Ýyldyzly asmanyň astynda

(Ylmy-fantastiki we psihologiki hekaýa)



1-nji bölüm

21-nji oktýabr 2022-nji ýyl. Anna. Sagat18:00.
Durmuş guranlaryna bary ýogy iki aý bolan ýaş är-aýal Arslan bilen Anora agşamlyk edinip otyrdylar. Arslan aýalyna romantiki gije wada beripdi. Ikisi şo barada gürleşýärdi. Bu gije ýaş är-aýal şäherden uzak ýyldyzly asmanyň astynda meteor ýagyşyna gözegçilik etmegi meýilleşdiripdiler. Arslan söýgüli ýary bilen ýyldyzlary synlamagy gowy görýärdi. Ol entek öýlenmedik wagty Anora bilen geçiren duşuşyklaryny ýatlaýardy. Olar ilkinji duşuşygynda hem ýyldyzlary synlapdylar. Arlsan höwesjeň astronomdy we ol ýyldyzlar barada köp zat bilýärdi. Ýaş juwanlar talyplyk ýyllary tanşypdylar. O wagtlar Arslan uniwerstitetiň fizika fakultetiniň talybydy. Indi ol okuwyny gutarypdy we mekdepde fizika we astronomiýa mugallymy bolup işlemegi planlaýardy.
Olar agşamlygyny edip boldular. Arslan ellerini ýuwdyda gerekli zatlary taýynlady. Anora bolsa stoluň üstündäki gap çanaklary ýygnaşdyrdy. Olar öýdäki ojuk-bujuk işlerini bolup, ulagda ýola düşdiler. Arslan ýany bilen bir teleskop we Nikon Coolpix p1000 fotokamerasyny alypdy. Ýolda olar ulagda aýdym diňleýärdiler. Anora pleýlisti işletdi. Murda & Ezhel - AYA atly aýdym faýly işe düşdi. Anora we Arslan "Dediki götür beni aya, aya..." diýip bu aýdyma hiňlendiler. Ol aýdym tamamlanandan soňra, pleýlistiň nobatdaky aýdymy Dado - Космонавты atly audifaýl işjeňleşdi. Bu aýdyma diňe Arslan hiňlendi. Sebäbi Anora ozal bu aýdymy diňläp görmändi. Arslan " Раз два три, далеко от солнца, от земли, Я кайфую, one two three, на моей ракете не кури..." diýip bu aýdyma hiňlenýärdi. Ýarym sagatlardan soň olar şäheriň daşarsyna çykdylar. Arslan awtoulagyny ozaldan astronomik wakalary synlamak üçin niýetläp goýan ýerine eltip duruzdy. Anora ulagdan düşip, ýere düşekçe ýazdy. Arslan bolsa ýanlary bilen getiren teleskopdyr fotokamerasyny düşürdi. Soňra bolsa teleskopyň detallaryny ýekeme-ýeke gurnady we teleskopy ştatiwe ornadyp mäkämledi. Ondan soňra fotokamerany hem özüniň ştatiwine berkitdi. Anora bolsa ýany bilen getiren birnäçe şemlerini ýakdy. Meteor ýagyşyna entäk irdi. Arslan bilen Anora düşekçede el tutuşyp, asmanda ýyldyzlary synlap ýatyrdylar. Asman asudady, ýyldyz synlamaga päsgel berýän bulutlar we ýagty saçýan dolan aý ýokdy. Häzir aýyň soňky fazalary dowam edýärdi, bu bolsa meteor ýagyşyny synlamaga has gowy şert döredýärdi. Aýyň dogmagyna entäk has köp wagt bardy. Sagat 22:20-ler töweregi gündogar gözýetimden Orion ýyldyzlar toplumy dogyp gelýärdi. Meteor ýagyşy şol ýyldyz toplumynda görünýärdi. Ýagny bu meteor akymy Orionidlerdi.
- Anora şemleri söndür, birazdan başlanýar - diýdi Arslan.
- Häzir ine - diýip Anora şemleri söndürdi.
Arslan teleskopyny Orion ýyldyz toplumynyň gyzgylt äpet ýyldyzy Betelgeýze tarapa bakdyrdy.
- Anora hana seret ýyldyzlar süýnip başlady. Bu juda ajaýyp.
- Hawa görýärin. Meteor ýagyşy meni haýran galdyrdy.
- Hanha Betelgeýze ýyldyzy, hol ýerde bolsa Orionyň kemeri üçýyldyz, ýagny asman ekwatory. Eger biz häzir ekwator çyzygynda bolsadyk biz üçýyldyzy dik depämizden synlardyk.
- Hawa hawa. Hol gök ýyldyz bolsa Rigel bolmaly.
- Hawa bu Rigel.
- Hol aşagyrakdaky asmanyň iň ýagty ýyldyzy Ýaldyrak, ýagny Sirius.
- Anora tüweleme sen ýyldyzlary tanap başlapsyň. Hol ýokarrakdaky Mars planetasy. Ol häzir Öküzçe ýyldyz toplumyndan Ekizler ýyldyz toplumyna bakan barýar - diýip, Arslan Nikon Coolpix p1000 kamerasyny Marsa bakdyrdy.
- Arslan Mars planetasyny men ilkinji gezek görýärin. Maňa Ekizler ýyldyz toplumyny görkezsenene. Joram Eneşiň ýyldyzyny görmek isleýän.
Arslan telefonyndan Star Walk 2 programmasyna girdi. Bu programma ýyldyzlary tapmak üçin niýetlenipdi. Arslan programmadan Ekizler ýyldyz toplumyny tapyp Anora görkezdi. Arslan, "Anora ine bu Ekizler ýyldyz toplumy. Sen muňa gowja seretde ony asmandan tapmana synanyş. Ony Orionyň depesinden gözle!" diýdi. Anora asmana seretdi we Ekizler ýyldyz toplumyny tapyp, "Hanha tapdym!" diýip buýsançly seslendi.
- Hany indi meniň ýyldyzymy tapalyla, Terezini?!
- Bagyşla welin häzir ony tapyp bilemzokda.
- Näme üçin?
- Seniň doglan güniňi özi ýakynda sowduk ahyryn. Sebäbi häzirki wagtda gün Terezi ýyldyz toplumyndan, Içýan ýyldyz toplumyna geçmegiň öňüsyrasynda. Kimdir biriniň bir ýyldyz toplumynyň astynda dogulmasy diýmek, aslynda Güniň şol ýyldyzyň çägindekä dogulmasy diýmekdir. Özem Astralogiýa, täleýnama biderek ýalan zatlar ahyryn.
- Hä düşündim indi sagbol.
- Orionidler meteor ýagyşyny synlamak üçin iň gowy gije bugündi. Meteor şousyny säheriň alagaraňkylygyna çenli synlarys. Soň öýe gaýdaly.
Arslan we Anora bir-birleriniň ellerini tutup meteor ýagyşyny synladylar. Arslan teleskopda, Anora bolsa fotokameradan synlaýardy. Anora kamerasy bilen birnäçe surat aldy. Birnäçe sagatdan soňra gaýdar wagtlary hem bolupdy. Arslan teleskopyny söküp, ýygnady. Anora hem kamerany ştatiwden aýyryp ýygnady. Olar ulaga mündiler. Indi şähere öýlerine tarap barýardylar. Birdenem asmanda güýçli ýagtylyk peýda boldy. Arslan ulagyny saklady. Olar ulagdan düşip, asmana seretdiler. Ýaňky ýagtylyk nähilidir bir uçar jisimdi. Ol başga planetalylaryň uçýan tarelkasyna meňzeýärdi. Ol näbelli uçar jisim Arslan we Anoranyň öňlerinde ýere gondy. Uçýan jisimiň gapysy açyldy. Ondan üç sany adampisint jandar düşdi. Olaryň boýlary juda uzyndy takmynan iki metrden sähel geçýärdi reňleri ýaşylymtyl we çalymtyl birtäsin reňkdedi. Elleri we barmaklary hem uzyndy. Edil köp filmlerdäki başga planetalylara meňzeýärdiler. Ortasynda duranyň eli boşdy. Gapdaldaky ikisiniň ellerinde biziň ýaraglarymyza meňzeş ýarag bardy.
- Salam hormatly ýerliler - diýdi ortadaky başga planetaly.
- Salam. Siz başga planetadan gelenlermi? diýip sorady Arslan.
- Hawa biz Laolabium galaktikasynyň Anwunium ýyldyz sistemasynyň Giangenium planetasyndan uçup geldik.
- Bäýbä... Siz biziň dilimizde juda ajaýyp gürlediňiz. Dilimizi nädip öwrendiňiz? Bu size kyn bolmadymy?
- Biz siz ýerliler barada ähli zady öwrendik. Siz ýerlilerde müňlerçe dil bar, olar şeýlebir aňsat. Gaýtam biziň Giang dilimiz juda kyn - diýip, başga planetaly nähilidir bir ýazyp bolmajak we terjime edip bolmajak sesler çykardy. Bu Giang dilidi. Dogrymy aýdaýyn men bu dile düşinemok. Oňa beýleki ýazyjy düşinäýmese. Bolýar bu zatlar hiç, wakanyň yzyny dowam edeli.
- Bäh bu siziň diliňizmi? Muny ýazyp hem bolmasa gerek?!
- Biziň siwilizasiýamyzda hat ýazuw ýok. Bar bolan bolsada müňlerçe ýyl ozal bardy.
- Siz onda bilimleriňizi nämä ýazýaňyz?
- Elbetde siziň täze tehnologiýalaryňyza meňzeş audio we wideo görnüşlerde ýazýarys.
- Täsin. Siziň galaktikaňyz nähili uzaklykda?
- Biziň Loalabiumymyz siziň Akmaýanyň ýoly galaktikasyndan milliardlarça ýagtylyk ýyly uzaklykda. Biziň galaktikamyz şeýlebir uzakda welin, entäk siziň teleskoplaryňyzda synlanylmady we galaktikamyz siziň astronomlaryňyz tarapyndan resmi bellige alynmady.
- Siziň galaktiňyz milliardlap ýagtylyk ýyly uzaklygynda bolsa, siz nähili ýol bilen uçup geldiňiz? Milliard ýyllyk uçyş sizi irizenokmy?
- Biziň uçar jisimlerimiz ikinji kosmiki tizlenmä ýaňy ýakynda ýetdi. Biz entäk ýagtylyk tizligine ýetemzok.
- Onda nähili ýol bilen geldiňiz? Siziň bu tizligiňiz bilen trillion ýyldada bu ýere gelip bileňizok ahyryn.
- Kosmosy bilýänsiň. Ol üç sany giňişlik we bir sany wagt ölçeginden düzülen. Biziň galaktikamyz bilen siziň galaktiňyz giňişligiň başga başga künjeginde bolmagyna garamazdan olar bir wagt koordinatasynda ýerleşýär. Biz şol sebäpli bu ýere gelmekde gurçuk deşen ýerlerden peýdalandyk.
- Eýnşteýn-Rosen köprüsini nazarda tutýaňyzmy? Türk dilinde muňa "solucan deliği" diýilýär.
- Hawa edil özi. Ol siziň diliňizde "gurçuk deşen ýer" hem diýilýär. Bu deşikler edil gara girdaplar ýaly kosmosy bükýär we älemiň başga nokadyna eltýär. Aslynda beýle deşikler fizik taýdan kosmosda duş gelenok ýöne biz ony emeli taýdan açmagyň tehnologiýasyny, ýagny kosmosy deşmäni öwrendik. Özem edil siziň teoriýanyzdaky ýaly oňa ,,Ekzotik madda" diýip at berdik.
- Gaty täsin. Siz gara girdaplaryň syryny çözüp bildiňizmi?
- Ýok entäk. Biziň siwilizasiýamyzyň ösüşi köp taraplaýyn siziňkä meňzeş. Kosmosy öwrenmekde entek siziň bilimiňiz bilen biz bir derejede diýen ýaly. Ýöne köptaraplaýyn sizden öňde gelýän taraplarymyz hem bar. Gara girdaplara gelsek, bizdede siziňkä meňzeş dürli teoriýalar bar. Iň populýar teoriýa görä gara tuneller parallel älemlere eltýän köpri bolmaly. Olar parallel älemlerde ak girdap görnüşinde duş gelýär. Ýöne biziň älemimizde entek ak girdaplaryň tapylmadygyna görä bu teoriýa ýalňyş bolubam biler. Ýöne pikirimizçe parallel älemler antimadda we antimateriýadan düzülen we bu teoriýanyň dogry bolmagy hem ähtimal.
Anora başga planetalylaryň we Arslanyň täsin söhbetine aňk-taňk bolup galypdy. Birnäçe wagtlap dymyp duran Anora ahyryn seslendi.
- Siz özi bu ýere näme maksat bilen geldiňiz?
- Bütin älem howp astynda. Biz sizden kömek soramaga geldik.
- Siz onda ýalňyş ýere geldiňiz. Siz alymlarymyzyň ýa-da döwlet işgärlerimiz ýanyna baryň - diýip Anora gaharly jogap berdi.
- Anora ýuwaş bol. Bulary soňuna çenli diňläli.
- Olardan hiç hili peýda ýok. Alymlaryňyz bizi özleriniň labaratoriýalarynda barlag edýärler, gynaýarlar. Syýasatçylaryňyz we harbylaryňyzam bizi alymlaryňyza tabşyrýar. Biz olar bilen geçirmekçi bolan aragatnaşyklarymyzyň ählisi netijesiz tamamlandy. ABŞ-nyň Newada ştatyndaky 51-nji bölümde biziň ugradan ilçilerimiziň içlerini ýaryp barlag edýäler. Uçar jisimlerimiziň tehnologiýalaryny öwrenýärler. Hälem biziň syýasatçylarymyz gahar-gazaba münenok. Egerde ýerlileriň bu etmişleri üçin olar gahara münäýseler beýik planetar urşyň başlanmagy mümkin. Bu iki tarap üçinem zyýanly. Onsoňam kosmosymyz howp astynda. Şol sebäpden biz ýönekeý adamlaryň arasyndan iň akylly adam bilen aragatnaşyga geçmegi makul bildik. Geçiren barlaglarymyz we testlerimiz netijesinde onuň sizdigini ýüze çykardyk jenap.
- Bähh. Älemde nähili howp bar beýle, bizden kömek sorar ýaly?
- Biz muny bilemizok. Biz ýönekeý ilçiler. Muny diňe alymlarymyz bilýär. Olar saňa garaşýar.
- Siz indi Arslany planetaňyza äkitmekçi bolýaňyzmy?
- Hawa bize onuň kömegi juda zerur.
- Biz size nädip ynanaly? Nirdedigiňiz anyk belli bolmadyk gelmişekler bolsaňyz?! - diýen Anoranyň juda gahary gelýärdi.
- Hanym howatyrlanmaň, älemi howpdan halas edenimizden soň gaýdyp geleris.
- Anora, mähribanym maňa seret! Bulara meniň kömegim gerek. Men elbetde gaýdyp gelerin.
- Hormatly gelmişeker. Men Arslan bilen ikiçäk gürleşjek. Bizi biraz wagt ýalňyz goýuň!
Başga planetalylar Anoranyň buýruk äheňli haýyşyndan soň olar uçar jisimine girdiler.
- Arslan men saňa bir zat aýtmaly.
- Anora sen maňa näme aýtmakçy?
- Nädip aýtsamkam... Sen ýakynda kaka bolýaň.
Arslan begenjine Anorany bagryna basdy we maňlaýyndan öpdi.
- Anora meni begendirdiň! Indi maňa rugsat ber men tiz wagtdan gelerin.
Anora gözlerini ýaşlandyryp "Çagamyz dogulmanka geljek bol!" diýdi. Arslan "Men elbetde gelerin" diýdi. Arslan we Anora hoşlaşdylar. Arslan başga planetalylaryň uçar jisimine mündi. Uçar jisim asmana galdy. Onuň yzyndan Anora elini galdyryp seredip galdy.
Uçar jisim bir minutdan kosmos giňişligine çykdy. Arslan ilýuminatordan togalak mawy zemini synlady. Başga planetalylar özleriniň galaktikasyna eltýän köprini açdylar.

Dowamy bar.

(C) @Khanture BS & @Nirvana
2022

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 7-07-2022, 08:48

  • Khanture Khanture off № 31 7 июля 2022 21:48
    MergenA
    Tekiz ýerçimaý şu Khanture? Şeýdip ýazsaňa boljagam siziňki. Gyzyklyja

    Hawwa tekiz ýerçi men. Vopros yest?. Eto prosta fantastika ;)
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 32 7 июля 2022 21:49
    Goldanlaryň ählisinede köp sag boluň aýdýan!!!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler