Iki gowy görüşýän (syrdaş) adamynyň öz aralarynda içki syrlaryny, duýgularyny, pikirlerini, etsem-goýsamlaryny bölüşmegine, paýlaşmagyna syrdaş gatnaşyk diýilýär. Syrdaş gatnaşykda begenç, goldaw, lezzet, dostluk we ş.m. duýgular peýda bolýar. Şu ýagdaýy uzak wagta çekdirmek uly meseleleriň biridir. Birek-biregiň gylyk-häsiýetini öwrenip, uýgunlaşylsa şu gatnaşyk hakykatdan hem müdimilige öwrülip biler. Şu gatnaşyk gyz bilen gyzyň, gyz bilen oglanyň ýa-da oglan bilen oglanyň arasynda bolup biler. Syrdaş gatnaşykda birek-birege ynam, wepalylyk, hakykylyk duýgusy bolmalydyr. Bu gatnaşyk edil bir söýgi hem, romantiki gatnaşyk hem däl. Syrdaşlyk situasiýalaýyn hem, uzak wagtlaýyn hem bolup biler. Şu gatnaşyk birtaraplaýyn bolanda ol uzaga çekmeýär. Syrdaşlyk köp şatlyk, begenç, guwanç duýgusyny berse-de, ol ömürlik bolman, üýtgäp durýar. Syrdaşlygyň elementleri:
* Näziklik – bu söýýän adamyňa döreýän ýagdaý bolup, köplenç birek-birege ynam dörände, şatlyk-gaýgy paýlaşylanda ýüze çykýar.
*Aç-açanlyk – bu syrdaş gatnaşygyň gözbaşydyr. Bu ýagdaý ýuwaş- ýuwaşdan birek-biregiň häsiýeti öwrenilenden soň ýüze çykýar.
* Ynam – syrdaşlygyň bir komponenti. Haçan-da, syrdaşlaryň pikiri, özüni alyp barşy özara gabat gelse, ynam has hem berkeşýär.
* Wepalylyk – syrdaşlygyň bir komponenti bolup, näzliligiň, aç-açanlygyň, ynamyň esasynda ýüze çykýar. Munda taraplar (partnýorlar) elmydama her hili ýagdaýlarda birek-birege goldaw berip durýarlar.
* Dogruçyllyk – bu syrdaşlygyň bir komponentidir. Bu häsiýet iki adamyň arasyndaky ynamy berkidýär.
Syrdaşlykda bir zady ýaşyrmak, ýalan sözlemekden näme-de bolsa gowrakdyr. Ýaşyrma syrdaşlyk gatnaşygyny gowşatmaýar. Ýalan sözleme welin, ony gowşadyp biler.
* Gaýgyny paýlaşma – bu birek-biregiň aladasyny, dünýägaraýşyny paýlaşmakdyr. Bu ýagdaý birek-birekden daşlaşmakdan, gyzmalykdan, oňşuksyzlykdan gorap saklaýar. Syrdaşlygyň päsgelçilikleri:
- çekinjeňlik – diňe bir syrdaşlyga päsgel bermän, eýsem beýleki gatnaşyklary- da kynlaşdyrýar.
- agressiwlik – özüniň agressiwligi sebäpli beýleki adamlary ürküzýär ýa-da gorag pozisiýasyny almaklyga mejbur edýär. Agressiw adamdan «Üstümden höküm sürer, meni guly eder» diýip, ýoldaşy heder edýär.
- men-menlik – şu häsiýetli adamdan töwerekdäkiler gaça durýar. Bu hili adam lider hökmünde iliň ünsüni özüne çekegen, özüniňkini öňe sürüp, ýoldaşyna gulak asman, onuňkyny inkär edegen bolýar.
- egoizm – men-menlik bilen syrdaşlyk gatnaşygyna has hem zyýan ýetirilýär. Egoistler «oýnap», mekirlik edip, töweregindäki ynanjaň, päk ýürekli adamlaryň üsti bilen öz bähbidini gazanýar.
- gaýgyny paýlaşyp bilmezlik – bu hili adam ýoldaşynyň garaýşyny, pikirini paýlaşyp bilmeýär ýa-da paýlaşmak islemeýär. Sebäbi ýoldaşynyň sözüni diňlemegi başarmaýar. Ýagdaýa şonuň gözi bilen seredesi gelmeýär.
- real (hakyky) däl zada garaşmak. Köp adamlarda syrdaşlyk barada ideal göz öňüne getirmeler bolýar. Şunlukda olar bolmajak ýa-da mümkin däl zada garaşýar. Netijede, syrdaşlyga bolan isleg gaçýar. Ondan sowaşýar, boýun gaçyrýar.
Ýokarda agzalanlardan başga-da, ýene birnäçe faktorlar syrdaş gatnaşyga päsgel berip biler: depressiýa, narkomaniýa, agyr somatiki keseller we ş.m. syrdaş gatnaşyga bolan gorky – bu ýygy duş gelýän ýagdaýdyr. Munuň esasy sebäbi, käbiriniň özüne bolan ynamsyzlygy, özüne pes baha berip, olarda: «Men mynasyp däl, men başarman, özüme erk edip bilmerin, şeýlelikde ýoldaşym meni taşlar» diýen gorky döreýär. Şonuň üçin hem syrdaş gatnaşykdan gaça durýarlar.
Hakyky däl syrdaş gatnaşyk (psewdoinitlik). Aşakdaky alamatlar bilen häsiýetlendirilýär:
1. Syrdaşlykda biriniň aladalarynyň we jogapkärçiliginiň köp bölegini beýlekisiniň üstüne atmagy.
2. Diýilýän zat bilen iş ýüzünde edilýän zadyň gabat gelmezligi.
3. Biri-birine bolan ynamsyzlyk.
4. Şu gatnaşykda bitaraplaýyn ýa-da fantastiki göz öňüne getirmeler.
5. Biriniň özüni egoistik alyp barmagy, şeýle-de, beýlekisiniň gyzyklanmalaryna ünssüz garamagy.
6. Birtarap ýagdaýda söhbetdeş bolmaklygy.
7. Biri-biriniň üstünden agalyk etjek bolup, biri-birine ýumuş buýrup, ol hem ýerine ýetirmese, biri-birini tankytlamagy.
8. Elmydama jedelleşip, dawalaşyp, netijede köp wagt, güýç sarp edip, meseläniň çözgütsiz galmagy.
Syrdaşlyk köplenç aýal maşgalalarda duş gelýär. Durmuşda gabat gelen adam bilen syrdaş gatnaşyk saklanylmaýar. Syrdaşlyk ruhy hem gylyk-häsiýeti, pikir- düşünjeleri deň gelýän adamlarda ýüze çykýar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, qwerty1 tarapyndan 10-10-2021, 01:40

  • Mona Songz Mona Songz off № 1 10 октября 2021 10:20
    Oooo gowy mawzuk like+++=
    Jogap
  • XYIVENIA XYIVENIA off № 2 10 октября 2021 12:37
    Sagbol awtor gowy tema. Men wertualda ozume syrdash tapdym ahli zadymy paylasyan realda hic kime aytmadyk zatlarymy hem sona aytyan men ona ynanyan bir sany syrdash dal iki sany syrdash tapyndym wertualda. Sol syrdash adamlarym ozleri biler kimi syrdash hasaplayanymy
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 3 10 октября 2021 16:06
    XYIVENIA,
    Hmm be tuweleme mena tapamok hali syrdaş
    Jogap
  • XYIVENIA XYIVENIA off № 4 10 октября 2021 16:17
    Цитата: Mona Songz
    XYIVENIA,
    Hmm be tuweleme mena tapamok hali syrdaş
    Menem derrew tapamok sayta girenime 1yyl bolup gelyar sol wagtyn arasynda synlap secip syrdash tapyndym esasy zat sen ona ynan we ol sana ynansyn aranyzda hic hili ters pikir bolmasyn in esasysy bir birinize uvazeniyanyz bolmaly
    Jogap
  • Mini Mini off № 5 10 октября 2021 18:52
    Menem tapmadym hali likee syrdas tapyp otyryp icimi doksedim likee
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 6 10 октября 2021 19:45
    XYIVENIA,
    Be ol aydyan syrdasyn herna gyzdyra
    Jogap
  • qwerty1 qwerty1 off № 7 10 октября 2021 19:54
    XYIVENIA,
    Zolotoy sozler✊??
    Mona Songz,
    Tocnymy
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler