Hemmä salam. Bu gün aýratyn bir temadan söhbetdeşlik açmak isleýärin. Size bir meselede bir zady gürrüň bermekçi, sizem pikirleriňizi, öz tejribeleriňizi paýlaşyp, beýleki adamlaryň ýa-da özüňiziň garaýyşlaryňyzy baýlaşdyryp bilersiňiz, elbetde hormat-sylagy ýatdan çykarman beýan edip bilersiňiz.
Gepi ulaldyp oturmaýyn, bir mollanyň aýdýan zatlaryna seljerme bermekçi biraz. Kimdigini tanamok, ýa-da öň gabat hem gelmedi, emma TikTokda paýlaşylypdyr, siziň tanaýan bolmagyňyz mümkin. Ilki ol kişiniň diýen zatlaryny paýlaşaýyn:

"Oý ýeri oý, tümmek ýeri tümmek görnüp duran, göräýmäge hemme ýerik ýapyk ýaly, emma dar, hemme ýeri bildirip dur. Ol ýalaňaç wagtynda-da şol owrat görünýär, Alla saklasyn. Ol geýnüwli emma şol owradyň bardygy bildirýär. Ondaň oňa öýlenmedik ýaş oglanyň şewheti oýanýar, ünsi gidýär. Etmedim diýende göz gyzdyrýar şoňa, Alla saklasyn, Alla saklasyn. Gowy zat däl. Güler ýaly zat däl oglanlar. Men gülmegiňiz üçin aýdamok bu zatlary. Namys ediň diýip aýdýan bu zatlary, ar-namysa degişli bu zatlar. Öz aýalyňa, sypatyna seredip, "pylan ýerik gidip geljek", "hä bolýar gidiber", şol sypatda görübem bolýar diýseň,  "bolýar onda bar men ile-güne aýalymy sergileýärin" diýmeklik bordar-ow ol-ow. Isleseň islemeseň umuman oglanlaryň köpüsi namarda haw. Aý şu-la biriniň aýaly diýmeýärler, gyňaçla beter lak atýan haramzadalar bar. Onam dereje bilip "men pylanynyň aýalyny pylan etdim, eýtdim-beýtdim" diýmegi özüne dereje bilýän bigaýratlar kän. Ondaň sen nädip şolar ýaly bigaýratlar barka, öz aýalyň geýnişine dykgat etmän köçä çykaryp goýberjek? Gara gapak ölýänem bolsa, köýnegini ýyrtdanym goýber hany, geýip bilşinden geýsin."

Hawa. Hany pikir ediň indi özüňiz, diýýän zatlarynda säwlik, nädogrylyk barmy? Ilki bilen, başdan öz esasy düşünjämi aýdaýyn, bu kişiniň kän zat bilmeýän, sowatsyz bir kişidigine kepil geçip bilerin emma subut edip bilmerin. Eger bir kişi ýigrenç bilen bir zady ündäp, maslaht berýän bolsa, ol kişi uly ähtimallyk bilen jahylyň öňdebaryjysydyr, sebäbi ýigrenç jahyllygyň dostudyr, ikisi birleşdimi şol ýerden iň uly pekge çykýar.
Men şu zad-a düşünemok, dünýäde gaty uly betbagtçylyklar, gyrgynçylyklar, adamzadyň iň mätäç bolan zatlaryna ýetip bilmeýän açlyk, suwsyzlyk bilen ejir çekýän millionlarça adamlar bar. Açlykdan ölýän millionlarça Afrikaly çagalar, kellesine roketa düşüp jan berýän kiçijek bedenler bar, emma bularyň bary derdi bolsa, aýallaryň geýim-gejimi, bular ýaly gözýetimi peslik bolarmy? Dünýäde gaty köp döwlet ykdysady çökgünlik bilen başagaý, açlykdan adamlar, kiçijek çagalar ölüp dur, ýa-da ölmegiň bäri ýanynda ýaşaýarlar, we bularyň sany örän köp. We ýene esasy ýeri, bularyň aglabasy musulman döwletlerinde bolup dur. Musulman musulmanyň dogany diýlen sözlem bardyr, bu söz, musulmanyň musulmana gaty ýakynlygynyň nähilidigini görkezmek üçin aýdylýan söz, emma şonça global meseleler, esasy gaty möhüm zatlar barka, mydama egin-eşik, saç, gaş we ş.m zatlary agzap durmaklyk bahyllyk ýaly gelýär maňa. Siriýada bir çaga "sizi o dünýäde Alla arz etjek" diýýär, bir çaga "öleli, ölsek o dünýäde doýarys" diýip dur, Afrika ýurtlarynda, Ýemende açlykdan ölýän çagalar bar, bu zatlary geçdim, örän uly ýalňyş dini maglumatlary paýlap adamlaryň aňyny zaýalaýanlar, Gurhany okamanam musulmandyryn öýdüp, şerigat isläp ýörenler we ş.m örän köp meseleler barka, gürleşilýän zat ýene şol gyz, egin-eşik, boldy.

We bir kişiniň näme geýip, geýmejegine özünden başga hiç kim onuň adyna gürläp bilmez. Sebäbi bu şahsy bir saýlawdyr, we biz onuň saýlawy sebäpli ony ýazgarmaga hakymyz ýokdur. Bu kişiniň egin-eşik, erkin saýlaw, daşary ýurtlardaky egin-eşik medeniýeti, nähili geýinmek we ş.m zatlar barada ýekejede pikiri ýok, ýagny bu barada ne bir zatlar okapdyr, ne gözýetimi giň, diňe ýat tutulyp lenç edilen sözleri saýraýar. Biraz bu meseläni açaly. Bir kişi islän zadyny geýip biler, islän eşigini saýlap biler, bu onuň haky, bize näme onuň näme geýip, geýmeýändiginden? Bize näme? Elbetde örän açyk geýinýän kişiler barada aýdamzok, meselem käbir ýurtlarda käbir gögele kişileriň diňe jynsy ýerleri ýapyk, olaryňam ýarsy görnüp dur, meselem bu dogry däldir, netijede nahar iýip oturan biri, seniň şol ýeriňi görmäge mätäç däl, ýa-da çaga-çuga bilen, maşgalasy bilen ýöräp barýan kişi, seni garşysynda görmäge mätäç däl. Geýilýän zatlaryň ýerleri we wagty bardyr. Meselem sen gyşda maýkaly, balakly entäp bilmersiň, şeýle-de köpçülik ýerlerde, jemgyýetçilik ýerlerinde beýdip geýnip bilmersiň. Diýýän eşigim gaty açyk, deňizde, derýada syýahat edilende geýilýän eşikleri köçede geýip ýören kişiler barada aýdýarys. Elbetde bular ýaly egin-eşikleri geýip, aýlanyp ýörmersiň. Emma biziň diýýänimiz (we bu kişiniň diýýäni) adaty eşik. Dar geýnip bilersiň, ýa-da jinsi, jalbar, maýka geýip bilersiň, bu zatlaryň hiç erbet tarapy ýokdur.

"Ondaň oňa öýlenmedik ýaş oglanyň şewheti oýanýar, ünsi gidýär. Etmedim diýende göz gyzdyrýar şoňa"

Bu pikir şeýlebir ýalňyşdyr welin, söz bilen düşündirmek mümkin däl. Eger aýal maşgala şeýle geýinende oglanyň şewheti oýanýan bolsa, bu ýagdaýda problema aýal däl, oglanyň özüdir. Näme üçin şewheti oýanýar, azarmy bu kişi, azanmy bu kişi, oýanmasyn. We "oglanlar şeýtmäň, bu dogry zat däl" diýmän, aýallara zat diýýär, işiň ikiýüzli tarapam şol.
We bu kişiniň ýene bilmeýän zady, munyň egin-eşik bilen baglanyşygynyň ýokdugy. Bu erk-ygtybar bilen baglanyşykly zat, şahsyýet bilen baglanyşykly zat, göz gyzdyrjak adam ýene göz gyzdyrar, egin-eşigi doly ýapyk bolsada. Sebäbi bu adamyň ygtybary ýok, terbiýesi ýok, bu kişi aýallar näçe ýapyk bolsa bolsun, hökmany ýagdaýda göz gyzdyrýar. Egin-eşigi doly ýapmak çözgüt däl, gaýta bu göni ters netije berýär. Birinji bilen, bu aňy zaýalaýar (sebäbi jynsy isleg bir mätäçlikdir), şol sebäpli bu kişiler hemme kişiňem ýapyk geýinmegini, geýinmeýänleriňem jezalandyrylmagy isleýär, käbir tentekleriň özi hem özüçe jeza kesen bolýar. Ikinjisi, bu zatlar näçe gadagan edilse, şonça-da garaşylýan netijäni däl-de, tersine netije berýär. Üçünji bilen bu meseläniň çözgüdi egin-eşigi ýapmak däl-de, sowatlylyk bilen baglanyşykly. Eger ýaşlykda gowy terbiýe berilse, ylym-bilim berilse, gözýetimi giňese, onda beýle zatlar bolmaýar. Meselem Ýewropa döwletleri, elbetde ol ýerlerde hem beýle zatlar bolsa derrew jezasyny berýärler. Egin-eşige diňe gadagan ediji düzgünler getirýän jemgyýetleriň, beýle etmeýän jemgyýetlere garanyňda has garyp, mydama uruş, gan, ýigrenjiň ýatmaýan jemgyýetlerdigini hem unutmaly däl.
We şewheti oýanyp, dälliräp duran kişilerem kän bardyr öýdemok, olam aýry mesele.

"Güler ýaly zat däl oglanlar. Men gülmegiňiz üçin aýdamok bu zatlary. Namys ediň diýip aýdýan bu zatlary, ar-namysa degişli bu zatlar."

Oturanlardan aralarynda gülýär öýdýän käbirleri. Bu molla hem güler ýaly zat aýtmaýandygyny, bu zatlaryň ar-namysa degişlidigini aýdýar. Hijem beýle däl. Bu aňyýet, namysy diňe aýal bilen baglanyşdyrýan aňyýetdir, namys diýlende ilkinji aýal göz öňüne gelýän aňyýetdir. Gaty nädogrydyr. Ar-namys aýalyň iki aýagynyň arasyndan geçenok, geýim-gejimden hiç geçenok. Ýalan sözlemegem namyssyzlykdyr, zat ogurlamaklygam namyssyzlykdyr, biriniň gepini edip ýörmegem namyssyzlykdyr, haýwanlara zulum etmegem namyssyzlykdyr, emma bularyň gürleşýän zatlarynyň 100-de 70%-i aýallar barada. Biriniň namysy barada gürleýän adamlaryň aglabasy namyssyz bolup çykýandyr. Biz kim bolýarysda beýleki adamlaryň namysyna (sözde) goşulýarys? Şewheti oýanyp, bir gyzy kösäp biljek oglanlaryňky namyssyzlyk däl-de, aýalyň geýim-gejimine dykgat etmegi namysmyş.

"Öz aýalyňa, sypatyna seredip, "pylan ýerik gidip geljek", "hä bolýar gidiber", şol sypatda görübem bolýar diýseň,  "bolýar onda bar men ile-güne aýalymy sergileýärin" diýmeklik bordar-ow ol-ow. Isleseň islemeseň umuman oglanlaryň köpüsi namarda haw."

Ýuwaş-ýuwaş beterinden beterine tarap barýarys.) Bu nähili dünýägaraýyşdyr haw? Indi bildik, Ýewropa, Amerika, Hytaý, Ýaponiýa ýaly döwletleriň erkekleri aýallaryny sergileýär eken. Nähili NAMYSSYZLYK?
Sergilemek bilen eşigine seretmegiň näme dahylly ýeri bar? Eger äri bilen aýaly, hemme meselede medeni düşünişip bilýän bolsalar, we aýalam erkinräk geýinmek islän bolsa, bu ýagdaýda göz gyzdyrýan käbir tenteklermi asyl mesele, ýa-da aýaly bilen ärimi? Eger bir kişi şolar ýaly negatiw, kirli aňly pikir edýän bolsa, onda ol kişiniň özi (köp halatda) şolar ýalydyr. Özi sözde sergileýänlere seredýändirde, beýlekilere "beýtmäň" diýýändir, emma biz olar ýaly pikir edemzok, biz dälliräp, aslyşyp duramzok. Medeniýet diýlen zat bolmansoň, geýinmegem sergilemeklik bolaýýar. Oglanlaryň köpüsi namart bolsa, şol namartlary düzeltmek üçin wagyz berseň has dogry bolmazdymy?

"Aý şu-la biriniň aýaly diýmeýärler, gyňaçla beter lak atýan haramzadalar bar. Onam dereje bilip "men pylanynyň aýalyny pylan etdim, eýtdim-beýtdim" diýmegi özüne dereje bilýän bigaýratlar kän. Onsaň sen nädip şolar ýaly bigaýratlar her ädimde barka, öz aýalyň geýnişine dykgat etmän köçä çykaryp goýberjek?"

Şolar ýaly kişiler dälliräp, ýöne lak atyp, yzan-çuwan bolup ýörer öýdemok, sebäbi hemme kişiňem akyly başynda. Biriniň şahsyýetini kemsitmegiň eýýäm jogapkärçiligi bar. Adamlar öz dertleri bilen başagaý. Emma bu kişi hamala hemme kişi bir zombi, her köçede adamlar topulýan ýaly edip gürrüň berýär. We ol aýal çagamy haw, äriniň buýrugyna tabşyrar ýaly, olam bir şahsyýet dälmi? Bu meselä aşakda düşündiriş berjek.

"Gara gapak ölýänem bolsa, köýnegini ýyrtdanym goýber hany, geýip bilşinden geýsin"

Indi geleliň asyl meselä. Agzalar, elbetde has açyk geýinmegiň dogry däldigini aýdyp biler, munda hiç mesele ýok, beýle bolsa men şeýle-de goýmazdym. Emma "etmäň" diýmeklik bilen "edip bilmersiň" diýmekligiň arasynda tapawut bar. "Şeýle geýinmek nädogry", "şeýtseň kän gelşikli bolmaýar" diýip hoşniýetli, medeni gürläp, munyň dogry däldigini aýdyp bilersiň. Emma ýigidimiziň agzyndan ýigrenç dökülýär, şeýlebir gödek, gazaply görnüşde aýdýar welin, berýän zady öwüt-nesihat, nesihaty gödekligiň üsti bilen berýär. Nesihat, öwüt-ündew, maslahat diýlen zatlar beýle gürrüň berilmeýär. Eger gürrüň berilýän bolsa ol öwüt-nesihat däldir, ýigrençdir. Iň soňky sözlemi we "ow", "ol-ow" diýip köçe dilli gürlemegi hem hemme zady belli edýär.
Şeýlebir gürleýär welin hamala aýallar ejiz, ysnat, öz pikirleri, saýlawlary bolmaýan, özüne jogap berip bilmeýän, çaga ýaly jandarlar hökmünde görkezýär. Bu kişi aýallary bir şahsyýet hökmünde görenok. Olary ärleriniň buýrugyna tabşyrýar.

Muny şeýle düşündirip bileris:
"Şeýle adamlar barka, nädip öz aýalyň geýnişine dykgat etmän köçä çykaryp goýberjek?
Asyl manysy: Sen aýalyňdanam ejizmi, nädip oňa diýeniňi etdirip bileňok, sen äri ahyryn, islän zadyny geýjek bolsa seret, etdirme, ol şahsyýet däl, ol bir adamam däl, sen seretmeli oňa çaga ýaly".
"Gara gapak ölýänem bolsa, köýnegini ýyrtdanym goýber hany, geýip bilşinden geýsin.
Asyl manysy: Heleýgulymy sen diýen etdirip bileňok, ol nädip seniň diýeniňi etmän hereket edip bilýär, sen erkek ahyryn, göni ur, ýyrt köýnegini, eger garşy çyksa jany çykýança ur, hany edip bilýärmikä?"

Aşaky sözlemi gaty howply. Köýnegini ýyrtyp goýber näme diýmek? Şolar ýaly birtopar bigaýrat oglanlaryň bardygyny bilýän bolsaň, şolar ýaly bigaýrat oglanlaryň seniň wagzyňdan motiwasiýa alyp, aýalyny sylaman urup ýören kişiler boljakdygyny hiç pikir edip bilmediňmi? Gaty erbet urmaga, sylamazçylyga itergi berýär diýýän zatlary. Her okumyş (okandyram öýdemok) alym bolmaz diýleni.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Seneca_13 tarapyndan 10-12-2023, 16:44

  • Fihruza Fihruza off № 61 11 декабря 2023 16:48
    Khanture,
    Onda sana ayal dushmany diysek bolyarmy ?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 62 11 декабря 2023 16:50
    meniň feminizme bolan garaýşym:
    feminizm (erkekler, has dogrusy beta erkekler) = aýallaňkyny götermek, öz erkeklik gururyňdan geçip lohluk etmek
    feminizm (aýallar, has dogrusy özüni ýere urýanlar) = özüňi erkek bilen deň saýmak, özüňi erkekden ýokary saýmak, beta erkekleri gul etmek, beta erkege durmuşa çykyp öýde hojaýyn bolmak...

    Bellik: bu meň aýallara bolan garaýşym däldir.
    Jogap
  • Fihruza Fihruza off № 63 11 декабря 2023 16:51
    Dowsypat.,
    Iki jyns hem den gatnashykda. Ibaly ar mydama oz diyenini etdirjek bolup jynsy islegni kanagatlandyrjak bolup yormez. Ony dine ahlaksyz yurekbulanc anly kishiler eder
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 64 11 декабря 2023 16:55
    Fihruza
    Khanture,
    Onda sana ayal dushmany diysek bolyarmy ?


    Näme üçin? men aýal duşmany däl, men feminizmiň goldawçysy däl. eger sen feminizmi goldaýan bolsaň we onda maňa diýip bilersiň aýal duşmany diýip.
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 65 11 декабря 2023 16:57
    Khanture,
    Onda "feminizmi göterýär" diýmede, gitde feminizmiň nämedigini öwrendä han ogul?!
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 66 11 декабря 2023 16:58
    Monako,
    Sen Link-da toparda barmydyň-aý?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 67 11 декабря 2023 16:59
    Seneca_13,

    Öwrenip öwrenmezligim saňa galdymy? öwrenemsoň feminizm = aýallaňkyny götermek diýýän, haýsy erkek, dalbaýop derejä düşüp, aýallar = erkekler diýip bilýä?
    Jogap
  • Monako Monako off № 68 11 декабря 2023 17:02
    Seneca_13
    Monako,
    Sen Link-da toparda barmydyň-aý?

    Men giremoga wagtym ýok. Meñ wagtym çäkli diýip aýdym aýdýarda bir bagşy :d Ýöne käwagt şular ýaly boşlara ahlak dersi bermäni gowy görýän
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 69 11 декабря 2023 17:07
    Monako,
    Oň-a diýemok Ahmedigiň toparyna diýýän, gir saňa link ugratdym.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 70 11 декабря 2023 17:08
    Monako,
    Ýokary ahlaklymy sen biz ýala boşlara ahlakdan ders berer ýaly? Öwret bize nädip ahlakly bolmaly? Aýallaňkyny götermelimi, seneka ýaly musulmanlara sen indi mürted bolduň dýmelimi?
    Jogap
  • Monako Monako off № 71 11 декабря 2023 17:11
    Khanture,
    Aýal duşmany tekiz ýerçi ?
    Jogap
  • Monako Monako off № 72 11 декабря 2023 17:12
    Seneca_13
    Monako,
    Oň-a diýemok Ahmedigiň toparyna diýýän, gir saňa link ugratdym.

    Hm bolor kimler bar?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 73 11 декабря 2023 17:14
    Monako,
    tüweleme buýsanaýmaly ahlagyň bar eken! seniň ahlak dersleriňe nädip ýazylyp bolara dost?
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 74 11 декабря 2023 17:15
    Khanture
    Monako,
    Ýokary ahlaklymy sen biz ýala boşlara ahlakdan ders berer ýaly? Öwret bize nädip ahlakly bolmaly? Aýallaňkyny götermelimi, seneka ýaly musulmanlara sen indi mürted bolduň dýmelimi?

    Bolýar seňki dogry.
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 75 11 декабря 2023 17:16
    Monako,
    Talyplardan girýänlere çenli bar eken, Ahmedigiň özi hemme agzalary db edipdir öýdýän.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 76 11 декабря 2023 17:17
    Seneca_13,
    meňki dogry bolsa näme birzatlar öwretmäge dyrjaşýarsyňyz? gysylýanja ýeriňizi gysyp gezip bileňzokmy?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 77 11 декабря 2023 17:45
    Speznaz, hany inim senem bir zatlar ýaz. magny doly teswirleňden okaýly.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 78 11 декабря 2023 18:13
    Soñlugy bilen LGBT diylen zady, halkyn yasayysynda in mohum zatlaryn biri hokumunde mahabatlandyryp,mowzuk acsalaram gen gorjek dal.

    "LGBT guna zat adamlar.Ondan uzak duruñ!" diysek,ony Hudayyn ozunden esitdinizmi?Hudayyn ozunden esitmedik bolsanyz onda siz murtat diyjeklerem tapylar oydyan.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 79 11 декабря 2023 18:22
    Dowsypat.
    Soñlugy bilen LGBT diylen zady, halkyn yasayysynda in mohum zatlaryn biri hokumunde mahabatlandyryp,mowzuk acsalaram gen gorjek dal.

    "LGBT guna zat adamlar.Ondan uzak duruñ!" diysek,ony Hudayyn ozunden esitdinizmi?Hudayyn ozunden esitmedik bolsanyz onda siz murtat diyjeklerem tapylar oydyan.


    atuw
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 80 11 декабря 2023 18:27
    Dowsypat.,
    "Soñlugy bilen LGBT diylen zady, halkyn yasayysynda in mohum zatlaryn biri hokumunde mahabatlandyryp,mowzuk acsalaram gen gorjek dal."

    Näme üçin geň görjek däl? Elbetde geň görersiň, we aýal haklary bilen LGBT haklarynyň arasyndaky tapawudy bileňok we bize bir zat öwretmäge, bizi bu meselede aýdyňlatmaga synanyşýarsyňmy?

    "LGBT guna zat adamlar.Ondan uzak duruñ!" diysek,ony Hudayyn ozunden esitdinizmi?Hudayyn ozunden esitmedik bolsanyz onda siz murtat diyjeklerem tapylar oydyan"

    Muňa jedelde giperbola usuly diýilýär. Sähel zady gaty uly edip çişirmek, gepi kesä çekmek, jogap berip bilmändigi üçin abraýlylygy oýnamak usuly. Eýýäm 4-nji gezek soraýşym, sen dini doly amal edýäňmi?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 81 11 декабря 2023 18:30
    Seneca_13,

    Seniň biriniňdine amal edişi bilen nä işiň? ol saňa däl Allaha jogap berýär. Sen nä Müňkir Nekir perişdemi oň amalyn sorar ýaly?
    Jogap
  • Fihruza Fihruza off № 82 11 декабря 2023 18:37
    Dowsypat.
    Soñlugy bilen LGBT diylen zady, halkyn yasayysynda in mohum zatlaryn biri hokumunde mahabatlandyryp,mowzuk acsalaram gen gorjek dal.

    "LGBT guna zat adamlar.Ondan uzak duruñ!" diysek,ony Hudayyn ozunden esitdinizmi?Hudayyn ozunden esitmedik bolsanyz onda siz murtat diyjeklerem tapylar oydyan.

    On bilen teman name baglansygy bar?
    Jogap
  • Monako Monako off № 83 11 декабря 2023 18:40
    Dowsypat.
    Soñlugy bilen LGBT diylen zady, halkyn yasayysynda in mohum zatlaryn biri hokumunde mahabatlandyryp,mowzuk acsalaram gen gorjek dal.

    "LGBT guna zat adamlar.Ondan uzak duruñ!" diysek,ony Hudayyn ozunden esitdinizmi?Hudayyn ozunden esitmedik bolsanyz onda siz murtat diyjeklerem tapylar oydyan.

    Haý mal
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 84 11 декабря 2023 18:40
    Muňa jedelde giperbola usuly diýilýär.

    Mena hic kim bn jedele giremok.

    "On nace kitap okadyn?" diyip oturan birini yadyma saldyñ.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 85 11 декабря 2023 18:42
    Monako
    Dowsypat.
    Soñlugy bilen LGBT diylen zady, halkyn yasayysynda in mohum zatlaryn biri hokumunde mahabatlandyryp,mowzuk acsalaram gen gorjek dal.

    "LGBT guna zat adamlar.Ondan uzak duruñ!" diysek,ony Hudayyn ozunden esitdinizmi?Hudayyn ozunden esitmedik bolsanyz onda siz murtat diyjeklerem tapylar oydyan.

    Haý mal


    Mal diýmek iň ýokary ahlaklylyk eken öwreneliň boşkelle doganlar, biziň ahlak boýunça birinji derejeli mugallymymyzdan
    Jogap
  • Monako Monako off № 86 11 декабря 2023 18:42
    Seneca_13,
    Link gelenoga. Birem maña Tory geçiräý faýlyñda bar bolsa dost gaýrat et, emaildan iberäý
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 87 11 декабря 2023 18:47
    Dowsypat.
    Muňa jedelde giperbola usuly diýilýär.

    Mena hic kim bn jedele giremok.

    "On nace kitap okadyn?" diyip oturan birini yadyma saldyñ.

    "Mena hic kim bn jedele giremok"

    Şol sebäplimi ýok-ýere LGBT-ny ara goşup, goh tuzuryp, bizi onuň bilen günäkärlemäge synanyşýarsyň?! Sen dini doly amal edýärmiň?!
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 88 11 декабря 2023 18:48
    Monako
    Seneca_13,
    Link gelenoga. Birem maña Tory geçiräý faýlyñda bar bolsa dost gaýrat et, emaildan iberäý

    Play market-da bolmal-a Tor, häzir poçtadan iberjek bolsaň 60 MB, gitmeýär bu gün.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 89 11 декабря 2023 18:48
    Dowsypat.
    Muňa jedelde giperbola usuly diýilýär.

    Mena hic kim bn jedele giremok.

    "On nace kitap okadyn?" diyip oturan birini yadyma saldyñ.

    şoşo :D
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 90 11 декабря 2023 18:52
    Fihruza
    Dowsypat.
    Soñlugy bilen LGBT diylen zady, halkyn yasayysynda in mohum zatlaryn biri hokumunde mahabatlandyryp,mowzuk acsalaram gen gorjek dal.

    "LGBT guna zat adamlar.Ondan uzak duruñ!" diysek,ony Hudayyn ozunden esitdinizmi?Hudayyn ozunden esitmedik bolsanyz onda siz murtat diyjeklerem tapylar oydyan.

    On bilen teman name baglansygy bar?

    Bular üçin tema bilen baglanyşygynyň bolmagyna gerek ýok. Sowatsyz we gözýetimi pes adamlar özüniň pikirinden başga sähel tapawutly pikirdäki adam görse, onda olary ahlaksyz, biedep, ganhor, LGBT, faşist, Gitler, ýewreýler, agent we ş.m hemme zad-a deňäp, meňzedýärler. Geň görme.)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler