Dostum başyň aman bolsun. "Dost" sözüniň manysyny beýlekilere görä has gowy düşünýän diýsem @Diamonte bilen @Sahedowa menden gaty görmäwersin. Sebäbi meniň bir dostum bar, gyzyl ýaly oglan. Ýok, ýok, gyzylyň bahasy bar, ol bahasyz.
Puldan kösensem, käwagt kösenmesemem dostuma jaň edýän, pul soraýan, ol bolsa, ol görgüli bolsa başardygyndan maňa pul berýär. Bu günem şeýle. Ondan pul soradym, 7 müň manat (howwa, täze puldan). Ol bolsa çagajyklarynyň agzyndan kesip, galanyny bolsa karz, kowal edip maňa getirip berer. Biziň dostlugymyz megerem, tä Tom Jerrini tutup iýýänçä dowam edermikä diýýän ýa-da dostum şol aýdan pulumy getirip berýänçä...
Ýüzi nurly dostum (suratyny çilim paçkaň daşyna ýelmeseň tutuş millet çilimi taşlar) jaň etdi.
-Massimus, gowumy dost, puluňy alyp gelýän, ýarym sagatdan Bilbil daýzaň "Han döner"-ine geläý.
Allajan dost berende şeýdip berýän eken.
Ýarym sagatdan soň iki dost bellenilen ýerde.
-Salam, gowumy dost.
-Howwa, özüň gowumy dostjan.
-Aý beýdip aýalymyň nomerini tapyp jaň etmek gerek däl how, aýtdyma berjek şol puluňy diýip, biraz garaşaýmalyda dost.
-Garaşma kemi galan däldir dost, 9 aý geçdi. Saňa pul berende öýlenen goňşymyň düýn bäbejigi boldy. Jaň etsem eliňi öçürip goýýaň. Entägem obadaşlaň aýalyna jaň edip göräý, şol bir musulmana meňzeşräk, belki aglap telefonyny öl myžžyk etseň kömegi degmegi ahmal diýensoň jaň etdim, jany sag bolsun!
-10 müň manatjyk ( on müň ma nat jyk) üçin beýdip ýörmek gerek däl dost, üçiňä bölüp, bölüp berdim, me, ýediňem sanap al.
Iň gowy ses bankomadyň trrr edip pul sanaýan sesi däl eken, ynanaý dost (dost diýlen sözi ýigrenip ugradym birhili), iň gowy ses algyňy alaňda sanalýan puluň sesi eken.
-34 milýon 700, 750, 800, 850, 900, 925, 950, 955, 960, 965, 70, 75, 80, 85, 90, 95, 35 milýon, dogry eken, gel bir gujaklaýyn.
-Hany aýalyma jaň et, pulumy aldym, raşşot diý, düýnden bäri etimi iýdi.
-Öňürti öz aýalyma jaň edeýin ol 184 gün bäri meň etimi iýip ýör.
-Aç boldum, bir zatlar iýeli, eliňi açarsyňa, pullandyňa.
-Özi 7 müň manatjyk bolsa, nämesine elimi açaýyn...
Belki, Sizde-de (Massimus, "Siz" sözüni näme üçin baş harp bilen ýazýaň diýip sorady muşdaklarymyň biri (häý zaňňar, muşdaklam diýen bolup, özüňe Joni däldirin öýdeňok, agzalaň biri diýäý gowusy). Işe giremde başlygyň adyna arza ýazamda, arzaňy çalşyp Sizden diýlen ýerini uly harp bilen ýazaý diýdi. Ok diýdim. Sizem başlykdan kem görmeýänim üçin şeýdäýýän) bardyr şeýle ýakyn dost, ýok bolsa aýdyň, nomerini bereýin...

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Massimus tarapyndan 23-10-2023, 01:40

  • nurmuhammet nurmuhammet off № 1 23 октября 2023 04:10
    Mowzuk örän jûpûne düşüpdür, sen aýtma agam menem özümi zordan saklaýan hem gaharym gelýä, hem gülýän.
    Jogap
  • Diamante Diamante off № 2 23 октября 2023 07:44
    Meniň nikim Diamonte däl Diamante şuň üçin gaty gördüm senden?
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 3 23 октября 2023 08:53
    Diamante,
    Gaty göräýseň kel oglana duşgaýsyň:)
    Jogap
  • Azasdym. Azasdym. off № 4 23 октября 2023 09:04
    Karzynyzy sagaman alypsynyza bermedik bolsa name etjekdiniz.
    Jogap
  • Sahedowa Sahedowa off № 5 23 октября 2023 09:53
    nm ucn mn bilen Diamanty meselem getirdiniz
    Jogap
  • Azasdym. Azasdym. off № 7 23 октября 2023 11:44
    Sahedowa
    nm ucn mn bilen Diamanty meselem getirdiniz

    Hawwa name un ka siz gadyrdan dostlarmyy yaa.
    Jogap
  • Sahedowa Sahedowa off № 8 23 октября 2023 12:32
    Azasdym.,
    belki seylediris kim bilya?
    Jogap
  • Azasdym. Azasdym. off № 9 23 октября 2023 13:03
    Sahedowa
    Azasdym.,
    belki seylediris kim bilya?

    Dogrydanam kim bilya?
    Jogap
  • Gunay Gunay off № 10 23 октября 2023 13:20
    Bilbil daýzaň döneri :)Daşoguzdanmy?
    Jogap
  • Diamante Diamante off № 11 23 октября 2023 14:15
    Sahedowa
    Azasdym.,
    belki seylediris kim bilya?

    Sen bilmeseň kim bilmelikä ony))
    Jogap
  • Diamante Diamante off № 12 23 октября 2023 14:17
    Azasdym.
    Sahedowa
    nm ucn mn bilen Diamanty meselem getirdiniz

    Hawwa name un ka siz gadyrdan dostlarmyy yaa.

    Howwa meň üçinä dost Sähedowany bilmedim))
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 13 23 октября 2023 14:34
    Sahedowa,
    nm ucn mn bilen Diamanty meselem getirdiniz

    Gowy dostdugyňyz üçin
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 14 23 октября 2023 14:35
    Gunay,
    Bilbil daýzaň döneri :)Daşoguzdanmy?

    Howwa
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 15 23 октября 2023 14:38
    Azasdym.,
    Karzynyzy sagaman alypsynyza bermedik bolsa name etjekdiniz.

    Howwa, şeý diý
    Jogap
  • Sahedowa Sahedowa off № 16 23 октября 2023 14:51
    Diamante

    Howwa meň üçinä dost Sähedowany bilmedim))

    gowher meni seni dostum hokmunde gormesem sana ynanmasam nm ucin mn sen bilen in uly syrymy paylasayyn
    Jogap
  • Diamante Diamante off № 17 23 октября 2023 15:03
    Sahedowa
    Diamante

    Howwa meň üçinä dost Sähedowany bilmedim))

    gowher meni seni dostum hokmunde gormesem sana ynanmasam nm ucin mn sen bilen in uly syrymy paylasayyn

    Janada kime ynanmalydygyny bilyäň ))
    Jogap
  • Diamante Diamante off № 18 23 октября 2023 15:04
    Massimus
    Sahedowa,
    nm ucn mn bilen Diamanty meselem getirdiniz

    Gowy dostdugyňyz üçin

    Sag bol saňada nesip etsin
    Jogap
  • Sahedowa Sahedowa off № 19 23 октября 2023 15:06
    Diamante
    Sahedowa
    Diamante

    Howwa meň üçinä dost Sähedowany bilmedim))

    gowher meni seni dostum hokmunde gormesem sana ynanmasam nm ucin mn sen bilen in uly syrymy paylasayyn

    Janada kime ynanmalydygyny bilyäň ))

    bilyanmi sayt bashdakysy yaaly gyzykly dal hic kim yok
    Jogap
  • Diamante Diamante off № 20 23 октября 2023 15:14
    Sahedowa,
    Aytmayda her gezek giremde men sayta seredyän sayt maňa seretyä sen görgülem bizi mowzuk açyp yylgyrtyaň welin ondada
    Jogap
  • Sahedowa Sahedowa off № 21 23 октября 2023 15:17
    Diamante
    Sahedowa,
    Aytmayda her gezek giremde men sayta seredyän sayt maňa seretyä sen görgülem bizi mowzuk açyp yylgyrtyaň welin ondada

    hehehe? senem su wagt meni guldurdun
    Jogap
  • PROLIGA PROLIGA off № 22 23 октября 2023 17:15
    Gaty gowy,ömriňiz uzak bolsun.Siziň mowzygyňyza garaşyp ýördim.Ýenekilerede sabyrsyzlyk bilen garaşýan.
    Jogap
  • Azasdym. Azasdym. off № 23 23 октября 2023 21:07
    PROLIGA,
    Salam sizem bamysynyz gorunmeyaniz
    Jogap
  • Diamante Diamante off № 24 23 октября 2023 21:27
    Azasdym.,
    Sizem bir onyaly görnüp baraňzok)
    Jogap
  • PROLIGA PROLIGA off № 25 23 октября 2023 21:30
    Azasdym.
    PROLIGA,
    Salam sizem bamysynyz gorunmeyaniz

    Waleýkimessalam howwa baryn.
    Jogap
  • Azasdym. Azasdym. off № 26 23 октября 2023 22:29
    Diamante,
    Ay yok baryn gunde sutayda men yone mowzuk acamok diymesen baryn.
    Jogap
  • Azasdym. Azasdym. off № 27 23 октября 2023 22:30
    PROLIGA,
    Mowzuk acmayanyza.
    Jogap
  • Nurgeldi_G Nurgeldi_G off № 29 24 октября 2023 00:30
    Sahedowa sen na hak bilen mana haybat atan bolyanay? Akyllyja bol
    Jogap
  • Nurgeldi_G Nurgeldi_G off № 30 24 октября 2023 00:31
    Bolmasa sanada sahetli oba diyerin ?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler