Dil bilmek - adamzadyň iň uly artykmaçlyklarynyň biridir. Bir dil bilen bir adam, iki dili bilen bu eýýäm iki dili bilýän adam. Alymlaryň aýtmagyna görä dünýädäki iň owadan dil fransuz dili hasaplanýar. Fransuz diýlende iki zat göz öňüme gelýär. Bu "PSJ" bilen "Eýfel". Ýöne Parijiň özüne-de kembaha garap bolmaz. Russiýanyň beýik perzendi Wladimir Maýakowskiniň: "Ýer ýüzünde Moskwa diýlen şäher bolmadyk bolsady, men Pariž köçelerinde ölmägede razy bolardym" diýen tarypyna mynasyp bolan şäher (Temadan biraz uzaklaşdyk).
Ýöne islendik adam ilki bilen öz dilini, oň grammatikasyny, orfografiýasyny gowy öwrenmelimikä diýýän. Öz diliniň aýratynlygyny, özboluşlylygyny doly özleşdirmedik adam başga dilleri kämil öwrenip biljekdigi şübheliräk biraz.
5-6 ýyllykda bizde "türksumak" (türksüpük) sözi moda bolup ugrady. Käbir ýagdaýlarda bu söz häzirem trentde. Näme üçin türkçe gepleýänler barada şeýle negatiwler ulanylýarka. Özüm barada aýtsam, rus diline simpatiýam uly. Öz dilimiň grammatikasy, ummasyz söz baýlygy bilen içgin gyzyklansamam, kä ýerlerde rus sözlerini ulanmagy gowy görýän. Ýöne iki türkmeniň özüni sowatly görkezmek üçinmi, ýa başga sebäpler boýunçamy özara rusça gepleşişlerini umuman halamok.
Soňky ýyllarda biz islesek, islemesek türk medeniýeti aramyza ynamly ädimler bilen girip geldi. Türk aýdymlary, gepleşikleri, seriallary söýgüli zenanlarymyzyň, hatda käbir erkeklerimiziňem uly gyzyklanmalaryna sebäp boldy. Türk egin-eşik brendleri barada aýdybam oturma'ly, muň özi bir ullakan mowzuk.
Rus dilini halaýanlar sözleriniň arasyna rusça goşup gürleseler geň görenoklar, ýöne türkçe goşaýsaň dat günüňe.
"Türksumak" sözüni ilki bolup kim oýlap tapanam bolsa, döredijiliginde üstünlik arzuw edip, türk dilini halaýanlar barada bir azajyk obýektiw garaýyşda bolsak nähili görýäňiz?

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Massimus tarapyndan 11-07-2022, 14:02

  • Hemme zat başardýar...?‍?... Hemme zat başardýar...?‍?... off № 1 11 июля 2022 14:06
    Fransuz dilini bilmeyan yazyja dine gozellikler goruner, emma ona yakynlaşdykça gozellikler göz görtele yok bolar. Fransuz dilini bilyan yazyjy gözellikleriñ içinde ýasar we olary gana-gana lezzet alar. Köne dilleri bilmeyan bir ýazyjy yazmaga başlamasyn ,çünki onuñ ýazan zady gury bolar.
    (Tema degişlimi dãlmi bilemok.Ýöne fransuz dili diýen ýerini okap bat alyp kommentariýa ýazyp otyrşym,aýyplaşmañ doganlar...)
    Jogap
  • Гость Гость off № 2 11 июля 2022 14:10
    Türkçäni waşşe halamok, daže gaharym gelýä şolar gürlese. Suwjuk dil, gürleýişlerinde "şire" ýok. Ýöne türkçe goşup gürleýänlere "türksumak" diýenim ýadyma düşenok
    Jogap
  • Hemme zat başardýar...?‍?... Hemme zat başardýar...?‍?... off № 3 11 июля 2022 14:12
    Türksumak diyip menem diyman duramok . Türkçe geplemeklerine zat diýilenok, gürrüñ dogry we doly bolmanlygy üçin.
    "Janim sen nasilsiñ? Menem fena däl" halys şeydip gepleşip ugradylar:)))
    Jogap
  • Türkmen gyzy Türkmen gyzy off № 4 11 июля 2022 14:13
    iňlisçe gürlemezmikäler?


    #Fransiya diyseler Eýfel kellä gelýädä.
    Jogap
  • Гость Гость off № 5 11 июля 2022 14:14
    Hemme zat başardýar...?‍?...
    Türksumak diyip menem diyman duramok . Türkçe geplemeklerine zat diýilenok, gürrüñ dogry we doly bolmanlygy üçin.
    "Janim sen nasilsiñ? Menem fena däl" halys şeydip gepleşip ugradylar:)))

    Türk seriallaň täsirida
    Jogap
  • Türkmen gyzy Türkmen gyzy off № 6 11 июля 2022 14:15
    Гость
    Türkçäni waşşe halamok, daže gaharym gelýä şolar gürlese. Suwjuk dil, gürleýişlerinde "şire" ýok. Ýöne türkçe goşup gürleýänlere "türksumak" diýenim ýadyma düşenok

    Suwjuk dil, gürleýişlerinde "şire" ýok. #goşulýan
    Jogap
  • Гость Гость off № 7 11 июля 2022 14:15
    Türkmen gyzy
    iňlisçe gürlemezmikäler?


    #Fransiya diyseler Eýfel kellä gelýädä.

    Senem ýegen hemme ýerde baraý. Kölegäm dagy dälmiň sen )
    Jogap
  • Гость Гость off № 8 11 июля 2022 14:16
    Türkmen gyzy
    Гость
    Türkçäni waşşe halamok, daže gaharym gelýä şolar gürlese. Suwjuk dil, gürleýişlerinde "şire" ýok. Ýöne türkçe goşup gürleýänlere "türksumak" diýenim ýadyma düşenok

    Suwjuk dil, gürleýişlerinde "şire" ýok. #goşulýan

    Goşulma, meň pikirim o. urya
    Jogap
  • iKONic iKONic off № 9 11 июля 2022 14:20
    Bilen bir gürlesin-dä.
    Jogap
  • Türkmen gyzy Türkmen gyzy off № 10 11 июля 2022 14:21
    Гость
    Türkmen gyzy
    iňlisçe gürlemezmikäler?


    #Fransiya diyseler Eýfel kellä gelýädä.

    Senem ýegen hemme ýerde baraý. Kölegäm dagy dälmiň sen )

    Belki kölegäňizdirin?1
    Jogap
  • Türkmen gyzy Türkmen gyzy off № 11 11 июля 2022 14:22
    Гость
    Türkmen gyzy
    Гость
    Türkçäni waşşe halamok, daže gaharym gelýä şolar gürlese. Suwjuk dil, gürleýişlerinde "şire" ýok. Ýöne türkçe goşup gürleýänlere "türksumak" diýenim ýadyma düşenok

    Suwjuk dil, gürleýişlerinde "şire" ýok. #goşulýan

    Goşulma, meň pikirim o. urya

    oňa-da goşulýan
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 12 11 июля 2022 14:22
    Гость,
    Goşulma, meň pikirim o urya

    Seň teswirleriňi okasam ýylgyranymy duýman galýan
    Jogap
  • Гость Гость off № 13 11 июля 2022 14:24
    Türkmen gyzy
    Гость
    Türkmen gyzy
    Гость
    Türkçäni waşşe halamok, daže gaharym gelýä şolar gürlese. Suwjuk dil, gürleýişlerinde "şire" ýok. Ýöne türkçe goşup gürleýänlere "türksumak" diýenim ýadyma düşenok

    Suwjuk dil, gürleýişlerinde "şire" ýok. #goşulýan

    Goşulma, meň pikirim o. urya

    oňa-da goşulýan

    Öllüreýinmi näme edeýin inni şuny
    Jogap
  • Гость Гость off № 14 11 июля 2022 14:25
    Massimus
    Гость,
    Goşulma, meň pikirim o urya

    Seň teswirleriňi okasam ýylgyranymy duýman galýan

    Ýylgyrywer onna )
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 15 11 июля 2022 14:27
    Гость,
    Ýylgyrywer onna )

    Ýylgyrjak onna))
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 16 11 июля 2022 14:29
    Dil gowy zat. Ýöne Türkmenistanyň çäginde iki türkmeniň başga dillerde gepleşmegini halamok. Meselem, türkçe orsçe, iňlisçe, özbekçe ýa islendik dil bolaýsyn, halamok. Olar biüiň dilimizde gürlesinler. Türkiýede ýaşaýan türkler türkmen dilinde gürlesin ýa Russiýada ýaşaýan ruslar türkmen dilinde gürlesin! Öz ene dilimizi harlamalyň, öz dilimizde gepleşeliň. Haýsy dili bilýän bolsaň şol döwlet barada maglumat toplamakda ulan bilýän diliňi. Biziň özümiz sam.syk, nätanyş dillerde gürleşen bolup gymmatymyzy gaçyrýarys.
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 17 11 июля 2022 14:31
    Гость,
    Suwjuk dil, gürleýişlerinde "şire" ýok.

    Gaýtam tersine, owadan, ýakymly eşidilýär şu türk dili
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 18 11 июля 2022 14:31
    Гость
    Türkmen gyzy
    Гость
    Türkmen gyzy
    Гость
    Türkçäni waşşe halamok, daže gaharym gelýä şolar gürlese. Suwjuk dil, gürleýişlerinde "şire" ýok. Ýöne türkçe goşup gürleýänlere "türksumak" diýenim ýadyma düşenok

    Suwjuk dil, gürleýişlerinde "şire" ýok. #goşulýan

    Goşulma, meň pikirim o. urya

    oňa-da goşulýan

    Öllüreýinmi näme edeýin inni şuny

    Ýakubam hemme ýere meşhur-aý waak
    Jogap
  • Bagul_Atayeva Bagul_Atayeva off № 19 11 июля 2022 14:32
    Indi çagalara-da, Asiye, Şeyma, Emir, Zeynep, Esmanur diyip at dakyp başladylar. Menä şu atlardan öz atlarmyzy owadan görýän.
    Jogap
  • Гость Гость off № 20 11 июля 2022 14:34
    Massimus
    Гость,
    Suwjuk dil, gürleýişlerinde "şire" ýok.

    Gaýtam tersine, owadan, ýakymly eşidilýär şu türk dili

    Her kim üçin her hili bolaýmasa onda. Meň üçinä ýakymsyz, suwjuk dil şü
    Jogap
  • Türkmen gyzy Türkmen gyzy off № 21 11 июля 2022 14:35
    Гость
    Türkmen gyzy
    Гость
    Türkmen gyzy
    Гость
    Türkçäni waşşe halamok, daže gaharym gelýä şolar gürlese. Suwjuk dil, gürleýişlerinde "şire" ýok. Ýöne türkçe goşup gürleýänlere "türksumak" diýenim ýadyma düşenok

    Suwjuk dil, gürleýişlerinde "şire" ýok. #goşulýan

    Goşulma, meň pikirim o. urya

    oňa-da goşulýan

    Öllüreýinmi näme edeýin inni şuny

    onsoň puşman etmäň ýöne,meňki ýaly ýegen tapylanokdyr
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 22 11 июля 2022 14:35
    Türksüpüklik diýeňde dostlu.ru-daky açylan mowzuk ýadyma düşüp gitdi. Şol mowzukda giňişleýin hemme zat sada dilde düşündirilipdir. Kimde bar bolsa mowzuk edip açaýsyn şony.
    Jogap
  • Гость Гость off № 23 11 июля 2022 14:36
    Bagul_Atayeva
    Indi çagalara-da, Asiye, Şeyma, Emir, Zeynep, Esmanur diyip at dakyp başladylar. Menä şu atlardan öz atlarmyzy owadan görýän.

    Ýegen maňa çekipsiň )
    Jogap
  • Türkmen gyzy Türkmen gyzy off № 24 11 июля 2022 14:37
    Гость
    suwjuk dil şü

    Гость daýy suwjuk dil şü #Şuňada goşulýan...0
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 25 11 июля 2022 14:38
    Bagul_Atayeva
    Indi çagalara-da, Asiye, Şeyma, Emir, Zeynep, Esmanur diyip at dakyp başladylar. Menä şu atlardan öz atlarmyzy owadan görýän.

    Turkleriň dakyan atlarynyn kopusi araplardan gelip cykan atlar
    Jogap
  • Гость Гость off № 26 11 июля 2022 14:39
    Türkmen gyzy
    Гость
    Türkmen gyzy
    Гость
    Türkmen gyzy
    Гость
    Türkçäni waşşe halamok, daže gaharym gelýä şolar gürlese. Suwjuk dil, gürleýişlerinde "şire" ýok. Ýöne türkçe goşup gürleýänlere "türksumak" diýenim ýadyma düşenok

    Suwjuk dil, gürleýişlerinde "şire" ýok. #goşulýan

    Goşulma, meň pikirim o. urya

    oňa-da goşulýan

    Öllüreýinmi näme edeýin inni şuny

    onsoň puşman etmäň ýöne,meňki ýaly ýegen tapylanokdyr

    Sen ýaly ýegenli bolamdan otuz, kyrk sany ýegen bergili bolanym gowy
    Jogap
  • Türkmen gyzy Türkmen gyzy off № 27 11 июля 2022 14:41
    Гость,
    indi hä men öýkeledim
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 28 11 июля 2022 14:41
    Nayli dilde gurleshenlerinde name samy glawny dushunushmek, 1 dil bilen bir adam 2 dil bilen 2, dil bilseň haýry degmese zyýany yok, turkce gurleshyanlerem belki dil ugrunda kamilleshjek bolup gurleyandir
    Jogap
  • Hemme zat başardýar...?‍?... Hemme zat başardýar...?‍?... off № 29 11 июля 2022 14:41
    Köp sözler başga dilden başga dile perewot edip bolanok. Arasynda türkçânem rusçanam sypdyrywerýâs. Iñlis filosoflary ,,her bir dili öwreneniñde sen tâzelenýâñ we aýratyn bir sen emele gelýâr" diýýârâ. Türksüpüklere aýtjak zadym, şul Gost daýyñ ýanynda bir türkçe gürlemâweriñ.)))
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler