Hawa hemmeler gurban baýramyna gidýär. Bu wagt näme barada ýazsa bolar. Gurban baýramyna degişli bir zat ýazylan bolsa has hem gowy bolardy. Mysal üçin gurban baýramynyň gelip çykyşy barada.
Gadym zamanlarda bir pygamber bar eken. Rowaýata görä. Ady eger çyksa ýa Ybraýym ýada Ysmaýyl. Irte döwürde okapdym. Ýewreý dinine degişli. Ol döwürde gurban baýramy üçin adam gurban edilýän bolupdyr.
Ine, Ybraýymyň Hudaýy onuň ýanyna gelýärde, ogluňy meniň üçin gurban et! Meni gowy görýän bolsaň, maňa ynanýan bolsaň diýýär. Ybraýym ýada Ysmaýyl öz Hudaýyna mäkäm ynanýan bolupdyr we öz wepadarlygyny bildirmek üçin, häli ýigit çykmadyk oglyny gurban etmek üçin ýörite bellenilen ýere eltýärde, onuň elini-aýagyny güýüp, bokurdagyna pyçagy goýýar. Edil şu wagt hem onuň Hudaýy, asmandan bir goçy perişde arkaly oňa inderýär. Perişde goçy oňa berýärde gözden gaýyp bolýar. Ybraýym ýada Ysmaýyl oglunyň aman galanyna begenip, goçy gurban edýär. Bu rowaýat gysgaça şeýle. Kimdir birleri gurban baýramynyň gelip çykyşyny başgaça düşündirmegi mümkin.
Gurban baýramy barada köp zatlary yazsa, aýytsa bolar. Ýöne munyň üçin belli bir dini derejäň bolsa has gowy bolardy. Mende bolsa ýok. Şonuň üçin sözümi şu ýerde gutarýaryn.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Yklym tarapyndan 7-07-2022, 18:01

  • janulia_mmm janulia_mmm off № 1 7 июля 2022 18:11
    yana ejemden sorap otyrdym nam sebapden edilya Gurban bayram dip
    sagbol yetirenine
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 2 7 июля 2022 18:21
    Gurban baýramy barada ýazmak üçin dini dereje däl,ylmy dereje gerek bolaýmasa.
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 3 7 июля 2022 19:54
    Şu wakaň wideosyny görüpdum imoda)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler