Dil bilmek - adamzadyň iň uly artykmaçlyklarynyň biridir. Bir dil bilen bir adam, iki dili bilen bu eýýäm iki dili bilýän adam. Alymlaryň aýtmagyna görä dünýädäki iň owadan dil fransuz dili hasaplanýar. Fransuz diýlende iki zat göz öňüme gelýär. Bu "PSJ" bilen "Eýfel". Ýöne Parijiň özüne-de kembaha garap bolmaz. Russiýanyň beýik perzendi Wladimir Maýakowskiniň: "Ýer ýüzünde Moskwa diýlen şäher bolmadyk bolsady, men Pariž köçelerinde ölmägede razy bolardym" diýen tarypyna mynasyp bolan şäher (Temadan biraz uzaklaşdyk).
Ýöne islendik adam ilki bilen öz dilini, oň grammatikasyny, orfografiýasyny gowy öwrenmelimikä diýýän. Öz diliniň aýratynlygyny, özboluşlylygyny doly özleşdirmedik adam başga dilleri kämil öwrenip biljekdigi şübheliräk biraz.
5-6 ýyllykda bizde "türksumak" (türksüpük) sözi moda bolup ugrady. Käbir ýagdaýlarda bu söz häzirem trentde. Näme üçin türkçe gepleýänler barada şeýle negatiwler ulanylýarka. Özüm barada aýtsam, rus diline simpatiýam uly. Öz dilimiň grammatikasy, ummasyz söz baýlygy bilen içgin gyzyklansamam, kä ýerlerde rus sözlerini ulanmagy gowy görýän. Ýöne iki türkmeniň özüni sowatly görkezmek üçinmi, ýa başga sebäpler boýunçamy özara rusça gepleşişlerini umuman halamok.
Soňky ýyllarda biz islesek, islemesek türk medeniýeti aramyza ynamly ädimler bilen girip geldi. Türk aýdymlary, gepleşikleri, seriallary söýgüli zenanlarymyzyň, hatda käbir erkeklerimiziňem uly gyzyklanmalaryna sebäp boldy. Türk egin-eşik brendleri barada aýdybam oturma'ly, muň özi bir ullakan mowzuk.
Rus dilini halaýanlar sözleriniň arasyna rusça goşup gürleseler geň görenoklar, ýöne türkçe goşaýsaň dat günüňe.
"Türksumak" sözüni ilki bolup kim oýlap tapanam bolsa, döredijiliginde üstünlik arzuw edip, türk dilini halaýanlar barada bir azajyk obýektiw garaýyşda bolsak nähili görýäňiz?

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Massimus tarapyndan 11-07-2022, 14:02

  • Seri Seri off № 121 11 июля 2022 22:49
    Suwjuklañ arasynda türkçe sozleşmek moda şuwagt. Şolary görsem ýeñse damarym gatap başlaýa cilimkesh
    Jogap
  • Ependi Ependi off № 122 11 июля 2022 23:37
    Hemme ýerde-de şeýle. Bir ýurtda iki sany dil bolýar. Öz ene dili, hemde daşarky öwredilýän dil. Üçünji dile bolan garaýyş başgaça. Egerde ol mekdep sapagyna girizilmedik bolsa. Onda halk ony sygyrmaýar köplügi, hatda aslynda öz dili bolsada.
    Jogap
  • DonMaxx DonMaxx off № 123 12 июля 2022 01:23
    abi coh guzel yapmishsin ya eline saglyk)))
    Jogap
  • Pyyada Pyyada off № 124 12 июля 2022 12:02
    Näme üçin hytayda 10 ýyl yashap gelip hytayca gurleshenoklar?
    A turkde 10 gun bolup (ya bolmanam) turkce samran bolyalar?
    Jogap
  • Pyyada Pyyada off № 125 12 июля 2022 12:08
    Yene bir mysal russiyada ömür boýy yashan armiyan bilen azer halky bar. Sholar hacanda ozuninkileri gordugi oz dilinde gurlap bashlayarlar,oz dilini yitirenoklar. Dashary yurda cyksan Dilini yitirmek dine orta aziya halklarynda bar men pikirimce
    Jogap
  • Pyyada Pyyada off № 126 12 июля 2022 12:11
    Bagul_Atayeva,
    Asyl biziňkiler gödek heňde gurleyarler. Shonun ucinem bashgalan dili süýji görünýä
    Jogap
  • Kleopatra Kleopatra off № 127 16 июля 2022 07:40
    Gyrlyshyň yercekenler meň-ä hic bir pikirim yok gyrada burnymy cekip size seredip oturjak.Nememi onsoň toydadagy turk aýdym aýtsa herekede gelman tormoz bolubam-a durýan dalsiňiz, oynayanyňyz belli.Dushunemok diyya dushunmeseň oynap poh ishiň bamy)Turk aydymy guzurdetse hemmesi zinkde ziňk bolyalar welin.Eliňizden gelse yurdy togalaňsana waşşe bolduňyzlarda apalar
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler