Hemmä salam. Bu gün aýratyn bir temadan söhbetdeşlik açmak isleýärin. Size bir meselede bir zady gürrüň bermekçi, sizem pikirleriňizi, öz tejribeleriňizi paýlaşyp, beýleki adamlaryň ýa-da özüňiziň garaýyşlaryňyzy baýlaşdyryp bilersiňiz, elbetde hormat-sylagy ýatdan çykarman beýan edip bilersiňiz.
Gepi ulaldyp oturmaýyn, bir mollanyň aýdýan zatlaryna seljerme bermekçi biraz. Kimdigini tanamok, ýa-da öň gabat hem gelmedi, emma TikTokda paýlaşylypdyr, siziň tanaýan bolmagyňyz mümkin. Ilki ol kişiniň diýen zatlaryny paýlaşaýyn:

"Oý ýeri oý, tümmek ýeri tümmek görnüp duran, göräýmäge hemme ýerik ýapyk ýaly, emma dar, hemme ýeri bildirip dur. Ol ýalaňaç wagtynda-da şol owrat görünýär, Alla saklasyn. Ol geýnüwli emma şol owradyň bardygy bildirýär. Ondaň oňa öýlenmedik ýaş oglanyň şewheti oýanýar, ünsi gidýär. Etmedim diýende göz gyzdyrýar şoňa, Alla saklasyn, Alla saklasyn. Gowy zat däl. Güler ýaly zat däl oglanlar. Men gülmegiňiz üçin aýdamok bu zatlary. Namys ediň diýip aýdýan bu zatlary, ar-namysa degişli bu zatlar. Öz aýalyňa, sypatyna seredip, "pylan ýerik gidip geljek", "hä bolýar gidiber", şol sypatda görübem bolýar diýseň,  "bolýar onda bar men ile-güne aýalymy sergileýärin" diýmeklik bordar-ow ol-ow. Isleseň islemeseň umuman oglanlaryň köpüsi namarda haw. Aý şu-la biriniň aýaly diýmeýärler, gyňaçla beter lak atýan haramzadalar bar. Onam dereje bilip "men pylanynyň aýalyny pylan etdim, eýtdim-beýtdim" diýmegi özüne dereje bilýän bigaýratlar kän. Ondaň sen nädip şolar ýaly bigaýratlar barka, öz aýalyň geýnişine dykgat etmän köçä çykaryp goýberjek? Gara gapak ölýänem bolsa, köýnegini ýyrtdanym goýber hany, geýip bilşinden geýsin."

Hawa. Hany pikir ediň indi özüňiz, diýýän zatlarynda säwlik, nädogrylyk barmy? Ilki bilen, başdan öz esasy düşünjämi aýdaýyn, bu kişiniň kän zat bilmeýän, sowatsyz bir kişidigine kepil geçip bilerin emma subut edip bilmerin. Eger bir kişi ýigrenç bilen bir zady ündäp, maslaht berýän bolsa, ol kişi uly ähtimallyk bilen jahylyň öňdebaryjysydyr, sebäbi ýigrenç jahyllygyň dostudyr, ikisi birleşdimi şol ýerden iň uly pekge çykýar.
Men şu zad-a düşünemok, dünýäde gaty uly betbagtçylyklar, gyrgynçylyklar, adamzadyň iň mätäç bolan zatlaryna ýetip bilmeýän açlyk, suwsyzlyk bilen ejir çekýän millionlarça adamlar bar. Açlykdan ölýän millionlarça Afrikaly çagalar, kellesine roketa düşüp jan berýän kiçijek bedenler bar, emma bularyň bary derdi bolsa, aýallaryň geýim-gejimi, bular ýaly gözýetimi peslik bolarmy? Dünýäde gaty köp döwlet ykdysady çökgünlik bilen başagaý, açlykdan adamlar, kiçijek çagalar ölüp dur, ýa-da ölmegiň bäri ýanynda ýaşaýarlar, we bularyň sany örän köp. We ýene esasy ýeri, bularyň aglabasy musulman döwletlerinde bolup dur. Musulman musulmanyň dogany diýlen sözlem bardyr, bu söz, musulmanyň musulmana gaty ýakynlygynyň nähilidigini görkezmek üçin aýdylýan söz, emma şonça global meseleler, esasy gaty möhüm zatlar barka, mydama egin-eşik, saç, gaş we ş.m zatlary agzap durmaklyk bahyllyk ýaly gelýär maňa. Siriýada bir çaga "sizi o dünýäde Alla arz etjek" diýýär, bir çaga "öleli, ölsek o dünýäde doýarys" diýip dur, Afrika ýurtlarynda, Ýemende açlykdan ölýän çagalar bar, bu zatlary geçdim, örän uly ýalňyş dini maglumatlary paýlap adamlaryň aňyny zaýalaýanlar, Gurhany okamanam musulmandyryn öýdüp, şerigat isläp ýörenler we ş.m örän köp meseleler barka, gürleşilýän zat ýene şol gyz, egin-eşik, boldy.

We bir kişiniň näme geýip, geýmejegine özünden başga hiç kim onuň adyna gürläp bilmez. Sebäbi bu şahsy bir saýlawdyr, we biz onuň saýlawy sebäpli ony ýazgarmaga hakymyz ýokdur. Bu kişiniň egin-eşik, erkin saýlaw, daşary ýurtlardaky egin-eşik medeniýeti, nähili geýinmek we ş.m zatlar barada ýekejede pikiri ýok, ýagny bu barada ne bir zatlar okapdyr, ne gözýetimi giň, diňe ýat tutulyp lenç edilen sözleri saýraýar. Biraz bu meseläni açaly. Bir kişi islän zadyny geýip biler, islän eşigini saýlap biler, bu onuň haky, bize näme onuň näme geýip, geýmeýändiginden? Bize näme? Elbetde örän açyk geýinýän kişiler barada aýdamzok, meselem käbir ýurtlarda käbir gögele kişileriň diňe jynsy ýerleri ýapyk, olaryňam ýarsy görnüp dur, meselem bu dogry däldir, netijede nahar iýip oturan biri, seniň şol ýeriňi görmäge mätäç däl, ýa-da çaga-çuga bilen, maşgalasy bilen ýöräp barýan kişi, seni garşysynda görmäge mätäç däl. Geýilýän zatlaryň ýerleri we wagty bardyr. Meselem sen gyşda maýkaly, balakly entäp bilmersiň, şeýle-de köpçülik ýerlerde, jemgyýetçilik ýerlerinde beýdip geýnip bilmersiň. Diýýän eşigim gaty açyk, deňizde, derýada syýahat edilende geýilýän eşikleri köçede geýip ýören kişiler barada aýdýarys. Elbetde bular ýaly egin-eşikleri geýip, aýlanyp ýörmersiň. Emma biziň diýýänimiz (we bu kişiniň diýýäni) adaty eşik. Dar geýnip bilersiň, ýa-da jinsi, jalbar, maýka geýip bilersiň, bu zatlaryň hiç erbet tarapy ýokdur.

"Ondaň oňa öýlenmedik ýaş oglanyň şewheti oýanýar, ünsi gidýär. Etmedim diýende göz gyzdyrýar şoňa"

Bu pikir şeýlebir ýalňyşdyr welin, söz bilen düşündirmek mümkin däl. Eger aýal maşgala şeýle geýinende oglanyň şewheti oýanýan bolsa, bu ýagdaýda problema aýal däl, oglanyň özüdir. Näme üçin şewheti oýanýar, azarmy bu kişi, azanmy bu kişi, oýanmasyn. We "oglanlar şeýtmäň, bu dogry zat däl" diýmän, aýallara zat diýýär, işiň ikiýüzli tarapam şol.
We bu kişiniň ýene bilmeýän zady, munyň egin-eşik bilen baglanyşygynyň ýokdugy. Bu erk-ygtybar bilen baglanyşykly zat, şahsyýet bilen baglanyşykly zat, göz gyzdyrjak adam ýene göz gyzdyrar, egin-eşigi doly ýapyk bolsada. Sebäbi bu adamyň ygtybary ýok, terbiýesi ýok, bu kişi aýallar näçe ýapyk bolsa bolsun, hökmany ýagdaýda göz gyzdyrýar. Egin-eşigi doly ýapmak çözgüt däl, gaýta bu göni ters netije berýär. Birinji bilen, bu aňy zaýalaýar (sebäbi jynsy isleg bir mätäçlikdir), şol sebäpli bu kişiler hemme kişiňem ýapyk geýinmegini, geýinmeýänleriňem jezalandyrylmagy isleýär, käbir tentekleriň özi hem özüçe jeza kesen bolýar. Ikinjisi, bu zatlar näçe gadagan edilse, şonça-da garaşylýan netijäni däl-de, tersine netije berýär. Üçünji bilen bu meseläniň çözgüdi egin-eşigi ýapmak däl-de, sowatlylyk bilen baglanyşykly. Eger ýaşlykda gowy terbiýe berilse, ylym-bilim berilse, gözýetimi giňese, onda beýle zatlar bolmaýar. Meselem Ýewropa döwletleri, elbetde ol ýerlerde hem beýle zatlar bolsa derrew jezasyny berýärler. Egin-eşige diňe gadagan ediji düzgünler getirýän jemgyýetleriň, beýle etmeýän jemgyýetlere garanyňda has garyp, mydama uruş, gan, ýigrenjiň ýatmaýan jemgyýetlerdigini hem unutmaly däl.
We şewheti oýanyp, dälliräp duran kişilerem kän bardyr öýdemok, olam aýry mesele.

"Güler ýaly zat däl oglanlar. Men gülmegiňiz üçin aýdamok bu zatlary. Namys ediň diýip aýdýan bu zatlary, ar-namysa degişli bu zatlar."

Oturanlardan aralarynda gülýär öýdýän käbirleri. Bu molla hem güler ýaly zat aýtmaýandygyny, bu zatlaryň ar-namysa degişlidigini aýdýar. Hijem beýle däl. Bu aňyýet, namysy diňe aýal bilen baglanyşdyrýan aňyýetdir, namys diýlende ilkinji aýal göz öňüne gelýän aňyýetdir. Gaty nädogrydyr. Ar-namys aýalyň iki aýagynyň arasyndan geçenok, geýim-gejimden hiç geçenok. Ýalan sözlemegem namyssyzlykdyr, zat ogurlamaklygam namyssyzlykdyr, biriniň gepini edip ýörmegem namyssyzlykdyr, haýwanlara zulum etmegem namyssyzlykdyr, emma bularyň gürleşýän zatlarynyň 100-de 70%-i aýallar barada. Biriniň namysy barada gürleýän adamlaryň aglabasy namyssyz bolup çykýandyr. Biz kim bolýarysda beýleki adamlaryň namysyna (sözde) goşulýarys? Şewheti oýanyp, bir gyzy kösäp biljek oglanlaryňky namyssyzlyk däl-de, aýalyň geýim-gejimine dykgat etmegi namysmyş.

"Öz aýalyňa, sypatyna seredip, "pylan ýerik gidip geljek", "hä bolýar gidiber", şol sypatda görübem bolýar diýseň,  "bolýar onda bar men ile-güne aýalymy sergileýärin" diýmeklik bordar-ow ol-ow. Isleseň islemeseň umuman oglanlaryň köpüsi namarda haw."

Ýuwaş-ýuwaş beterinden beterine tarap barýarys.) Bu nähili dünýägaraýyşdyr haw? Indi bildik, Ýewropa, Amerika, Hytaý, Ýaponiýa ýaly döwletleriň erkekleri aýallaryny sergileýär eken. Nähili NAMYSSYZLYK?
Sergilemek bilen eşigine seretmegiň näme dahylly ýeri bar? Eger äri bilen aýaly, hemme meselede medeni düşünişip bilýän bolsalar, we aýalam erkinräk geýinmek islän bolsa, bu ýagdaýda göz gyzdyrýan käbir tenteklermi asyl mesele, ýa-da aýaly bilen ärimi? Eger bir kişi şolar ýaly negatiw, kirli aňly pikir edýän bolsa, onda ol kişiniň özi (köp halatda) şolar ýalydyr. Özi sözde sergileýänlere seredýändirde, beýlekilere "beýtmäň" diýýändir, emma biz olar ýaly pikir edemzok, biz dälliräp, aslyşyp duramzok. Medeniýet diýlen zat bolmansoň, geýinmegem sergilemeklik bolaýýar. Oglanlaryň köpüsi namart bolsa, şol namartlary düzeltmek üçin wagyz berseň has dogry bolmazdymy?

"Aý şu-la biriniň aýaly diýmeýärler, gyňaçla beter lak atýan haramzadalar bar. Onam dereje bilip "men pylanynyň aýalyny pylan etdim, eýtdim-beýtdim" diýmegi özüne dereje bilýän bigaýratlar kän. Onsaň sen nädip şolar ýaly bigaýratlar her ädimde barka, öz aýalyň geýnişine dykgat etmän köçä çykaryp goýberjek?"

Şolar ýaly kişiler dälliräp, ýöne lak atyp, yzan-çuwan bolup ýörer öýdemok, sebäbi hemme kişiňem akyly başynda. Biriniň şahsyýetini kemsitmegiň eýýäm jogapkärçiligi bar. Adamlar öz dertleri bilen başagaý. Emma bu kişi hamala hemme kişi bir zombi, her köçede adamlar topulýan ýaly edip gürrüň berýär. We ol aýal çagamy haw, äriniň buýrugyna tabşyrar ýaly, olam bir şahsyýet dälmi? Bu meselä aşakda düşündiriş berjek.

"Gara gapak ölýänem bolsa, köýnegini ýyrtdanym goýber hany, geýip bilşinden geýsin"

Indi geleliň asyl meselä. Agzalar, elbetde has açyk geýinmegiň dogry däldigini aýdyp biler, munda hiç mesele ýok, beýle bolsa men şeýle-de goýmazdym. Emma "etmäň" diýmeklik bilen "edip bilmersiň" diýmekligiň arasynda tapawut bar. "Şeýle geýinmek nädogry", "şeýtseň kän gelşikli bolmaýar" diýip hoşniýetli, medeni gürläp, munyň dogry däldigini aýdyp bilersiň. Emma ýigidimiziň agzyndan ýigrenç dökülýär, şeýlebir gödek, gazaply görnüşde aýdýar welin, berýän zady öwüt-nesihat, nesihaty gödekligiň üsti bilen berýär. Nesihat, öwüt-ündew, maslahat diýlen zatlar beýle gürrüň berilmeýär. Eger gürrüň berilýän bolsa ol öwüt-nesihat däldir, ýigrençdir. Iň soňky sözlemi we "ow", "ol-ow" diýip köçe dilli gürlemegi hem hemme zady belli edýär.
Şeýlebir gürleýär welin hamala aýallar ejiz, ysnat, öz pikirleri, saýlawlary bolmaýan, özüne jogap berip bilmeýän, çaga ýaly jandarlar hökmünde görkezýär. Bu kişi aýallary bir şahsyýet hökmünde görenok. Olary ärleriniň buýrugyna tabşyrýar.

Muny şeýle düşündirip bileris:
"Şeýle adamlar barka, nädip öz aýalyň geýnişine dykgat etmän köçä çykaryp goýberjek?
Asyl manysy: Sen aýalyňdanam ejizmi, nädip oňa diýeniňi etdirip bileňok, sen äri ahyryn, islän zadyny geýjek bolsa seret, etdirme, ol şahsyýet däl, ol bir adamam däl, sen seretmeli oňa çaga ýaly".
"Gara gapak ölýänem bolsa, köýnegini ýyrtdanym goýber hany, geýip bilşinden geýsin.
Asyl manysy: Heleýgulymy sen diýen etdirip bileňok, ol nädip seniň diýeniňi etmän hereket edip bilýär, sen erkek ahyryn, göni ur, ýyrt köýnegini, eger garşy çyksa jany çykýança ur, hany edip bilýärmikä?"

Aşaky sözlemi gaty howply. Köýnegini ýyrtyp goýber näme diýmek? Şolar ýaly birtopar bigaýrat oglanlaryň bardygyny bilýän bolsaň, şolar ýaly bigaýrat oglanlaryň seniň wagzyňdan motiwasiýa alyp, aýalyny sylaman urup ýören kişiler boljakdygyny hiç pikir edip bilmediňmi? Gaty erbet urmaga, sylamazçylyga itergi berýär diýýän zatlary. Her okumyş (okandyram öýdemok) alym bolmaz diýleni.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Seneca_13 tarapyndan 10-12-2023, 16:44

  • Monako Monako off № 91 11 декабря 2023 18:55
    Khanture
    Monako
    Dowsypat.
    Soñlugy bilen LGBT diylen zady, halkyn yasayysynda in mohum zatlaryn biri hokumunde mahabatlandyryp,mowzuk acsalaram gen gorjek dal.

    "LGBT guna zat adamlar.Ondan uzak duruñ!" diysek,ony Hudayyn ozunden esitdinizmi?Hudayyn ozunden esitmedik bolsanyz onda siz murtat diyjeklerem tapylar oydyan.

    Haý mal


    Mal diýmek iň ýokary ahlaklylyk eken öwreneliň boşkelle doganlar, biziň ahlak boýunça birinji derejeli mugallymymyzdan

    Siziñki ýaly ahlak dersi berýän aýal duşmanlaryna ?
    Jogap
  • Monako Monako off № 92 11 декабря 2023 18:56
    Seneca_13
    Monako
    Seneca_13,
    Link gelenoga. Birem maña Tory geçiräý faýlyñda bar bolsa dost gaýrat et, emaildan iberäý

    Play market-da bolmal-a Tor, häzir poçtadan iberjek bolsaň 60 MB, gitmeýär bu gün.

    Hany göreýin meñkiñ wersiýasy kiçidä bir zada açmala diýýärler göreýn
    Jogap
  • Fihruza Fihruza off № 93 11 декабря 2023 19:03
    Seneca_13
    Fihruza
    Dowsypat.
    Soñlugy bilen LGBT diylen zady, halkyn yasayysynda in mohum zatlaryn biri hokumunde mahabatlandyryp,mowzuk acsalaram gen gorjek dal.

    "LGBT guna zat adamlar.Ondan uzak duruñ!" diysek,ony Hudayyn ozunden esitdinizmi?Hudayyn ozunden esitmedik bolsanyz onda siz murtat diyjeklerem tapylar oydyan.

    On bilen teman name baglansygy bar?

    Bular üçin tema bilen baglanyşygynyň bolmagyna gerek ýok. Sowatsyz we gözýetimi pes adamlar özüniň pikirinden başga sähel tapawutly pikirdäki adam görse, onda olary ahlaksyz, biedep, ganhor, LGBT, faşist, Gitler, ýewreýler, agent we ş.m hemme zad-a deňäp, meňzedýärler. Geň görme.)

    Haha gaty dogry bularyn Russiyada okap yoreni sheyle bolsa bardakilerden kan zada garashmaly dal gen goremok
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 94 11 декабря 2023 19:49
    Henizem 3-4 sany sowatly,dushunjeli adamlarymyzyn barlygy.Yogsam bu halk sowatsyz we dushunjesizligi bilen otup gidiberjek eken.
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 95 11 декабря 2023 20:26
    Dowsypat.,
    Bir adamyň sowatlylygy, onuň düşünişmek islemegi bilen kesgitlenýär, bu mukaddes dinimizde-de şeýle, jemgyýetimizde-de şeýle. Ýok-ýere gepi ulaldyp, "LGBT barada gürlär bularuu" diýip kesä çekip, yryswa etmek bilen kesgitlenmeýär.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 96 11 декабря 2023 20:31
    Seneca_13
    Dowsypat.,
    Bir adamyň sowatlylygy, onuň düşünişmek islemegi bilen kesgitlenýär, bu mukaddes dinimizde-de şeýle, jemgyýetimizde-de şeýle. Ýok-ýere gepi ulaldyp, "LGBT barada gürlär bularuu" diýip kesä çekip, yryswa etmek bilen kesgitlenmeýär.


    howwa dogry aýdýaň, adama 'dinden çykdyň sen mürted bolduň' diýmek bilen kesgitlenýär.
    Jogap
  • Yonekey Yonekey off № 97 11 декабря 2023 21:48
    Aristotel ata "Dünýäde näçe adam bar bolsa şonçada filasofiýa bar" diýipdir. Men muny akyllysyramok üçin dälde, her kimiň her zada bolan garaýşy başgaça diýjek bolýan. Şoň üçinem öz pikirňi magtap oturmak hökman dälmikä diýýän. Hemme zadyňam iň bolmanda iki tarapyndan (ondanam köpräk) tarapyndan seretmäge mümkinçilik bar. Şu ýerde meň düşünşim boýunça şol molla bilen, awtor ikisinde meňzeşlik alamatlary ýüze çykýar. Sebäbi ol molla aýal gyzlaň geýnişini halaman birgiden zatlar aýtýa, awtoram şol mollaň aýdýan zatlaryny halaman bir giden zatlar aýtýar we ýenede agzalar tarapyndan ýazylýan teseirlerem şol görnüşde yzyna sepleşip zynjyr görnüşinde uzalyp gidýär. Şol zynjyram näçe uzaltsaň uzaldybermeli. Men bu ýerde aýdylan zatlara ýalan ýa-da dogry diýip, biriňi makullap, birinem basmak niýetim ýok. Meň aýtjak bolýan zadym siz bu ýerde näçe dawa etseňizem, näçe delil görkezip özüňiziňkini subut etseňizem peýdasy ýok. Sebäbi bir adam kimdir biri bir zat diýdi diýip öz etjek zadyny etmän durmaz. Ol biziň hemmämizede degişli. Biziň özümizem edýän haýyru şer işlermizde kimdir birleri tarapyndan berilýän öwütlere gulak gabrtjak bolup durmaýarys(käte gabartýas). Onsaň hiç kimiňem hiç kimden artyk ýeriniň ýoklugy ýüze çykýar. Men umumy öz pikirmi aýdandyrn gadyrdanlar. Belki meňem pikirimde ýalňyş bar bolmagy mümkin. Ýalňyşmaýan adam ýok. Sebäbi ýalňyşmak adamyň tebigatynda ba.
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 98 11 декабря 2023 22:30
    Yonekey,
    Medeni düşünişmek, hoşniýetli bolan, hoşniýetli pikiriňi beýan eden kişileriň terbiýesine müň gurban. Beýle häsiýetli adamlar bilen düşünişmezlikleriňem medeni bolýar. Meselem sen öz pikiriňi duşmançylyk götermän, milletparazçylyk etmän, töhmet atman aýdanyň sebäpli arkaýyn düşünişip, jogap berip bilerin.

    Emma käbir kişiler şeýlebir sowatsyz, gözýetimi pes welin milletparazçylyk edip, "ýewreýleriň fanady" diýip töhmet atyp, "LGBT" diýip goh tuzuryp, "boş" diýip, "mollalary yalança çykarsañ" diýip hamala biz hemme mollalaryň hemme aýdanlaryna garşy çykýan ýaly edip, "meniň aparadym işlänok şol sebäpli aýallaňkyny göterýän" diýip hamala şeýdýän ýaly aýdanlaryma kesä çekip, şunça zad-a garamazdan örän uly özüne ynam bilen "sen her kim pikirini paýlaşsyn diýýäň, ýöne saňa bärdäkileriň pikiri gyzykly däl" diýip bilýän kişiler bilen düşünişmek örän we örän kyn.
    Jogap
  • Yonekey Yonekey off № 99 11 декабря 2023 22:38
    Näme edemizdede adamlaň agzyny bogup bolmaýar. Adamlar aýdasy gelen zadyny hökman aýdarlar.
    Jogap
  • Yonekey Yonekey off № 100 11 декабря 2023 22:41
    Şu ýerde bir gowy goşgyny goýasym geldi, awtoryny bilemok ýöne bir ýerde eşdipdim we ýadymda galypdyr.

    Hawa ýalançynyň edähedi bi,
    Bagdan gül gysganýar, deňizden suwy,
    Gowulygy dünýeden gözleýäs weli,
    Ýok adamlar gowy, adamlar gowy.

    Geliň birek biregiň göwnüne degişmäliňle biderek ýere.
    Jogap
  • Fihruza Fihruza off № 101 11 декабря 2023 22:44
    Seneca_13,
    Gaty govy dusundirdin
    Jogap
  • Hemedany Hemedany off № 102 11 декабря 2023 22:45
    Adamyň öz milletini we watanyny söýip biler. Emma, öz milletini beýik hasaplamak dogry däl. Yslam dini, Allaha ybadat etmegiň kadalaryna görä adamyň artykmaçlygyny kesgitleýär. Ýokarda ýazan teswirimde milletparazçylygy göz öňüne tutmandym, niýetim dinden çykarjak derejede däldi. Sizem milletparazçylyk etdi diýip höküm etdiňiz. Milletparazçylyk etmek ynsany dinden çykarar (habarym bar). Ýalňyş düşünişme boldy, niýetim milletparazçylyk däldi. Bagyşlarsyňyz.
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 103 11 декабря 2023 22:46
    Aymyrat ahun Sewerny metjidin ymamy. Eger bilmeyan bolsanyz Turkmenistanda N1 ymamlardan. Edyan wagyzlary beryan gurrunleri durmusha gora edyar. Siz barde onun yok yerinde onun gybatyny edyaniz. Yenede dini owretjek bolyanyz adamlara. Shahsy hatyma nomerini yaz men seni name soragyn bar bolsa name shubhelenyan zadyn bar bolsa yanyna elteyin hema biri yok wagty yzyndan gepini edip gybat etmek gunaden ayyrayyn hemem soraglaryna jogap taparsyn. Aymyrady mufti belledi ymam edip. Her ymam 5 yyl 1 metjitde otyryp bilyar. Emma Aymyrat 20 yyla golay bari Shyhlaryn metjidi diylip tanalyan Hytrofkadaky Sewerny kocedaki metjidin ymamy. 20 yylyn icinde nace mufti saylandy emma hemmesem Aymyrady shol otyran koneje metjidinden ayyrmadylar. Muftuni bolsa Prezident saylaya. Sen barde eyyam dine Aymyradyn dal Muftem Prezidentem yalnyshdy diyen yaly. Eger shol adamynky yalnysh bolsa sen subut et yalnyshdygyny. Ol din adamsy Kuranda delil bar "ayallarynyzynyn bashyny ortun we uyat yerlerini namahrem erkeklerin gozlerinden goran" diyip. Sen indi bize we shutaydaky agzalara Kurandan delil getir '"Ayallarynyz islan eshigini geysin islan zadyny etsin" diyen ayaty. Ozunche adamlaryn ynanjy bilen oynama. Sen islan eshigini geysin diyip Gunbatarly adamlaryn pikirine uyyan. Bu yazan zatlarynam oz yuregin bn yazanok bu soz ilki senden chykmady 100 yyl mundan onem bardy 1400 yyl mundan onem. Arinin islan eshigini geysin diyyanlerem ozunin pikirleri dal 1400 yyl mundan on doran arap pygamberin Allanyn sozlerini halka yetiren adamyn sozi. Sebabi Kuran 1400 yyl mundan on geldi.
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 104 11 декабря 2023 22:53
    Edil ozun hazir kocede owadan gyz ya gelin gorsen bee owadanlyga berlipdiray diyyansin. Yok men ony diyemok men hic hili diyyan bolsan onda sen 2 tipli adam.

    1. Ylahy adam. (Yone ylahylygyna ynanmak kyn sebabi yok adamyn gybatyny edyan) eger Ylahy adam bolsan seni Isa Mesih geldi diyip Tik toka chykaraly. Abray alarsyn mesele yok o hakynda.

    2. Töksüň. Yagny aparadynda hic hili gymyldy hereket yoklugy. Bu yagdayda sana berip biljek maslahatym barde gezsen ustunden gulerler. Oylensen heleyin durmaz. Sana bu biabraychylykdan gutarmagyn yeketak yoly Gollandiya gidip erkege durmusha chyk. Sebabi shol yurtda 2 erkegin biri biri bn nikalashmagyna kanun tarapyndan rugsat berilyar
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 105 11 декабря 2023 23:03
    Agzalar barde biderek gowne degisheniniz galar. Tema dini tema. Sebabi din buyurya ayallara namysly we erkeklerem shol namysy goramak hakda dine Dinler buyurya. Hic dindede ayallary yazgarlanok. Yslam dindede ayallaryn sarpasy belentde tutulyar. Barde gurruni gidyan mollada din adamsy. Olam kitaplardan ayatlardan alymlaryn sozlerinden delil getirip aydyar. Inede onun subutnamasy. Indi Sinalko13 diydi Fihruza diydi Monako diydi yene garagor diydi shulara indi soragym. Shu aydylyan zatlaryn yalnyshlygyny siz indi Dinlerden getirin delil. Mysal ucin Yslamchylaryn Kuranyndan Hristianlaryn Injilinden Yahudilerin Towradyndan Buddalaryn Krishnalaryndan tapawudy yok delil gerek ozem Dini kitap bolsun yada shol dinin alymy bolsun. Mana oz dushunjanizi aytman. Mana delil gerek yalnyshdygy hakynda. Haysy kitapda yazylan Ayallarynyz islan eshigini geysin diyip. Hazir parahorluk dine bir dinde dal adamkarchiligiede dogry gelenok. Emma parahordan sora ne kanunda bar nede dinde almaly para diyip. Yone parahor oz dushunjesine uyya we alya. Shonun ucin oz koce dushunjelerinizi aytman mana dini kitaplardan dini adamlardan subut getirin. Kim shul agzany goldayan bolsa
    Jogap
  • Venus23 Venus23 off № 106 11 декабря 2023 23:26
    Seneca_13,
    Bir zat düşündirjek bolýanlaryň biri terbiýeli bolsa geň galardym. Akyly keltäň – dili uzyn.


    Özüňizi özüňiz teswirläpsiňiz....
    Jogap
  • Waleryanka Waleryanka off № 107 11 декабря 2023 23:50
    Seneca_13,
    Her nàmede bolsa śuń ýaly ćekiśmeli teswirleriñ dõremegine sebàp bolýan dùrli temadaky ( diñe dini dàl) mowzuklaryńyza yenede garaśýas.
    Makalamdaky "soygi name ucin gutaryar" atly makalańyzy bàrde hem paýlaśaýyñ wagt tapsańyz !?O saýta agza bolmak kyn (ćylśyrymly) .
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 108 12 декабря 2023 05:30
    Anil Kapur,
    Maňa dinden, akyldan, edepden, ahlakdan agzaýan agza senmi?

    Maňa gyzlar, aýal haklary, din barada ders berýän agzaň ýazýan zatlary:

    Anil Kapur off № 2098 августа 2022 15:07
    Haydaroff,
    Gyz mashgala gonumelligi halaya. Goni baryp "Mana durmusha chykjakmy" diy. Gownun yeten bolsa.

    Anil Kapur off № 30713 августа 2022 17:31
    Aksary,

    Diymek bu gepde "Kuntichiligin ayby yok" diyip edibermelda ))).

    Anil Kapur off № 28513 августа 2022 10:35
    Her dar geynene soz aydylanok. Soz aytdyrmagyn yoluny gelinlerin ozleri me sana bolya. Koplenc awtobusda koplenc yolda. Edep hayasyny gidiren gelinlere soz aydaymaly.

    Anil Kapur off № 28413 августа 2022 10:32
    Adamy hic hacan geyyan eshigine seredip baha berman
    (Özi eşigi tankytlap dur))

    Anil Kapur off № 28913 августа 2022 11:59
    Gyza seretmedigime kop wagt boldy

    Senden doyman bashga gyz gelinin gozleginde bolsa. Esasy kriteriya gyz oglanyn oglanam gyzyn islegini kanagatlandyryan bolmaly. Adamkarchiligi in anrybash bolanda name biri birinizin islegini kanagatlandyryp bilmeyan bolsanyz. Ol zatlar Tebigy zatlar. Ony gizlap saklap bolonok. Shonun ucin esasy zat biri birinizin islegini kanagatlandyryp doyuryp bilyan bolun.

    Ashaklaryny sowukladyp durmusha chykyalar. Erkek gorgula ish bolyalar.
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 109 12 декабря 2023 05:31
    Anil Kapur,
    gyz wagtynyz yatsanyz yatanynyz. Are barsanyz ilka ariniz sonam chaganyz yatyrmaz sizi

    bir gezekde yrylyan gyzlar kuntiler.

    bir sk goren onar iki sk goren 3njini ozi gozlap tapar

    (Ýaşy kiçi gyz agzalar bardygyna garamazdan...))

    koynegin in daryny geyip emjegi gotuni gorkezip

    myjjygy chykyp ogshalyp oynalyp hatda kabir gyzlar bar "gyzlygyma degme" diyip dashyndan suyketdirip ya bolmasa yzyna goyberdip gyz bolup chykyanlaram kan. Sho un ginekologa eltayendede ol sana dine gyzmy ya gyz daldigini aydar. Emma onun gunde nace gujakda yatyp gunde nace gezek yzyna goyberdyanini ya bolmasa suyketdiryanini aydyp berip bilmez anrybash Ginekolog bolandada.
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 110 12 декабря 2023 05:34
    Anil Kapur,
    Bu agzamyz taryha-da kelle döwýär eken-ä:

    Dashoguz Lebap ozbeklere Mary Ahal Eyrana bakna bolup yashadylar. Aslymyza seretsek biz turkmen dal ya ozbek ya pars sonky soweshler yada rus bolyas:).

    Anil Kapur off № 7717 июля 2022 21:46
    Hiayress,

    Dashoguz Lebap ozbeklere Mary Ahal Eyrana bakna bolup yashadylar. Aslymyza seretsek biz turkmen dal ya ozbek ya pars sonky soweshler yada rus bolyas:).

    Suyde sine seretsen gan gorner bize sine seretsek ozbek ya pars rus gorunaymesin

    Nuh Pygamberin Yasef oglunyn Turki diyyan oglundan gaydan Turki dilde gurleyan milletler.

    Sen din bn ylymy goshma diyyan. Hemme ylymlaryn anyrsy dine barya. Injil Kuran Zebur Towrat hemmesinde yazylgy senin ylym diyyanin.

    Musulman dowletlerinin in guyclisi Eyran in akyllysy Turkiye ikiyuzlisi Saud Arabystan gorkagy biz

    Turkmenda gow gorunjek bolup telpek eltman kelle eltyan halkda.

    Shahrukh khan off № 32121 ноября 2021 21:30
    Yaranjanlyk bizin ata baba ganymyzda bar. Ganynda bar zat nesilme nesil gecyan zat. Ilki orsa ondan on Ak patysha ondan onler Hywa Buhara Eyran hanlygyna garaz uytgeyan zat yok.

    Yone name diysenem Soyuz bizi medenyetli etdi. Bolmasa haysy bayyn at tutary ya haysy bayyn gapysynda gul boljagymyz belli daldi

    Turkmenler mun yyl mundanam on ejize ganym galtamanchylykly yollar bilen biri birini basyp oldurip yok ederdiler. Yene mun yyldanam uytgejek zat yok sho bir hasiyetli bolar" diyip
    Jogap
  • DonMaxx DonMaxx off № 111 12 декабря 2023 11:22
    Seneca_13,
    gaty birhilek ekenin halamadym seni
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 112 12 декабря 2023 14:22
    DonMaxx,
    Hakykaty eştmegi halaýan dälsiň, adaty ýagdaý.)
    Jogap
  • Džumaýewa Džumaýewa off № 113 12 декабря 2023 14:56
    Yonekey,
    gaty dogry iclerinde bar bolan erbet taraplaryny gorkezdi bulara
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 114 12 декабря 2023 23:56
    Temanyn ashagyna yazmaly ekenin pikirinizi meni goldayanlar yazsyn diyip. Onnanam bar teswirlemi yzarlap kopyalapsyn diymek sen mana hayran galyan. Sebabi ozunden uytgeshirak adamyn yazanlaryny yzarlayan. Mana senin ne temalandan nede teswirlen gyzykly sho un seni yzarlamok. Sen pikirini yaz diyyan yenede sen on shey diyipsin bey diyipsin diyip ozun gutaran oglandygyny gorkezip dursun. Eger gutarmadyk bolanda beydip menin yalnyshlyklarymy yazmazdyn. Men senin yalnyshlygyny yazmadym men senin uly ilin ynanjynq yalnysh diyip ozunkinin bolsa dogrudygyna ynandyrjak bolyan. Menem ozunkinin dogrudygyny subut et diydim. Subut et men indiki gezek bir gelin bn tanyshjak bolamda " ay owadan gelin Allah Kuranda shey diyipdir" diyer yaly subutnama gorkezmek un gowyda.
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 115 13 декабря 2023 00:41
    Anil Kapur,
    Saglygyň!)
    Jogap
  • Гость Гость off № 116 13 декабря 2023 10:14
    Seneca_13
    Гость,
    Mowzugy çyndanam okadyňyzmy?!

    Okadym.
    Ýöne seniň bu wagyza beren reaksiýaňa düşünmedim. Şul adam erbet zat aýdypdyrmy, zyýanly zat aýdypdyrmy?
    Jogap
  • Гость Гость off № 117 13 декабря 2023 10:15
    Seneca_13
    Гость,
    Mowzugy çyndanam okadyňyzmy?!

    Okadym.
    Ýöne seniň bu wagyza beren reaksiýaňa düşünmedim. Şul adam erbet zat aýdypdyrmy, zyýanly zat aýdypdyrmy?
    Jogap
  • Uly Hojaýyn Uly Hojaýyn off № 118 13 декабря 2023 18:58
    Khanture
    Dowsypat.
    Seneca_13

    Diniñ ugrundan wagyz edýan edýan mollalary yalança çykarsañ,bize menzeşleri mürtede çykarsyñ onda din ugrundan senin bilen dusunisip biljek adam tapylar oydemok.


    Dinimizi öwrenmekde şular ýaly aparady işlemänsoň aýallaňkyny göterýän demokrat feministsumaklardan öwrenmeli ekenik, bilmändiris bro ?

    Köpçülikde biriniň apparady hakynda gep açma özüňi masgara edersiň, sebäbi sen şonuň apparady bilen gyzyklananyňy hemme bilýär!! Seniň peýdaňa aýtýan!
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 119 14 декабря 2023 15:56
    Гость,
    Peýdaly zat aýdypdyr (!)
    Jogap
  • Гость Гость off № 120 14 декабря 2023 16:06
    Seneca_13
    Гость,
    Peýdaly zat aýdypdyr (!)

    Onda bu pretenziýa näme üçin?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler