Ýokary okuw mekdepleriniň birinde talyplar matematika sapagyna girip, giňiş auditoriýanyň içinde ýerli-ýerinde oturypdyrlar. Yzky partada oturan we uzak gijeläp sapaklaryna taýýarlanan talyplaryň biri özüni uka basmarladyp, irkilenini duýman galypdyr. Sapagyň ahyrynda beýleki talyplaryň gowurdysyna oýananda, mugallymyň tagtanyň ýüzüne ýazan iki sany meselesini howul-hara göçürip, dessine sapakdan çykypdyr.
Öýüne dolanyp geleninden soň, hälki iki meseläniň çözgüdi dogrusynda pikirlenipdir. Olar şeýle bir çylşyrymly ekeni, ähli güýç-gaýratyňy sarp edeniňde hem goşmaça maglumatlar, bilimler bilen üstüni ýetirmeseň, hiç çözdürjek dälmişin. Ol gerek esbaplaryny alypdyr-da, kitaphana tarap ýola düşüpdir. Dört günden soňra zordan birinji meseläni çözmegi başarypdyr. Mugallymyň şeýle agyr öý işini tabşyrmasyna hem hiç düşünip bilmändir.
Indiki matematika sapagynda hemme talyplar ýerli-ýerine geçip oturypdyrlar. Ýaňky talyp mugallymyň ýanyna baryp, diňe birinji meseläni çözendigini, ikinji meseläni çözmäge wagt tapmandygyny, çünki bir meseläniň özi üçin dört gününi sarp edendigini aýdyp, ötünç sorapdyr. Ýene az-owlak puryja berse, ikinji meseläni hem çözmäge synanyşjakdygyny ýaňzydypdyr.
Mugallym bu sözlere geň galypdyr. Ol talyplara hiç hili öý ýumşuny tabşyrmandygyny aýdypdyr. Tagtanyň ýüzüne ýazan iki sany meselesi bolsa häzirki güne çenli ylmy çözgüdi tapylmadyk meseledigini, alymlaryň başarmadyk zadydygyny aýdypdyr.
Alymlaryň aglabasy bu meseläniň kyndygyny bilenlerinden soňra, az-owlak dümtünme bilen kanagat edip, şondan aňry ätlemäge synanyşyp hem görmän ekenler. Sebäbi olaryň aňynda onuň kyndygy hakyndaky ynam mazaly berkän ekeni. Eger-de bu talyp hem şol gürrüňleri öňünden eşiden bolsa, köpleriň aňyny eýelän düşünje bilen kanagat ederdi we çözmäge-de synanyşmazdy. Ynsanda çäksiz başarnyk bar, ýöne köplenç halatda dürli düşünjeler, pikirler bilen öz ukyp-başarnyklaryna özleri serhet goýýarlar. Ummasyz ukyby bir çäkli meýdanyň içine sygdyrmaga çalyşýarlar. Eger-de sen islendik bir meselä «kyndyr» öýtseň, ol kyn ýaly hem görner, eger «mümkindir » öýtseň, hernäçe kyn hem bolsa, çözmegiň hötdesinden gelersiňiz.
Durmuşyňyzdaky «kyn» sözüni «mümkin» sözi bilen çalyşsaňyz, has
köp zatlary gazanarsyňyz.
Matematika dersi
Bilim,
Mona Songz
tarapyndan
7-07-2022, 12:29