Dostum başyň aman bolsun. "Dost" sözüniň manysyny beýlekilere görä has gowy düşünýän diýsem @Diamonte bilen @Sahedowa menden gaty görmäwersin. Sebäbi meniň bir dostum bar, gyzyl ýaly oglan. Ýok, ýok, gyzylyň bahasy bar, ol bahasyz.
Puldan kösensem, käwagt kösenmesemem dostuma jaň edýän, pul soraýan, ol bolsa, ol görgüli bolsa başardygyndan maňa pul berýär. Bu günem şeýle. Ondan pul soradym, 7 müň manat (howwa, täze puldan). Ol bolsa çagajyklarynyň agzyndan kesip, galanyny bolsa karz, kowal edip maňa getirip berer. Biziň dostlugymyz megerem, tä Tom Jerrini tutup iýýänçä dowam edermikä diýýän ýa-da dostum şol aýdan pulumy getirip berýänçä...
Ýüzi nurly dostum (suratyny çilim paçkaň daşyna ýelmeseň tutuş millet çilimi taşlar) jaň etdi.
-Massimus, gowumy dost, puluňy alyp gelýän, ýarym sagatdan Bilbil daýzaň "Han döner"-ine geläý.
Allajan dost berende şeýdip berýän eken.
Ýarym sagatdan soň iki dost bellenilen ýerde.
-Salam, gowumy dost.
-Howwa, özüň gowumy dostjan.
-Aý beýdip aýalymyň nomerini tapyp jaň etmek gerek däl how, aýtdyma berjek şol puluňy diýip, biraz garaşaýmalyda dost.
-Garaşma kemi galan däldir dost, 9 aý geçdi. Saňa pul berende öýlenen goňşymyň düýn bäbejigi boldy. Jaň etsem eliňi öçürip goýýaň. Entägem obadaşlaň aýalyna jaň edip göräý, şol bir musulmana meňzeşräk, belki aglap telefonyny öl myžžyk etseň kömegi degmegi ahmal diýensoň jaň etdim, jany sag bolsun!
-10 müň manatjyk ( on müň ma nat jyk) üçin beýdip ýörmek gerek däl dost, üçiňä bölüp, bölüp berdim, me, ýediňem sanap al.
Iň gowy ses bankomadyň trrr edip pul sanaýan sesi däl eken, ynanaý dost (dost diýlen sözi ýigrenip ugradym birhili), iň gowy ses algyňy alaňda sanalýan puluň sesi eken.
-34 milýon 700, 750, 800, 850, 900, 925, 950, 955, 960, 965, 70, 75, 80, 85, 90, 95, 35 milýon, dogry eken, gel bir gujaklaýyn.
-Hany aýalyma jaň et, pulumy aldym, raşşot diý, düýnden bäri etimi iýdi.
-Öňürti öz aýalyma jaň edeýin ol 184 gün bäri meň etimi iýip ýör.
-Aç boldum, bir zatlar iýeli, eliňi açarsyňa, pullandyňa.
-Özi 7 müň manatjyk bolsa, nämesine elimi açaýyn...
Belki, Sizde-de (Massimus, "Siz" sözüni näme üçin baş harp bilen ýazýaň diýip sorady muşdaklarymyň biri (häý zaňňar, muşdaklam diýen bolup, özüňe Joni däldirin öýdeňok, agzalaň biri diýäý gowusy). Işe giremde başlygyň adyna arza ýazamda, arzaňy çalşyp Sizden diýlen ýerini uly harp bilen ýazaý diýdi. Ok diýdim. Sizem başlykdan kem görmeýänim üçin şeýdäýýän) bardyr şeýle ýakyn dost, ýok bolsa aýdyň, nomerini bereýin...
Sakawyň soňy ýa-da däliden dogry habar...
Täzelikler,
Massimus
tarapyndan
23-10-2023, 01:40