Köpden bäri meni haýran galdyrýan meseläni gozgamakçy. Men synçyl gyz. Aňsat-aňsat meň gözümden zat sypanok. Şol sanda ýatkeşem özüm. Her agzaň pikirlerini, özüni alyp barşyny uly üns bilen synlaýan. Siz moderligiň üçin synlaýansyňda diýseňiz, ýalňyşýaňyz. Men asylam şeýle. Indi meni haýran galdyrýan zat barada aýdyp bereýin.
Şu saýtda Mountain, Baýker, Arkaç, kwadrat kelle, Remezan, Soho, Massimus, Gumly gelin, Esma, Öwrenýän… we beýleki uly ýaşly agzalarymyz “SIZ” dili bilen gürleýärler. A biz bolsa, näçe ýaş kiçi bolubam “SEN” dili bilen gürleýäs.
Käbir kiçi ýaşly agzalara jigim diýip ýüzlenseň, “Men seň jigiň däl. Jigiňi gitde başga ýerden gözle. Maňa akyl satma, şeýle akylyň kän bolsa, özüň peýdalan” diýýärler. Meň özüm-ä, Baýker, Mountain we Arkaç agamdan “Jigim” sözüni eşdenimde (okanymda) özüme buýsanýaryn. Meni jigisi ýaly gowy görýär diýip pikir edýän. Şony hormat hasaplaýan.
Arada kwadrat kelle bir maslahat soraýar welin, gürleýşine berekella diýdim. Özüniňem men ýaly ogly bar eken. Şonda-da siz diýip ýüzlenip, gara-gadyr. Ýagny medeniýetli gürleýär. Remezan akga bilen Massimus akga-da şeýle. Her teswirlerini okaýan welin, diňe sylanşykly siz dili bilen jogap berýärler. Ýogsa biziň (agzalaryň) özlerinden kiçidigini bilýärlerem.
Şolar şol ýaşda şeýle medeniýeti saklaýarkalar, bize bu ýaşda medeniýetli bolmak şeýle kynmyka? Üns berseňiz, menem talyplarda siz dili bilen gürleýärdim. Soň ýürekden (samimi) bolan agzalaryma sen dili bilen ýüzlenip başladym. Aslynda, “Siz” dili bilen gürlemegi özüm gowy görýän.
Ýaşlardan Dark_wolf agza bilen käte Khanture, Granger we Rigel agza siz diýip gürleýärler. Başga-da ýatlasam ýazaryn kimlere haýrandygymy.

Siz haýsy agzaň, haýsy aýratynlygyna haýran galýaňyz?!

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 17-06-2022, 23:59

  • Bendtner Bendtner off № 61 18 июня 2022 01:02
    FanB,
    Dosowlan gawmy? Sen nirdendiň?)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 62 18 июня 2022 01:04
    Granger,
    Anektody aýtda... Senem gyzyklandyryp goýýaň wara
    Jogap
  • FanB FanB off № 63 18 июня 2022 01:04
    Nirvana,
    Başga kime nähili görnüşde haýran galýaňyz hanym Nirvana. Emosiýalaryňyzy stikerlerde beýan edäýseňiz :)
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 64 18 июня 2022 01:04
    Nirvana
    Khanture agzaň “Men Iýunyň 1-na boşaýan. Ikimiz fantastiki hekaýa ýazaly” diýibem, sesini çykarman Iýulyň 1-na garaşjak bolýanyna haýran galýan. Hemem şoň özüne sögselerem, üstünden gülselerem sowukganlylygy saklaýandygyna haýran galýan.

    Eýýam on ýedi gün geçäýipdirow. Ýyldyzly asman astynda diýip ylmy hyýaly fantastiki psihologiki žanrda ýazmaly òzä.. ady nädýä???
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 65 18 июня 2022 01:05
    Hiayress,
    Hyyar iyella dosowlan)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 66 18 июня 2022 01:05
    Granger
    Nirvana
    Granger
    ...?

    Gülmek bilen çäklenmän, haýranlyklaryňyzam beýan edäýseňiz. :)

    Kommentlere gülüp hezil etdim :)
    Şular ýaly mowzuklary köpräk açyň. Artyp galan saýta baglap goýaýýaňyz, internet baglylygyma ýokdy welin :)
    Men umuman siziň haýran galyşyňyza haýran galyp otyryn. Bir erbedräk anekdot ýadyma düşdä, masgara ?
    Aslynda men bular ýaly zatlary gündeligme-de ýazmaga nemedip, bir kagyza ýazyşdyryp, üstüni isleýşimçe garalap, soňundanam ony gaýçy bilen ýa elim bilen dogram-dogram edip heziller edinýän :))


    Men açjak-la welin, özümi kän ýigrendirmäýin diýýän. Meni şeýle-de jany-jigeri bilen ýigrenýänler ýok däl.
    DonMaxx akga maňa köpden manyly ýaňraýanlardan sen diýipdi. :))
    Jogap
  • FanB FanB off № 67 18 июня 2022 01:05
    Bendtner,
    Salawmaleýkim dos bamyñay senem. Menem Ahal illerinden Tejen diýen ýerinden
    Jogap
  • Granger Granger off № 68 18 июня 2022 01:06
    Hiayress
    Granger,
    Anektody aýtda... Senem gyzyklandyryp goýýaň wara

    Soraman geçenligiňde haýran galardym :))
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 69 18 июня 2022 01:06
    FanB
    Bendtner,
    Salawmaleýkim dos bamyñay senem. Menem Ahal illerinden Tejen diýen ýerinden

    Waleykum balay Nazar dost)
    Men sana bn oydup yorduma)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 70 18 июня 2022 01:06
    Bendtner
    Nerwini oynasalar menem nerwilerni dwajdy oynayan hitry

    Şol nerwiňi oýnaýanyňyza haýran galýan.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 71 18 июня 2022 01:08
    FanB
    Nirvana,
    Başga kime nähili görnüşde haýran galýaňyz hanym Nirvana. Emosiýalaryňyzy stikerlerde beýan edäýseňiz :)

    Stikerler meň hyýalymdaky keşbe gabat gelmäýmese.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 72 18 июня 2022 01:08
    Bendtner,
    Dosti hemme zady menden sorap etmek gerek däl. Iýesiň gelse alda iýiber. :)
    Jogap
  • FanB FanB off № 73 18 июня 2022 01:09
    Bendtner,
    Menä Mähek bilen bir dilde gürleşjek bolup ýomutça gürledim welin olam Teke bolup çykda :)
    Ýöne Balkanlylañ dilinde gawy gürleýän gerek :)?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 74 18 июня 2022 01:09
    Granger,
    Anektody diňläli.?
    Jogap
  • FanB FanB off № 75 18 июня 2022 01:10
    Bendtner,
    Bn-ly kursdaslamam bardyda sholardan owrendim
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 76 18 июня 2022 01:10
    Hiayress
    Bendtner,
    Dosti hemme zady menden sorap etmek gerek däl. Iýesiň gelse alda iýiber. :)

    Hyyar yoga dosowlan, sen hyyar iyip yorenson diydimlay)
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 77 18 июня 2022 01:10
    Hyýar diýmäñ inni şul owlana, ne gözel owlon. hyýar diýip işini gördüm men. diýmesem boljak eken ?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 78 18 июня 2022 01:11
    Men birine haýran galýan. Ýöne ol bärde agza däl. Myhman bolup girýän eken...
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 79 18 июня 2022 01:11
    Granger,
    Senem çülki edip süýündirmän, göni aýtsaň haýran galardym. :))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 80 18 июня 2022 01:11
    Khanture
    Nirvana
    Khanture agzaň “Men Iýunyň 1-na boşaýan. Ikimiz fantastiki hekaýa ýazaly” diýibem, sesini çykarman Iýulyň 1-na garaşjak bolýanyna haýran galýan. Hemem şoň özüne sögselerem, üstünden gülselerem sowukganlylygy saklaýandygyna haýran galýan.

    Eýýam on ýedi gün geçäýipdirow. Ýyldyzly asman astynda diýip ylmy hyýaly fantastiki psihologiki žanrda ýazmaly òzä.. ady nädýä???

    Daş??
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 81 18 июня 2022 01:12
    Khanture
    Men birine haýran galýan. Ýöne ol bärde agza däl. Myhman bolup girýän eken...

    Söz aýtdymy? ;)
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 82 18 июня 2022 01:13
    FanB
    Ýöne Balkanlylañ dilinde gawy gürleýän gerek :)?

    Heywii hawa sen beter gawy kepleýäňdaý, senden sorayyn diyip ýötdim sen yomutmykaň oydup ;))mende owrendim yomutla bn köf kepleship)
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 83 18 июня 2022 01:13
    Nirvana
    Khanture
    Men birine haýran galýan. Ýöne ol bärde agza däl. Myhman bolup girýän eken...

    Söz aýtdymy? ;)

    Haýran galdyrdyň ;))) nädip bildiň?
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 84 18 июня 2022 01:13
    Bendtner,
    Men señ sesiñe haýranda wara ?
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 85 18 июня 2022 01:14
    Bendtner,
    yomut birini tàpda reski öýlen arbuz
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 86 18 июня 2022 01:14
    Bendtner,
    Iýwiçkine siziň munuňyza. Gawsy meň gürleýşime garaň. ))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 87 18 июня 2022 01:15
    Khanture
    Nirvana
    Khanture
    Men birine haýran galýan. Ýöne ol bärde agza däl. Myhman bolup girýän eken...

    Söz aýtdymy? ;)

    Haýran galdyrdyň ;))) nädip bildiň?

    Psihologiýadan başym çykýandygyny unudýanyňa haýran galdym.
    Jogap
  • Granger Granger off № 88 18 июня 2022 01:15
    Nirvana
    Granger
    Nirvana
    Granger
    ...?

    Gülmek bilen çäklenmän, haýranlyklaryňyzam beýan edäýseňiz. :)

    Kommentlere gülüp hezil etdim :)
    Şular ýaly mowzuklary köpräk açyň. Artyp galan saýta baglap goýaýýaňyz, internet baglylygyma ýokdy welin :)
    Men umuman siziň haýran galyşyňyza haýran galyp otyryn. Bir erbedräk anekdot ýadyma düşdä, masgara ?
    Aslynda men bular ýaly zatlary gündeligme-de ýazmaga nemedip, bir kagyza ýazyşdyryp, üstüni isleýşimçe garalap, soňundanam ony gaýçy bilen ýa elim bilen dogram-dogram edip heziller edinýän :))


    Men açjak-la welin, özümi kän ýigrendirmäýin diýýän. Meni şeýle-de jany-jigeri bilen ýigrenýänler ýok däl.
    DonMaxx akga maňa köpden manyly ýaňraýanlardan sen diýipdi. :))

    Maňa gabat gelen däldirler onda ?
    Sizi ýüzlerine sylardylar))
    Meň pikirimçe moderligiňizden şolar ýaly ýerde peýdalansa bolar. Eýse, saýty aktiw saklamak... elbetde başlyklara bagly.
    Jogap
  • FanB FanB off № 89 18 июня 2022 01:15
    Bendtner,
    Men-de şy ýomutla bilen köf kepleşdim :)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 90 18 июня 2022 01:15
    garaburc,
    Sesi 100-lük turbadan çykýan ýaly nämesine haýran galýaň?!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler