmezçiligine hem pomidoryň edýän täsiri uludyr. Saçlaryň gowy öwüşgin atmagy we yumşajyk bolmagy üçin biziň gündelik iýmitlerimize K witamini gerek bolýar. Saçlarymyzyň çalt ösmegi we gür bolmagy üçin K witaminli pomidoryň şiresini içmeklik maslahat berilýär. Pomidor diňe saglyga peýdaly häsiýeti bilen tanalman eýsemde, naharlaryň islendigini bişirilende datly tagam berýänligi bilen hem gök önümleriň arasynda aýratyn orna mynasypdyr.
Internet maglumatlaryndan.
Göwniňize ýarasa like basmagy unutmaň!
Pomidoryň adam saglygyna peýdasy
Täzelikler,
Perishdejik
tarapyndan
8-08-2021, 09:41