Özüňize eden iň uly adalatsyzlygyňyz, käbir adamlaryň derejesine düşmekdir.

Biziň janymyzy ýakjak, gaharlandyrjak we gynandyrjak, bizi lapykeç etjek adamlar we wakalar, biz diri wagtymyz, hemişe biziň bilendir.
Ilki bilen muny kabul edeliň. Haçan-da şolara sataşanymyzda “Bular hemişe meni tapýarmy? Näme üçin men?”-diýip gozgalaň etmek we olaryň derejesine düşmek, özümize eden iň uly ýamanlygymyzdyr. Yzymyzdan gepimizi edýänler bolup biler, biz ýaly bolup bilmän etmedik zatlarymyz bilen günäkärleýänler bolup biler. Birwagtlar biziň çyn ýürekden ynanan adamlarymyz bizi ökündirip, söýgümizi ýigrenje öwürip bilýärler. Durmuş bu, munda her zat bolup biler.
Wagtal-wagtal bularyň hemmesine gaharlanyp, olardan ar almak isleýärsiň. Janyňy agyrdanlygy sebäpli, olara-da zyýan bermek isläp bilersiňiz, ýöne gaharyňy dolandyrmaly we özüňe sorag bermeli: “Şoňa degermi?” Hawa, degermi käbir ynsanlaryň derejesine düşeniňe?
-Asla.
Käte iň gowy jogap dymmak we görmediksirän bolmak. Zen ussady Lin Çiniň gaýyk hekaýasyny okanymdan soň, maňa azar berýänlere, men azar berjek bolamok. Meni öz derejesine ýetirmäge synanyşýan adamlaryň derejesine egilmek özümi kemsitmek hasaplaýaryn.
Şu aşakdaky hekaýany okanymdan bäri, boş ynsanlara garşy gaharyma gözegçilik edip bilýän.

“Zen ussady Lin Çi kiçi wagty gaýyk bilen syýahat etmegi gowy görýär eken. Kiçi bir gaýygy bar we oň bilen kölüň üstünde ýekeje özi birnäçe sagatlap gezýärdi. Bir gezek gözlerini ýumup, gaýygynda meditasiýa edýär eken. Gözleri ýapyk bolany üçin biri gelip gaýygyna kakandyr öýdüp gaharlanypdyr. Gözlerini açyp garşysyndaky adama gaharly ýüzlenjek bolanda, garşysyndaky gaýygyň içi boşdygyny bilipdir. Soňra: “Gahary boş gämä ugrukdyrmagyň geregi ýok.”
Eger biri gelip, oňa sögse, gülüp “Bu gaýygam boş ”-diýýär eken.

Gündelik durmuşymyzda, bizi hem biynjalyk edýän adamlar bar. Diňe bizi biynjalyk etmek bilen çäklenmän, bize zyýan berýärler. Şol adamlara bermeli jogabymyz: BU GAÝYK HEM BOŞ…

#Durmuş-ýitiren ýeriňden başlaýar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 8-06-2022, 12:31

  • Remezan Remezan off № 1 8 июня 2022 12:49
    Gowy maslahat
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 3 8 июня 2022 12:52
    Remezan,
    wiý muny başgaça edip ýazaýyn ? Гость Gowy we ýerlikli aýdylan, sagbol minnetdar
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 5 8 июня 2022 13:31
    Boş gaýyklary görsem, ýylgyryp geçip bilemokda
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 6 8 июня 2022 14:12
    Xyivenia_babayeva.,
    Hawa
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 7 8 июня 2022 14:26
    Gaýyklañ köpüsi boş.
    Jogap
  • Xyivenia_babayeva. Xyivenia_babayeva. off № 8 8 июня 2022 14:36
    Ötegçi
    Gaýyklañ köpüsi boş.

    Asyldurmusda bolsa, boslugun kan gorup bilemzok
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler