Hemmä salam. Bu gün aýratyn bir temadan söhbetdeşlik açmak isleýärin. Size bir meselede bir zady gürrüň bermekçi, sizem pikirleriňizi, öz tejribeleriňizi paýlaşyp, beýleki adamlaryň ýa-da özüňiziň garaýyşlaryňyzy baýlaşdyryp bilersiňiz, elbetde hormat-sylagy ýatdan çykarman beýan edip bilersiňiz.
Gepi ulaldyp oturmaýyn, bir mollanyň aýdýan zatlaryna seljerme bermekçi biraz. Kimdigini tanamok, ýa-da öň gabat hem gelmedi, emma TikTokda paýlaşylypdyr, siziň tanaýan bolmagyňyz mümkin. Ilki ol kişiniň diýen zatlaryny paýlaşaýyn:

"Oý ýeri oý, tümmek ýeri tümmek görnüp duran, göräýmäge hemme ýerik ýapyk ýaly, emma dar, hemme ýeri bildirip dur. Ol ýalaňaç wagtynda-da şol owrat görünýär, Alla saklasyn. Ol geýnüwli emma şol owradyň bardygy bildirýär. Ondaň oňa öýlenmedik ýaş oglanyň şewheti oýanýar, ünsi gidýär. Etmedim diýende göz gyzdyrýar şoňa, Alla saklasyn, Alla saklasyn. Gowy zat däl. Güler ýaly zat däl oglanlar. Men gülmegiňiz üçin aýdamok bu zatlary. Namys ediň diýip aýdýan bu zatlary, ar-namysa degişli bu zatlar. Öz aýalyňa, sypatyna seredip, "pylan ýerik gidip geljek", "hä bolýar gidiber", şol sypatda görübem bolýar diýseň,  "bolýar onda bar men ile-güne aýalymy sergileýärin" diýmeklik bordar-ow ol-ow. Isleseň islemeseň umuman oglanlaryň köpüsi namarda haw. Aý şu-la biriniň aýaly diýmeýärler, gyňaçla beter lak atýan haramzadalar bar. Onam dereje bilip "men pylanynyň aýalyny pylan etdim, eýtdim-beýtdim" diýmegi özüne dereje bilýän bigaýratlar kän. Ondaň sen nädip şolar ýaly bigaýratlar barka, öz aýalyň geýnişine dykgat etmän köçä çykaryp goýberjek? Gara gapak ölýänem bolsa, köýnegini ýyrtdanym goýber hany, geýip bilşinden geýsin."

Hawa. Hany pikir ediň indi özüňiz, diýýän zatlarynda säwlik, nädogrylyk barmy? Ilki bilen, başdan öz esasy düşünjämi aýdaýyn, bu kişiniň kän zat bilmeýän, sowatsyz bir kişidigine kepil geçip bilerin emma subut edip bilmerin. Eger bir kişi ýigrenç bilen bir zady ündäp, maslaht berýän bolsa, ol kişi uly ähtimallyk bilen jahylyň öňdebaryjysydyr, sebäbi ýigrenç jahyllygyň dostudyr, ikisi birleşdimi şol ýerden iň uly pekge çykýar.
Men şu zad-a düşünemok, dünýäde gaty uly betbagtçylyklar, gyrgynçylyklar, adamzadyň iň mätäç bolan zatlaryna ýetip bilmeýän açlyk, suwsyzlyk bilen ejir çekýän millionlarça adamlar bar. Açlykdan ölýän millionlarça Afrikaly çagalar, kellesine roketa düşüp jan berýän kiçijek bedenler bar, emma bularyň bary derdi bolsa, aýallaryň geýim-gejimi, bular ýaly gözýetimi peslik bolarmy? Dünýäde gaty köp döwlet ykdysady çökgünlik bilen başagaý, açlykdan adamlar, kiçijek çagalar ölüp dur, ýa-da ölmegiň bäri ýanynda ýaşaýarlar, we bularyň sany örän köp. We ýene esasy ýeri, bularyň aglabasy musulman döwletlerinde bolup dur. Musulman musulmanyň dogany diýlen sözlem bardyr, bu söz, musulmanyň musulmana gaty ýakynlygynyň nähilidigini görkezmek üçin aýdylýan söz, emma şonça global meseleler, esasy gaty möhüm zatlar barka, mydama egin-eşik, saç, gaş we ş.m zatlary agzap durmaklyk bahyllyk ýaly gelýär maňa. Siriýada bir çaga "sizi o dünýäde Alla arz etjek" diýýär, bir çaga "öleli, ölsek o dünýäde doýarys" diýip dur, Afrika ýurtlarynda, Ýemende açlykdan ölýän çagalar bar, bu zatlary geçdim, örän uly ýalňyş dini maglumatlary paýlap adamlaryň aňyny zaýalaýanlar, Gurhany okamanam musulmandyryn öýdüp, şerigat isläp ýörenler we ş.m örän köp meseleler barka, gürleşilýän zat ýene şol gyz, egin-eşik, boldy.

We bir kişiniň näme geýip, geýmejegine özünden başga hiç kim onuň adyna gürläp bilmez. Sebäbi bu şahsy bir saýlawdyr, we biz onuň saýlawy sebäpli ony ýazgarmaga hakymyz ýokdur. Bu kişiniň egin-eşik, erkin saýlaw, daşary ýurtlardaky egin-eşik medeniýeti, nähili geýinmek we ş.m zatlar barada ýekejede pikiri ýok, ýagny bu barada ne bir zatlar okapdyr, ne gözýetimi giň, diňe ýat tutulyp lenç edilen sözleri saýraýar. Biraz bu meseläni açaly. Bir kişi islän zadyny geýip biler, islän eşigini saýlap biler, bu onuň haky, bize näme onuň näme geýip, geýmeýändiginden? Bize näme? Elbetde örän açyk geýinýän kişiler barada aýdamzok, meselem käbir ýurtlarda käbir gögele kişileriň diňe jynsy ýerleri ýapyk, olaryňam ýarsy görnüp dur, meselem bu dogry däldir, netijede nahar iýip oturan biri, seniň şol ýeriňi görmäge mätäç däl, ýa-da çaga-çuga bilen, maşgalasy bilen ýöräp barýan kişi, seni garşysynda görmäge mätäç däl. Geýilýän zatlaryň ýerleri we wagty bardyr. Meselem sen gyşda maýkaly, balakly entäp bilmersiň, şeýle-de köpçülik ýerlerde, jemgyýetçilik ýerlerinde beýdip geýnip bilmersiň. Diýýän eşigim gaty açyk, deňizde, derýada syýahat edilende geýilýän eşikleri köçede geýip ýören kişiler barada aýdýarys. Elbetde bular ýaly egin-eşikleri geýip, aýlanyp ýörmersiň. Emma biziň diýýänimiz (we bu kişiniň diýýäni) adaty eşik. Dar geýnip bilersiň, ýa-da jinsi, jalbar, maýka geýip bilersiň, bu zatlaryň hiç erbet tarapy ýokdur.

"Ondaň oňa öýlenmedik ýaş oglanyň şewheti oýanýar, ünsi gidýär. Etmedim diýende göz gyzdyrýar şoňa"

Bu pikir şeýlebir ýalňyşdyr welin, söz bilen düşündirmek mümkin däl. Eger aýal maşgala şeýle geýinende oglanyň şewheti oýanýan bolsa, bu ýagdaýda problema aýal däl, oglanyň özüdir. Näme üçin şewheti oýanýar, azarmy bu kişi, azanmy bu kişi, oýanmasyn. We "oglanlar şeýtmäň, bu dogry zat däl" diýmän, aýallara zat diýýär, işiň ikiýüzli tarapam şol.
We bu kişiniň ýene bilmeýän zady, munyň egin-eşik bilen baglanyşygynyň ýokdugy. Bu erk-ygtybar bilen baglanyşykly zat, şahsyýet bilen baglanyşykly zat, göz gyzdyrjak adam ýene göz gyzdyrar, egin-eşigi doly ýapyk bolsada. Sebäbi bu adamyň ygtybary ýok, terbiýesi ýok, bu kişi aýallar näçe ýapyk bolsa bolsun, hökmany ýagdaýda göz gyzdyrýar. Egin-eşigi doly ýapmak çözgüt däl, gaýta bu göni ters netije berýär. Birinji bilen, bu aňy zaýalaýar (sebäbi jynsy isleg bir mätäçlikdir), şol sebäpli bu kişiler hemme kişiňem ýapyk geýinmegini, geýinmeýänleriňem jezalandyrylmagy isleýär, käbir tentekleriň özi hem özüçe jeza kesen bolýar. Ikinjisi, bu zatlar näçe gadagan edilse, şonça-da garaşylýan netijäni däl-de, tersine netije berýär. Üçünji bilen bu meseläniň çözgüdi egin-eşigi ýapmak däl-de, sowatlylyk bilen baglanyşykly. Eger ýaşlykda gowy terbiýe berilse, ylym-bilim berilse, gözýetimi giňese, onda beýle zatlar bolmaýar. Meselem Ýewropa döwletleri, elbetde ol ýerlerde hem beýle zatlar bolsa derrew jezasyny berýärler. Egin-eşige diňe gadagan ediji düzgünler getirýän jemgyýetleriň, beýle etmeýän jemgyýetlere garanyňda has garyp, mydama uruş, gan, ýigrenjiň ýatmaýan jemgyýetlerdigini hem unutmaly däl.
We şewheti oýanyp, dälliräp duran kişilerem kän bardyr öýdemok, olam aýry mesele.

"Güler ýaly zat däl oglanlar. Men gülmegiňiz üçin aýdamok bu zatlary. Namys ediň diýip aýdýan bu zatlary, ar-namysa degişli bu zatlar."

Oturanlardan aralarynda gülýär öýdýän käbirleri. Bu molla hem güler ýaly zat aýtmaýandygyny, bu zatlaryň ar-namysa degişlidigini aýdýar. Hijem beýle däl. Bu aňyýet, namysy diňe aýal bilen baglanyşdyrýan aňyýetdir, namys diýlende ilkinji aýal göz öňüne gelýän aňyýetdir. Gaty nädogrydyr. Ar-namys aýalyň iki aýagynyň arasyndan geçenok, geýim-gejimden hiç geçenok. Ýalan sözlemegem namyssyzlykdyr, zat ogurlamaklygam namyssyzlykdyr, biriniň gepini edip ýörmegem namyssyzlykdyr, haýwanlara zulum etmegem namyssyzlykdyr, emma bularyň gürleşýän zatlarynyň 100-de 70%-i aýallar barada. Biriniň namysy barada gürleýän adamlaryň aglabasy namyssyz bolup çykýandyr. Biz kim bolýarysda beýleki adamlaryň namysyna (sözde) goşulýarys? Şewheti oýanyp, bir gyzy kösäp biljek oglanlaryňky namyssyzlyk däl-de, aýalyň geýim-gejimine dykgat etmegi namysmyş.

"Öz aýalyňa, sypatyna seredip, "pylan ýerik gidip geljek", "hä bolýar gidiber", şol sypatda görübem bolýar diýseň,  "bolýar onda bar men ile-güne aýalymy sergileýärin" diýmeklik bordar-ow ol-ow. Isleseň islemeseň umuman oglanlaryň köpüsi namarda haw."

Ýuwaş-ýuwaş beterinden beterine tarap barýarys.) Bu nähili dünýägaraýyşdyr haw? Indi bildik, Ýewropa, Amerika, Hytaý, Ýaponiýa ýaly döwletleriň erkekleri aýallaryny sergileýär eken. Nähili NAMYSSYZLYK?
Sergilemek bilen eşigine seretmegiň näme dahylly ýeri bar? Eger äri bilen aýaly, hemme meselede medeni düşünişip bilýän bolsalar, we aýalam erkinräk geýinmek islän bolsa, bu ýagdaýda göz gyzdyrýan käbir tenteklermi asyl mesele, ýa-da aýaly bilen ärimi? Eger bir kişi şolar ýaly negatiw, kirli aňly pikir edýän bolsa, onda ol kişiniň özi (köp halatda) şolar ýalydyr. Özi sözde sergileýänlere seredýändirde, beýlekilere "beýtmäň" diýýändir, emma biz olar ýaly pikir edemzok, biz dälliräp, aslyşyp duramzok. Medeniýet diýlen zat bolmansoň, geýinmegem sergilemeklik bolaýýar. Oglanlaryň köpüsi namart bolsa, şol namartlary düzeltmek üçin wagyz berseň has dogry bolmazdymy?

"Aý şu-la biriniň aýaly diýmeýärler, gyňaçla beter lak atýan haramzadalar bar. Onam dereje bilip "men pylanynyň aýalyny pylan etdim, eýtdim-beýtdim" diýmegi özüne dereje bilýän bigaýratlar kän. Onsaň sen nädip şolar ýaly bigaýratlar her ädimde barka, öz aýalyň geýnişine dykgat etmän köçä çykaryp goýberjek?"

Şolar ýaly kişiler dälliräp, ýöne lak atyp, yzan-çuwan bolup ýörer öýdemok, sebäbi hemme kişiňem akyly başynda. Biriniň şahsyýetini kemsitmegiň eýýäm jogapkärçiligi bar. Adamlar öz dertleri bilen başagaý. Emma bu kişi hamala hemme kişi bir zombi, her köçede adamlar topulýan ýaly edip gürrüň berýär. We ol aýal çagamy haw, äriniň buýrugyna tabşyrar ýaly, olam bir şahsyýet dälmi? Bu meselä aşakda düşündiriş berjek.

"Gara gapak ölýänem bolsa, köýnegini ýyrtdanym goýber hany, geýip bilşinden geýsin"

Indi geleliň asyl meselä. Agzalar, elbetde has açyk geýinmegiň dogry däldigini aýdyp biler, munda hiç mesele ýok, beýle bolsa men şeýle-de goýmazdym. Emma "etmäň" diýmeklik bilen "edip bilmersiň" diýmekligiň arasynda tapawut bar. "Şeýle geýinmek nädogry", "şeýtseň kän gelşikli bolmaýar" diýip hoşniýetli, medeni gürläp, munyň dogry däldigini aýdyp bilersiň. Emma ýigidimiziň agzyndan ýigrenç dökülýär, şeýlebir gödek, gazaply görnüşde aýdýar welin, berýän zady öwüt-nesihat, nesihaty gödekligiň üsti bilen berýär. Nesihat, öwüt-ündew, maslahat diýlen zatlar beýle gürrüň berilmeýär. Eger gürrüň berilýän bolsa ol öwüt-nesihat däldir, ýigrençdir. Iň soňky sözlemi we "ow", "ol-ow" diýip köçe dilli gürlemegi hem hemme zady belli edýär.
Şeýlebir gürleýär welin hamala aýallar ejiz, ysnat, öz pikirleri, saýlawlary bolmaýan, özüne jogap berip bilmeýän, çaga ýaly jandarlar hökmünde görkezýär. Bu kişi aýallary bir şahsyýet hökmünde görenok. Olary ärleriniň buýrugyna tabşyrýar.

Muny şeýle düşündirip bileris:
"Şeýle adamlar barka, nädip öz aýalyň geýnişine dykgat etmän köçä çykaryp goýberjek?
Asyl manysy: Sen aýalyňdanam ejizmi, nädip oňa diýeniňi etdirip bileňok, sen äri ahyryn, islän zadyny geýjek bolsa seret, etdirme, ol şahsyýet däl, ol bir adamam däl, sen seretmeli oňa çaga ýaly".
"Gara gapak ölýänem bolsa, köýnegini ýyrtdanym goýber hany, geýip bilşinden geýsin.
Asyl manysy: Heleýgulymy sen diýen etdirip bileňok, ol nädip seniň diýeniňi etmän hereket edip bilýär, sen erkek ahyryn, göni ur, ýyrt köýnegini, eger garşy çyksa jany çykýança ur, hany edip bilýärmikä?"

Aşaky sözlemi gaty howply. Köýnegini ýyrtyp goýber näme diýmek? Şolar ýaly birtopar bigaýrat oglanlaryň bardygyny bilýän bolsaň, şolar ýaly bigaýrat oglanlaryň seniň wagzyňdan motiwasiýa alyp, aýalyny sylaman urup ýören kişiler boljakdygyny hiç pikir edip bilmediňmi? Gaty erbet urmaga, sylamazçylyga itergi berýär diýýän zatlary. Her okumyş (okandyram öýdemok) alym bolmaz diýleni.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Seneca_13 tarapyndan 10-12-2023, 16:44

  • Dowsypat. Dowsypat. off № 31 11 декабря 2023 15:47
    Bir döwletiñ raýatlygyny kabul etdiñmi,şol döwletiñ kada-kanunlaryna boýun egip ýaşamalam bolýar.

    Edil şonuñ ýaly yslamy kabul edip,musulman bolanyñdan soñ,yslamyñ kada-kanunlarynada boýun egmeli.

    Bir aýalyñ bedenini açyp gezmegi hiç bir ýagdaýda-da yslama sygyşýan ýagdaý däl.Muny şeýden aýal islese-islemese boýnuna uly günani alýar.Bir molla şeýle diýdi diýip ýaşamaly däl.Tañrynyñ huzuryna musulman bolup barayyn diyip yasamaly.Allanyn barlygyna we yekeligine ynanmayan adam musulman dal.Alla ynanyamyn diymek,dine Allanyn razylygy ucin yasamaly.Ayallaryn yarym-yalanac geyinmeginde Allanyn bir razylygy bardyram diyip oylap bolonok.
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 32 11 декабря 2023 15:51
    Fihruza
    Seneca_13,
    Din bilen dusundirjek bolyanlaryn ozi dinden habary yok, godek payysh soz diyyan kishiler bolup cykayyar gen goremok

    Eger olaram hakyky dini amaly edýän bolsalar, maşgalasy (ejesi, uýasy, daýzalary) örtünip, saçlarynyň bir gyly hem görünmeýän bolsa, gödekligi bilen däl-de, dine gelişjek görnüşde ylym-bilim, hoşniýetlilik, medeni dil bilen düşündirse, 5 wagt namaz okap, oraza tutup, sögünmän, kapyryň döreden nygmatlaryny (ulag, maşyn, telefon) ulanmaýan bolsalar, olara garşy mydama jihat edýän bolsalar, onda diňlesegem bordy aýdýan zatlaryny.))
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 33 11 декабря 2023 15:55
    Dowsypat.,
    "Allanyň bir razylygy bardyr öýdemok" diýip, Allanyň adyna gürlär ýaly kim sen? Mürtet bolduň edil şuwagt, hiç bir ýagdaýda-da (oýun edibem) Allanyň adyna (ol şeýledir, bu beýledir) diýip gürlenmeýär, dindar ýigit. Hany onda aýt, sen dini doly we dogry berjaý edýäňmi?
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 34 11 декабря 2023 15:58
    Duran ýerinde dinden çykdy, habary ýok.
    Jogap
  • Monako Monako off № 35 11 декабря 2023 16:04
    danger,
    Mañada boş diýdigiñmi indi şu? Men dislike basýan saña. Hä pyrlanyp ýüzüñe budyşk edernä. Birem bular ozüçe din öwretjek bolýar agzyndan suw akdyryp
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 36 11 декабря 2023 16:05
    Bir musulmanyn ayalynyn bihaya eshigini yyrtmakda hic bir yamanlyk yok.Bir ayalyn yslamdaky borjy arinin razylygy.Arinin razylygyny gazanan ayaldan Allada razy bolyar.Ari razy bolmasada arine garsy baryp,seytanyn esigini geyyan ayal dowzahdan basga nira dushsun?!
    Jogap
  • Monako Monako off № 37 11 декабря 2023 16:07
    Dowsypat.,
    Sen mürtet bolduñ diýýär han aga.
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 38 11 декабря 2023 16:10
    Dowsypat.,
    Akmaga akyl öwretseň, düýpsüz guýa suw guýan ýaly. Saňa sorag berdim, jogap berjekmi?
    Jogap
  • Soho Soho off № 39 11 декабря 2023 16:12
    Seneca_13,
    Kakdyramok men, seňki ýaly - diýip, göni saňa ýüzlendim, kakdyrmak, ýaňsylamak islesem, mowzugyňa teswir ýazman, özümçe blog dörederdim
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 40 11 декабря 2023 16:13
    Seneca_13
    Duran ýerinde dinden çykdy, habary ýok.

    Sen nä adamyň dine girip çykanyny anyklaýan perişdemi? Saňa iliň ynanjynyň parhy ýok ýalydy???
    Jogap
  • Monako Monako off № 41 11 декабря 2023 16:13
    Dowsypat.,
    Bro, menä aýalymy bir jyns hökmünde däl adam hökmünde görjek. Sen eşigini ýyrtyp azarlygyñy sazlap bilersiñ emma biz beýle ahlaksyz däl
    Jogap
  • Soho Soho off № 42 11 декабря 2023 16:14
    Sen her kim pikirini paýlaşsyn diýýäň, ýöne saňa bärdäkileriň pikiri gyzykly däl, eger gyzykly bolanlygynda, diňe öz pikiriňi makullatjak bolmazdyň
    Jogap
  • Monako Monako off № 43 11 декабря 2023 16:14
    Seneca_13,
    Bulara gep düşündirmesene how düşünmeýäler diñe hä hä diýde geç
    Jogap
  • Fihruza Fihruza off № 44 11 декабря 2023 16:17
    Dowsypat.,
    Yurekbulanc
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 45 11 декабря 2023 16:19
    Seneca_13

    Diniñ ugrundan wagyz edýan edýan mollalary yalança çykarsañ,bize menzeşleri mürtede çykarsyñ onda din ugrundan senin bilen dusunisip biljek adam tapylar oydemok.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 46 11 декабря 2023 16:21
    Dowsypat.
    Seneca_13

    Diniñ ugrundan wagyz edýan edýan mollalary yalança çykarsañ,bize menzeşleri mürtede çykarsyñ onda din ugrundan senin bilen dusunisip biljek adam tapylar oydemok.


    Dinimizi öwrenmekde şular ýaly aparady işlemänsoň aýallaňkyny göterýän demokrat feministsumaklardan öwrenmeli ekenik, bilmändiris bro ?
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 47 11 декабря 2023 16:21
    Soho
    Sen her kim pikirini paýlaşsyn diýýäň, ýöne saňa bärdäkileriň pikiri gyzykly däl, eger gyzykly bolanlygynda, diňe öz pikiriňi makullatjak bolmazdyň

    Diňe bir gezek düşündirjek (ýaňam aýtdym), men diňe pikiriňi beýan et diýdimmi? Bular pikir beýan edýärmi, ýa-da hüjüm edýärmi?
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 48 11 декабря 2023 16:23
    Khanture,
    "Feminizm haw bu, aýallara ýaranjak bolýar bu kişi")
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 49 11 декабря 2023 16:24
    Dowsypat.,
    "Diniñ ugrundan wagyz edýan edýan mollalary yalança çykarsañ,bize menzeşleri mürtede çykarsyñ"

    Olaryň näme baglanyşygy bar? Allaň adyna kim gürle diýdi saňa?

    "din ugrundan senin bilen dusunisip biljek adam tapylar oydemok."

    Tema din barada däl, nädip düşünişjek? Ýene aýdýan 3-nji gezek, sen dini doly amal edýäňmi?!
    Jogap
  • Monako Monako off № 50 11 декабря 2023 16:28
    Khanture,
    Feminizm erbet zat däl Hantör jora. Öñä tekiz ýerçidiñ, indi aýal duşmany bolduñmy?
    Jogap
  • Monako Monako off № 51 11 декабря 2023 16:28
    Dowsypat.,
    Meñem bilesim geldi. Sen dini doly amal edýäñmi bir?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 52 11 декабря 2023 16:29
    Seneca_13,
    Allaň adyna gürlemäne haky bar, sebäbi ol musulman musulman adam hemişe Bismillahirrahmanirrahim'i aýtýa manysy Rehimli we Mähriban allanyň ady bilen. Sen özi yslam dini barad jinnek ýaly zat bileňok. Utanman adamy mürtedlikde aýyplan bolup. Toba estagfurallah
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 53 11 декабря 2023 16:34
    Bro, menä aýalymy bir jyns hökmünde däl adam hökmünde görjek. Sen eşigini ýyrtyp azarlygyñy sazlap bilersiñ emma biz beýle ahlaksyz däl

    Men azarlanmak barada aytmadym.Bir ayalyn geyerin diyip saklap yoren seyle eshigi bar bolsa diyen manyda aytdym.Edil ozuma yarym-yalanac geyinyan gyzdan hic wagt ozume gelinlik saylamazdym.
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 54 11 декабря 2023 16:35
    Khanture
    Seneca_13,
    Allaň adyna gürlemäne haky bar, sebäbi ol musulman musulman adam hemişe Bismillahirrahmanirrahim'i aýtýa manysy Rehimli we Mähriban allanyň ady bilen. Sen özi yslam dini barad jinnek ýaly zat bileňok. Utanman adamy mürtedlikde aýyplan bolup. Toba estagfurallah

    "Feminizm haw bu, ýaranjak bolýar aýallara".
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 55 11 декабря 2023 16:36
    Monako
    Khanture,
    Feminizm erbet zat däl Hantör jora. Öñä tekiz ýerçidiñ, indi aýal duşmany bolduñmy?

    Äý ýok, aýal duşmany däldir-le. Ony doguran hem bir aýal maşgala?!
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 56 11 декабря 2023 16:38
    Monako
    Khanture,
    Feminizm erbet zat däl Hantör jora. Öñä tekiz ýerçidiñ, indi aýal duşmany bolduñmy?

    Femınızm aýal duşmançylygy bolsa men howwa aýal duşmany
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 57 11 декабря 2023 16:39
    Dowsypat.,
    "Edil ozuma yarym-yalanac geyinyan gyzdan hic wagt ozume gelinlik saylamazdym."

    Şükür, birinji gezek gödek jogap bermeýän birine gabat geldik öz-ä. Soragyma jogap berseň indi, menem razy bolup ýatsam?!)
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 58 11 декабря 2023 16:41
    Menin bilyan zadymdan bilmeyan zadym gaty kop.Shuwagta cenli adam hokmunde dergerli hic zat owrenmedim.Yone bir sahs hokmunde prosta oz pikirimi aydyp gecdim bolany.
    Jogap
  • Monako Monako off № 59 11 декабря 2023 16:42
    Seneca_13,
    Ýo ýo bu aýal duşmanydyr indem. Hemme zat bolup gördä ?
    Jogap
  • Monako Monako off № 60 11 декабря 2023 16:43
    Dowsypat.
    Bro, menä aýalymy bir jyns hökmünde däl adam hökmünde görjek. Sen eşigini ýyrtyp azarlygyñy sazlap bilersiñ emma biz beýle ahlaksyz däl

    Men azarlanmak barada aytmadym.Bir ayalyn geyerin diyip saklap yoren seyle eshigi bar bolsa diyen manyda aytdym.Edil ozuma yarym-yalanac geyinyan gyzdan hic wagt ozume gelinlik saylamazdym.

    Nä bileýn eşigini ýyrt ärini razy et diýeñ soñ gowy zat kellä gelmedi
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler