Aýryp bilmän bir söýenmi serimden, Yzda goýup söýýänleriň niçesin. Mäkäm tutup ýalňyzlygyň elinden, Synlap barýan ykbalymyň köçesin. Öňler şeýle ajaýypdy ol köçe, Ýollary gurlupdy geljege sary. Kynçylyk bolsa-da her güni niçe, Şatlykdan doludy duralgaň bary. Umytlar ýaşardy arzuwy bilen, Yşkdan ýaňa şuglalydy gije-de. Her bir penjiresin ynamly gören, Mahrum däldi - "bagt" atly bijeden
Alymlaryñ(din alymlarynyň)sany azaljak.Muña garşy jahylýet çaltlyk bilen ýaýyljak. Nämeligi bilinmeýän ölümleriň sany artjak. Baýlar köpeljek,ýöne zekat bermäge adam tapylmajak. Taňra we dine ýürekden iman edenler azaljak. Amanada hyýanat ediljek. Pitne we ýalançylyk köpeljek. Gyşyň örküjinde howa ýaz ýaly boljak. Dünýäň ýüzünde sil,ýertitreme we ýangynlar köpeljek. Süýthorlyk köpeljek.Söwdada
ALTYNJY PLITA ÝAZGYSY ENKI ILKINJI ADAMY ÝARATMAK ÜÇIN AFRIKADAKY MAÝMYN GÖRNÜŞINI DÜŞÜNDIRÝÄR ''...Ilkinji işçileri döretmek üçin onuň üstüne özümiziň yşaratymyzy goýmaly!'' diýipdi Enki baştutanlara. ''...Ätiýajymyza gerekli bolan ýaradyljak jandar taýýar'' diýip Abzunyň syryny paş etdi olara. Beýleki baştutanlar Enkiniň sözlerini diňläp geň galdylar. Bu
Internet örän uly maglumat älemi. Internetda her-hili kategoriýalara (ylym-bilim, degişme, täsinlikler, habarlar) degişli millionlarça zada ýetip bilmek mümkin. Internet ulanyşyňa görä peýdaly ýa-da zyýanlydyr. Eger-de sen gije-gündiz şol bir (peýdasy bolmadyk) kategoriýadaky zatlara seredip dursaň, bellibir wagtdan soňra senem şolaryň derejesine düşersiň, zehiniň küteler ýagny. Soňam
Okyjy kyssanyñ setirlerinden habara, täzelige, pikire garaşýar. Şygyr okaýan adam bolsa, onuň öz duýgularyny gozgamalydygyny bilýär. Tekstleriñ özünde hiç hili tapawut ýok, olar okyjynyñ özünde, okyjylaryñ dürli çemeleşmesinde. Nusgawy eserem üýtgeşik görnüşde ýazylan eser däl-de, üýtgeşik görnüşde okalan kitap. Horhe Luis Borhes. Argentin edebiýatynyñ görnükli wekili Elifińem dosty
Görkezmäwer jebrin ýeke bolmagyň, Çekdirme bu syrly duýgyň ezýetin. Seret, Güni ýitirenne utanyp, Ýaňaklarny gyzardyp dur gözýetim. Teý dumandan alyp bilmän başym men, Göweçde - zer, künji - boldum juwazda. Bilbildim, bir bildim yşkyň nädigin, Soň ne lezzet, ne dat galdy owazda. Küreksiz goýsaňam ýüreksiz goýma, Orruk - ortasynda alawly deňziň. Gapyl goýup ogurlapdyr erkimem, Ýaňagyň, idelen
Söýmeseñ-de ýatla meni Söýmeseñ-de ýatla meni bir pursat, Ýöne men söýerin, biçak söyerin. Atyp ähli derdim çökýänçã gursak, Köz deý sönüp, ýene ot deý ýanaryn. Söýmeseñ-de ýatla meni ýylgyryp, Hawa, ýylgyr, men hem sessiz aglaýyn. Diri halda arzuwlarymy gömüp, Geljegimi sensizlige baglaýyn. Söýmeseñ-de ýatla meni mydama, Köpdir ýatlamaga menden alamat. Şol pursat ölsem-de, Hudaýa şükür, Gezip