Dil bilmek - adamzadyň iň uly artykmaçlyklarynyň biridir. Bir dil bilen bir adam, iki dili bilen bu eýýäm iki dili bilýän adam. Alymlaryň aýtmagyna görä dünýädäki iň owadan dil fransuz dili hasaplanýar. Fransuz diýlende iki zat göz öňüme gelýär. Bu "PSJ" bilen "Eýfel". Ýöne Parijiň özüne-de kembaha garap bolmaz. Russiýanyň beýik perzendi Wladimir Maýakowskiniň: "Ýer ýüzünde Moskwa diýlen şäher bolmadyk bolsady, men Pariž köçelerinde ölmägede razy bolardym" diýen tarypyna mynasyp bolan şäher (Temadan biraz uzaklaşdyk).
Ýöne islendik adam ilki bilen öz dilini, oň grammatikasyny, orfografiýasyny gowy öwrenmelimikä diýýän. Öz diliniň aýratynlygyny, özboluşlylygyny doly özleşdirmedik adam başga dilleri kämil öwrenip biljekdigi şübheliräk biraz.
5-6 ýyllykda bizde "türksumak" (türksüpük) sözi moda bolup ugrady. Käbir ýagdaýlarda bu söz häzirem trentde. Näme üçin türkçe gepleýänler barada şeýle negatiwler ulanylýarka. Özüm barada aýtsam, rus diline simpatiýam uly. Öz dilimiň grammatikasy, ummasyz söz baýlygy bilen içgin gyzyklansamam, kä ýerlerde rus sözlerini ulanmagy gowy görýän. Ýöne iki türkmeniň özüni sowatly görkezmek üçinmi, ýa başga sebäpler boýunçamy özara rusça gepleşişlerini umuman halamok.
Soňky ýyllarda biz islesek, islemesek türk medeniýeti aramyza ynamly ädimler bilen girip geldi. Türk aýdymlary, gepleşikleri, seriallary söýgüli zenanlarymyzyň, hatda käbir erkeklerimiziňem uly gyzyklanmalaryna sebäp boldy. Türk egin-eşik brendleri barada aýdybam oturma'ly, muň özi bir ullakan mowzuk.
Rus dilini halaýanlar sözleriniň arasyna rusça goşup gürleseler geň görenoklar, ýöne türkçe goşaýsaň dat günüňe.
"Türksumak" sözüni ilki bolup kim oýlap tapanam bolsa, döredijiliginde üstünlik arzuw edip, türk dilini halaýanlar barada bir azajyk obýektiw garaýyşda bolsak nähili görýäňiz?

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Massimus tarapyndan 11-07-2022, 14:02

  • Gauzen Gauzen off № 91 11 июля 2022 16:21
    Pegas
    Gauzen
    Гость
    Gauzen,
    Çeperligi artýa diýip başga milletleň sözlerini sözlügmize goşmagy dogry hasaplaýaňmy sen?!

    Onda ulanmaňda alynma sözlerini. Her bir zady "Ene dilimizde" beýan edeliňdä gepleşik dilinde-de. Rus, iňlis, latyn sözlerini sözlügimize goşanyňda bolýada türk sözlerini goşsaň suwjuklyk bolýarmy?!

    Seň diýýän rus, iňlis, latyn sözleň köpüsi aslynda internasional sözler. Umumadamzat sözleri.

    *international
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 92 11 июля 2022 16:22

    *internasional
    Jogap
  • Гость Гость off № 93 11 июля 2022 16:22
    Gauzen,
    Gaýtam köpräk türk sözlerinden alynma sözlerini alyp ulanyşyga girizmeli meniň pikirimçe. Şeýtseň dilimiz has-da baýlaşar, çeperçiligi artar.

    - "Ulanşyga girizmeli" sözüňe men ýalňyşyrak düşünipdirin gardaş
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 94 11 июля 2022 16:23
    Pegas
    Gauzen
    Pegas
    Gauzen
    Гость
    Gauzen,
    Çeperligi artýa diýip başga milletleň sözlerini sözlügmize goşmagy dogry hasaplaýaňmy sen?!

    Onda ulanmaňda alynma sözlerini. Her bir zady "Ene dilimizde" beýan edeliňdä gepleşik dilinde-de. Rus, iňlis, latyn sözlerini sözlügimize goşanyňda bolýada türk sözlerini goşsaň suwjuklyk bolýarmy?!

    Seň diýýän rus, iňlis, latyn sözleň köpüsi aslynda internasional sözler. Umumadamzat sözleri.

    *international

    *internasional

    Çyn bolsa dogrudyr...
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 95 11 июля 2022 16:23
    Gauzen,
    Bedel - hak,haky.
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 96 11 июля 2022 16:26
    Mümkin
    Gauzen,
    Bedel - hak,haky.

    Onda " Bedel ödemek " bolanda hakyny bermekmi? Beý diýibem bolar ýöne manysy üýtgeýä.
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 97 11 июля 2022 16:28
    Mümkin
    Gauzen,
    Bedel - hak,haky.

    Bir sözlem alda şeý diýip terjime edip gör. Öz göwnüňe laýyk bolýarmy şol?!
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 98 11 июля 2022 16:32
    Netije
    Garaz türk sözlerini almak, ulanmak "kilçermek", "suwjuklyk" bolýa-da käbiriňiz pikiriňizçe. Aý bolubilýä diýäýmesem näme edeýin?! Her kimiň öz garaýşy, öz pikiri. Hemme kişiň pikirine hormat goýýan. Türk diline reaksiýaňyzy beýan etdiňiz.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 99 11 июля 2022 16:33
    Gauzen,
    Alyjy:
    Bunun bedeli nedir?
    Terjime:
    Munuñ haky näçe?

    Kino gahrymany: Ben bu bedeli ödeyemem.
    Terjime: Men munuñ hakyny ödäp bilmen.
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 100 11 июля 2022 16:40
    Mümkin
    Gauzen,
    Alyjy:
    Bunun bedeli nedir?
    Terjime:
    Munuñ haky näçe?

    Kino gahrymany: Ben bu bedeli ödeyemem.
    Terjime: Men munuñ hakyny ödäp bilmen.

    "Sana olan sevgimin bedeli mi bu?"
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 101 11 июля 2022 16:44
    Gauzen,
    Men-ä kilçermek suwjuklyk hasap edemok.Gowy gulaga ýakymly dil.Şol dildäki Cemal Süreyyañ,Atilla Ilhanyñ goşgularyny hezil edinip okaýan.Mahal-mahal
    "Ben sana mecburum bilemezsin" diýen şahyrana goşgy setirlerini serimde gaýtalamakdan lezzet alýan.
    Rus dilem şeýle.Atajan Tagan rus dilini goşgy ýazmak üçin iñ gowy dil hasap edýär.Hatda rus dilini türkmen dilini bilşiniñ ýarysyça bilen bolsa eserlerini rus dilinde ýazjakdygyny aýdýar.
    Bulara garamazdan,dilimize türk rus sözlerini goşup ulanmaklaryna garşy.Dogry,alynma sözlerimiz kän bolandyr.Bulardan daşary halkara adalgalaram ulanýandyrys.Ýöne men indi şular bilen çäklenmegiñ tarapdary.Biziñ dilimize biz eýe çykmasak özge millet gelip eýe çykmaz.
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 102 11 июля 2022 16:50
    Mümkin,
    Aslynda mowzugyň özi türk dilini ulanýanlary "türksumak", "türksüpük" diýip kemsitmezlik barada. Rus dilini bileniň üçin gomparylyp gezmeli, tersine türkçe gepleseň başyňy aşak salmaly...
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 103 11 июля 2022 17:06
    Bilseň 15 dilde gürle, öwren, maglumat topla. Dünýä çykmak üçin her birimiz hökman dil bilmeli. Haýsy döwlete, jemgyýete girjek bolsaň, şol döwletiň dili bilen girmeli.

    Köpüňiziň teswiriňiz mowzukdan bölünip gidipdir. Awtor size türkçe gürlemäň diýmändir, bilseň-bilmeseň, zerurlyk ýok ýerinde-de manny kaşa edip ýörenler bar, şolar hakynda aýdylýarmyka diýýän. Dogrudanam şolar ýalylar azmy näme?

    Bir dil bilsem, meniň özüme peýda. Maňa gerek maglumatlary bilýän dilimde gözleg etmeli, öwrenmeli bolýan. Dil bilmesem, düşünýän dilimdäki bolanja maglumatlar b.n çäklenmeli bolýan.

    Häzirki wagtda iň zerur bolan esasy dilleri öwrenmegimiz gerek. Dünýä bazaryna çykmak üçin, dünýäniň islendik künjegindäki wakalary, habarlary gyzgyny bilen bilmek üçin iňlis, nemis, rus, fransuz, arap dillerini derwaýys öwrenmeli, okuw dersliklerine girizmeli, talap etmeli...

    Emma, nähili dilçi bolmakdan ötri, öz ene diliňden üstüni ýokdur. Öz ene dilini bir kemsiz bilmän, başga dillere ymtylyşy entäk irräk bolaýmasa.
    Sebäbi, adam bir dilde kän gürlese şol dile uýgunlaşyp başlaýar, dili uýgunlaşsa soňabaka aňy uýgynlaşýa, pikirlenşi uýgunlaşýa. Soňra bütünleý şol diliň wekilleri ýaly özüni alyp barmagyna öwrülip gidýär. Bu elbetde pajygaly.

    Ýokarda aýdyşym ýaly, gerek maglumatlary toplamak üçin, okamak üçin, bilmek üçin, habarly bolmak üçin, gaýry ýurtlynyň öz dili bilen jogap gaýtarmak üçin, başga dillere ýüzlenseň elbetde peýdasy köp. Ýöne, ene diliňden eziz däldir hiçisi...

    Orta mekdebi 11 ýyl okap, ene dilinden elementarnyja zady çözüp bilmän ýaýdanyp duran, emma 2-3 ýyl dowamly serial görüp, onuň täsirine düşip, türk dilindäki bir sözüň bizde terjimesi ýok diýip dawa edýän ýaşlaryň gürrüňi, ol eýýäm başga mowzuk. Eger şeýle bolsa, onda biziň öz günämiz. Şu meselede mugallymlaryň üstüne ullakan ýük düşýär.
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 104 11 июля 2022 17:11
    Özümiň dil bilmeýänligime, wagtynda öwrenmänligime gaty ahmyr edýän. Entägem giç däl, emmä kyn düşjek.
    Esasanam iňlis we arap dilleri.
    Iňlis dilini 20-30% bilsemem, edil şu günki çykan, dünýä belli "Nyu York Times" gazetini okar derejede däldigime gynanýan. Dünýäniň iň ynamdar çeşmelerinden maglumat alyp bilmeýänime gynanýan.

    Dünä taryhynyň 80%-i hem arap golýazmalarynda ýatyr. Arap dili hem şonuň üçin gerek.
    Jogap
  • Гость Гость off № 105 11 июля 2022 17:28
    Gauzen
    Netije
    Garaz türk sözlerini almak, ulanmak "kilçermek", "suwjuklyk" bolýa-da käbiriňiz pikiriňizçe. Aý bolubilýä diýäýmesem näme edeýin?! Her kimiň öz garaýşy, öz pikiri. Hemme kişiň pikirine hormat goýýan. Türk diline reaksiýaňyzy beýan etdiňiz.

    Hawa, eddil meň üçin suwjuklyk şol we diňe bir alyp ulanmak dälde şol dilde başbitin gürleşmekligi şeýle hasaplaýan. Ýagny, türk dilini suwjuk dil hasaplaýan we bu meň pikirim. Belki meň düşünjäm pesdir ýa-da dünýägaraýşym dardyr, şonuň üçin şeýle hasaplaýandyryn. Garaz meň üçin iň bir suwjuk dil şol we şo dili ýigrenýän
    Jogap
  • Гость Гость off № 106 11 июля 2022 17:30
    *Bellik
    Ýokarky teswirde türk dilini ýigrenýän diýendirin. Bu ýigrenjimiň şol millete hiç hili dahylçylygy ýokdur.
    Jogap
  • Venus23 Venus23 off № 107 11 июля 2022 18:03
    Ene dil modadan gaçýar diýdiler...
    Hiý, dilem modadan gaçar oguşýan!
    Geň görüp oturmaň! Käbir pursatda
    Şolam mümkin eken.
    Hawa, bagyşlaň......

    Ýa-da

    Döwrümiz - üýtgedip gurulýan döwür,
    Görk goşmaly ýurdumyzyň görküne.
    Erk goşmaly adamlaryň erkine.
    Buýsanç, Ynam paýlamaly her kime.
    Ýöne eneň dilin bilmeýän bolsaň -
    Kim ynanar gepiňe!

    Kerim agaň şu setirleri ýadyma düşdi...
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 108 11 июля 2022 18:19
    Gauzen,
    Mümkin,
    Aslynda mowzugyň özi türk dilini ulanýanlary "türksumak", "türksüpük" diýip kemsitmezlik barada. Rus dilini bileniň üçin gomparylyp gezmeli, tersine türkçe gepleseň başyňy aşak salmaly...

    Sag boluň, edil şu baradady mowzuk, rusça goşup gürleseň hiç hili geň görlenok, ýöne türkçe bir söz goşaýdygyň çozýarlar üstüňe
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 109 11 июля 2022 19:05
    Ilki bilenä türkmen diliniň agramly bölegini arap we pars sözleri tutýar (belki 100/50-sinidir), soňan az-owlak ors, iňlis sözleri bar. Onsoňam türkmen dilinde tehniki we ylmy sözleriň köpüsi ýok. Gurluşykda köp görüp gelýändiris. Mysal üçin: potolok, pol, rigel, prekritiýa we ş.m-ler. Maşyn gurluşykda-da, medisinada-da, gurluşyk gurallarynyň atlarynda-da. Ikinji bilenem @Gauzeniň aýdyşy ýaly türkmen dilinde her bir aýtjak zadyňy beýan edip bolanok. Gowy bil, erbet bil, ýetmeýän sözler kän. Mysal üçin: "О вкусах не спорят" kelemesini türkmençä terjime etjek bolsaň, rus dilindäki ýaly ýiti we takyk many aňladýan jümläni alyp bolmaýar. Ýene bir zat, türk dili bilen türkmen diliniň etimologiýasy bir, diňe aksentleri we käbir sözleri üýtgeýär. Eger türk dili suwjyk bolsa, belli bir derejede awtomatiki türkmen dili hem suwjyklyk halyna geçýär. (Näme diýseňem türkmen dili garyp, az ulanylýan, az ýaýylýan, az üstünde işlenilýän dil, bu-da meň şahsy pikirim.)
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 110 11 июля 2022 19:50
    Massimus,
    Hiayress,
    Sag boluň. Goldanyňyza sps
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 111 11 июля 2022 19:50
    Hiayress
    Ilki bilenä türkmen diliniň agramly bölegini arap we pars sözleri tutýar (belki 100/50-sinidir), soňan az-owlak ors, iňlis sözleri bar. Onsoňam türkmen dilinde tehniki we ylmy sözleriň köpüsi ýok. Gurluşykda köp görüp gelýändiris. Mysal üçin: potolok, pol, rigel, prekritiýa we ş.m-ler. Maşyn gurluşykda-da, medisinada-da, gurluşyk gurallarynyň atlarynda-da. Ikinji bilenem @Gauzeniň aýdyşy ýaly türkmen dilinde her bir aýtjak zadyňy beýan edip bolanok. Gowy bil, erbet bil, ýetmeýän sözler kän. Mysal üçin: "О вкусах не спорят" kelemesini türkmençä terjime etjek bolsaň, rus dilindäki ýaly ýiti we takyk many aňladýan jümläni alyp bolmaýar. Ýene bir zat, türk dili bilen türkmen diliniň etimologiýasy bir, diňe aksentleri we käbir sözleri üýtgeýär. Eger türk dili suwjyk bolsa, belli bir derejede awtomatiki türkmen dili hem suwjyklyk halyna geçýär. (Näme diýseňem türkmen dili garyp, az ulanylýan, az ýaýylýan, az üstünde işlenilýän dil, bu-da meň şahsy pikirim.)

    10 lykdan urduň robingud
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 112 11 июля 2022 19:58
    Gauzen, Hiayress, ol ýagdaý ähli dile-de mahsus. Mysal üçin, türkmeniň “Pys osluk - pis osluk, zart osluk - zor osluk” ýaly sözlerini haýsy dilde şular ýaly täsirli edip aýdyp bolar?!)) Mysal kän, ýöne dilime geleni şu boldy)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 114 11 июля 2022 20:03
    Pegas,
    Meňem dilime gelen şol boldy, ýöne haýsy hem bolsa bir zady terjime etjek bolup başyna geçseň köp çykýar. Ýene bir mysal: "Сверхчеловек".
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 115 11 июля 2022 20:08
    Türkmen gyzy
    Elvin bu mendirin...;)Gauzen,

    Tanadym indi :D
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 116 11 июля 2022 20:10
    Pegas
    Gauzen, Hiayress, ol ýagdaý ähli dile-de mahsus. Mysal üçin, türkmeniň “Pys osluk - pis osluk, zart osluk - zor osluk” ýaly sözlerini haýsy dilde şular ýaly täsirli edip aýdyp bolar?!)) Mysal kän, ýöne dilime geleni şu boldy)

    Ahyrynda meniň diýýänlerimiňem "jany" bar dälmi agam. Inkär etmäň-dä?!
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 117 11 июля 2022 20:16
    Mümkin,
    "Dalga gecmek" şuny hem "çeper" terjime edip beräýseň mümkin bolsa?!
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 118 11 июля 2022 20:46
    Gauzen,
    Ýañsylamak.
    Jogap
  • Unbroken Unbroken off № 119 11 июля 2022 20:54
    Turk dilini gowy hasaplamayanlar atam dowrunden galan babajyklarymyz. Olaryn bu mahrem dusunjesini sylamaly how biz. Nama gerek tazelik. Yubanymyza yumruk indirip gezek orslaryn yzyny supurip tryapka bolup gecerisda yenede
    Jogap
  • Гость Гость off № 120 11 июля 2022 21:49
    Unbroken
    Turk dilini gowy hasaplamayanlar atam dowrunden galan babajyklarymyz. Olaryn bu mahrem dusunjesini sylamaly how biz. Nama gerek tazelik. Yubanymyza yumruk indirip gezek orslaryn yzyny supurip tryapka bolup gecerisda yenede

    Türk dilini halamazlyk köneçillik boldymy indi?! Türk dilini halamazlyk orslary beter söýmekligiň netijesindenmikä eý meniň täsin düşünjeli mähriban türkmenim?! Onda türk dilini halamaýandygym ata-babalarymdan miras galan orsdan gorkýanlygymyzyň meňem ganyma ornanlygy üçin ekenda. Ýa-da gadymdan gelýän orsa pathalymlygmyzy miras alan nesilda men seň pikiriňçe?! Onda bu seniň türke simpatiýaň sebäbi nämeka?! Ýokarda saňa "türkmenim" diýdim weli, indi şol diýen sözüme gümürtik bolup başladym men. Seň düşünjäň boýunça pikir edilse orsa garşylar ýa-da olary halamaýanlar türkmenem dälda şeýlemi?! Öz aýdyşyň ýaly atalammyz orsy söýen bolýada menem şolaň nesli ekenimda (znaçit men hakyky türkmen). Indi sen kim bolýaň türksöýer dos?!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler