*** Meniňem söýmäge hakym bar bolsa, Hem söýgimi aýamaga bir ömür: Her säher-de keşbin birjik üýtgetmän, Goňşymyzyň melleginden jyklaýan, Güneşi söýjek. Kakamyň gabarçak-gabarçak elin, Ejemjanyň aladaly keşbini, Sesini söýjek. Göleli sygrymy, towuklarmyzy, Her gezek görende mäläp çagyrýan, Geçimi söýjek. Okuwdan gelemde, allowarradan Guýrugyn bulaýlap öňümden çykýan Güjügmi söýjek. Uly
Ýaňy tanyşdym diýemde, Sen dünýämden ýitip barýaň Dünýäm ýaz donun geýende, Sen gyş sary ötüp barýaň Öňler bir däli derýadym, Indi kem-kem ýatyp barýan Ýazgydymdaky saýýardym, Del ykbala çatyp barýaň Günlermiň süýji, balydyň, Ajy şerbet gatyp barýaň Duýgulam hyrydarydyň, Muzdsyz alyp, satyp barýaň Seni söýen aşyk ýigdiň, Ýüregini atyp baryaň Kalbymyň Titanigidiň, Söýgim alman batyp barýaň Beýle
Kynçylygy, kemçiligi derňäp, Ýanmaly biz aýralygyň oduna Ähli minuslary bir ýere jemläp, Bileje salaly ony modula Geljegimiz barybir "x" diýme sen, Hökman ugry bardyr - hasaplar ýaly! "Iller näme diýer?!" söze köýme sen, Teorema däl-ä biz - subutlar ýaly! Hem gideli matematkaň tersine 1+1=3 bolaly, 4 bolaly, 5 bolaly (nesibe..) Saglyk, şatlyk köpeldilsin hersine...
Sen özüňi aýa ýaman pällerden, Ömre badak gahar-gazapdan dörär. Ozalam synagy ýetik ýollarda Sen maňa gymmatsyň, gymmatsyň örän. Owunjak gybatlar kalbyň dilmesin, Geldi-geçer ýykmasyn seň göwnüňi. Munda sözden güçli doga bilmedim, Ýagşy sözler bilen gora ömrüňi! Aýa sen eliňi garalyklardan, Men olaryň arzuwynda daýyma. Derdiň aýt, basylsaň gybatdan, şerden, Seni diňlemäge mydam taýyn-a! Sen maňa