Aloe şiresi


Aloe – beýikligi 4 metre ýetýän hemişe gök öwüsýän Afrikada ýetişýän ösümlikdir. Peýdaly häsiýetleri sebäpli aloe öýlerde has köp oturdylýar. Iň azyndan 15 sm uzynlygyndaky aloe ýapraklary dermanlyk çig mal hökmünde ulanylýar. Gyş-ýaz aýlarynda kesilen ýapraklar peýdaly aýratynlyklara eýedir.

Aloe şiresi witaminlere, fermentlere, kislotalara baýdyr, hemem Aloe ýapraklarynda we baldagynda allantoin, B witamini görnüşindäki tebigy antioksidantlar, C we E witaminleri, şeýle hem bedenimizde A witamine öwrülýän beta-karotin bar.

gurrun saglyk
Aloe şiresi halk lukmançylygynda giňden ulanylýar. Antibakterial, holeretiki, ýanmaga garşy we ýarany bejermek häsiýetleri bar, iýmit siňdiriş bezleriniň bölünip çykmagyny güýçlendirýär, işdäňi gowulaşdyrýar, immuniteti we bedeniň gorag aýratynlyklaryny ýokarlandyrýar. Zeper ýeten dokumalarda dikeldiş proseslerini güýçlendirýär.

Aloe şiresiniň taýýarlanyşy:
Şiräni taýýarlamazdan ozal azyndan bir hepde ösümligi suwarmaň;
Soňra iň uly ýapraklaryny seresaplylyk bilen kesip, üç-dört gün sowadyjyda goýmaly;
BELLIK! Aloe şiresini taýýarlamak üçin, iki ýaşyna ýeten ösümligi ulanmak maslahat berilýär.

Soň ýapraklary ýuwuň, et üweýji ýa-da blenderden geçiriň;
Alnan garyndyny marlynyň içine salyň we suwuny sykyp alyň!
BELLIK! Aloe şiresini arassa görnüşinde ulanmak zyýanlydyr. Bu allergiýa sebäp bolup biler.

Aloe şiresini taýýar ýagdaýa getirmek üçin ony suw bilen garyşdyrmaly. Has takygy, aloe şiresine belli bir mukdarda suw goşuň. 100 ml suw üçin diňe bir çaý çemçesi aloe şiresi ýeterlikdir. Soňra bal, şeker ýa-da beýleki ösümliklere garyp, öz isleýän tagamyňyza görä sazlap bilersiňiz.

Demir ýetmezçiligi we radiasiýa bilen baglanyşykly ganazlyk üçin düzüminde demir bolan aloe siropy (dermanhanada satylýar) günüň dowamynda 3 gezek 1 çaý çemçe içmeli.

Baha bermegi unutmaň!

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Perishdejik tarapyndan 8-08-2021, 17:17

  • Mähri Mähri off № 1 8 августа 2021 17:32
    like
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler