Статьи по выбранной дате

Günleriñ bir gûni menem ölerin

Günleriñ bir güni menem ölerin, Umydym üzerin ýagty jahandan. Şol tabydym göterlende asmana, "Gowy adam": diýen boluñ ýalandan. Günleriñ bir güni menem ölerin, Zar çekip aglarlar kyrkyma çenli. Dost, dogan, garyndaş hemmesi üýşdi, Geliñ geçiñ töre çaýlaram demli. Ýöne mende dem ýok, jan çykdy tenden, Ana şol gün geldi, aglamañ goýuñ. Men siz üçin kimdim ýönekeý ynsan, Men sizi doýurdum,

Berenim üçin

Meni aşyk etdiň saçlary örüm, Ýylgyryp eýeläp ýüregmiň törün, Häzire çen özüm aýyplap ýörün, Şol gün gül jemalyň görenim üçin. Ukusyz gijäme bolduň sen sebäp, Şirin duýgulaňdan bilmedim sowap, Söýýänem diýeňok ýüregiň awap, Yzyňda ellerim serenim üçin. Ýagşy güni arzuw isleg etjek men, Razy diý toýmuzam gyssag etjek men, Ýüregmiň törüne tussag etjek men, Birugsat kalbyma gireniň üçin. Walla
1

Sümer Plita ýazgylary (dowamy)

(Wakalar edil Taňrylaşdyrylmaga synanşylyp Keramatly kitaplarda-da şeýle aýdylypdyr. Ýaradylyş; 4;8 Kain jigsi Habyla ''Ýör ekin ekilen meýdança gideli'' diýdi. Ol ýere bardylar we şol ýerde doganyny urup öldürdi. Maide süresi: 30- Mundan soňra nebsi oňa doganyny öldürmekligi ündedi, ol hem ony öldürdi we husrana ugranlardan eýledi. Sümer Plita ýazgylarynda bolsa hakyna

Öýder

Ili çürkän talañçylar Ogurlyk bir kärdir öýder Iki ýüzli ýalançylar Özüne mert ärdir öýder. Her kellede akyl bar däl Gyşyñ güni mydam gar däl. Miras galan bir söwdagär Hemmäñ puly bardyr öýder. Ýagşylygy etseñ dowam Bolar gider işiñ rowan. Söýüp söýlen iki juwan Gyşyñ güni ýazdyr öýder. Öýkünerler gurda itler Siñekler bürgüt niýetlär. Wadasyn undan ýigitler Özün adyl şadyr öýder. Ýagşy niýet
5

Geçdigiçe geň göremok...

Geçdigiçe geň göremok, Adamlaryň haýrany kän. Tagam dadyp ýalanlardan, Sakgyç edip çeýnäni kän. Gury ýerden iş bitenok, Hantamadyr kömek eden. Bir gün meni taşlar diýip, Gorkup ýörün kölegeden. Kelleleriň poslany hiç, Batgalykda düşünjeler. Iki juwan gürrüňinde, Üç müň sözde müň ejeler. Gülkinç görnen haýranlarma, Durmuş meni iterip ýör. G:aljak bolup, çöp göwrede, Daýawlary göterip ýör.
1