Aýtsaňyzlaň, eýsem dogrysy bagt näme? Siz maňa şeýle zady teklip etmek bilen, ýene bir gezek durmuşa gadam basmagymy isleýärsiňizmi? Ýok, sagboluň! Belkem, siz bagty şonda görýänsiňiz,ýanýoldaşda. Dogurdanam bagt, guran ojagyňda. Men ol bagty gurdum. Siziň pikiriňizçe men şu wagt bagtsyz galdym şeýlemi? A meň oguljugym näme? Ol üç ýaşynda. Ol eýýäm hakyt kakasy. Şoňa meňzäpjik dur. " Eje kakam haçan gelýär? " diýip günde üç mertebe sowal berýär. Diýmek, men ony täze kakaly edip bagtly etmeli şeýlemi? Ýook gynansagam men siziň bilen ylalaşmaýaryn. Çünki men bagta başgaça düşünýärin. " Nähili" diýýäňizmi? Ine şu çagajygyma, onuň hakyt kakasynyň owazyna meňzäp duran sesine, hatda şonuň bakyşyna. Aram-aram ýüregim jigläp gidýär, ol edil kakasynyň bakyšy ýaly maňa bakýar. Ýöne o söýgi başgaça. O mähir başgaça. Men ynanýaryn, men bagtly. Çünki meniň dowamatym bar. Çünki meniň ýanýoldaşymyň dowamaty bar.
Aslynda-da maňa ejem õwredipdi zenan diýmek, ol pida diýmek. Õzüňi pida etmeklik. Sõýgidiýmekligem, pida diýmeklik. Zenanda ullakan ýûrek bar, ullakan mähir bar. Çünki ol söýýär. Diýmek,  ol pida. Şu oglum üçin megerem ol pida däldir. Bilýäňizmi näme arada oňa goňşy zenanlr iki sany kõkejik beripdirler. Hersi birhili kökejik. Menem " Oguljugym maňa bir kökäňi beräýdä" diýdim.  Olam derrew bir kökesini soňam beýleki kökesini dişledi. Men gyýyldym menden gysganýandyr öýtdüm.  O bolsa bilýärsiňizmi näme diýdi? Sag elindäki kökejigi maňa uzadyp " Eje şuny alaý. Bu süýji eken" diýdi. Başga kim maňa şol kökejigi uzadar? Men bilmedim. Ýok, ýok men siziň göwnüňize degmek islämok. Ýok. Siziň bagt diýýän zadyňyzyň ullakan bagtdygynada ynanasym gelýär.


Çeşme: Miras telekanalynda Gülälek Akmyradowanyň okamagynda yazga geçirilen widio esasynda.

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Rigel tarapyndan 22-04-2023, 22:58

  • Aksary. Aksary. off № 1 23 апреля 2023 05:29
    Eger çynym
    Jogap
  • Belki Belki off № 2 23 апреля 2023 06:13
    Zenan diýmek pida diýmek däl! Zenanyñam il deñinde ýaşamaga, döwran sürmäge haky bar!
    Jogap
  • Belki Belki off № 3 23 апреля 2023 09:27
    Rigel, ýalñyş şol
    Jogap
  • Belki Belki off № 4 23 апреля 2023 09:29
    ))...
    Jogap
  • Nomofobiya Nomofobiya off № 5 23 апреля 2023 11:56
    Rigel Mahymmy,Belki Mahymmy indi?
    Jogap
  • PROLIGA PROLIGA off № 7 23 апреля 2023 15:01
    Bagt -bu şahsy üstünlige eltýän, Allanyň adama beren sowgady. Bagtyň bir bölegi ykbala bagly bir bölegem adamlaryň özüne. Köp zatlara güyjümiz yetmeyär ýöne bizin elimizde bolan zatlaram bar. Kiçi bir zada guwanyp bilýän adamam bar, uly baýlygyň içinde ýüzüp gadyryny bilmeýänem.
    Jogap
  • Alpengold Alpengold off № 8 24 апреля 2023 16:12
    Bagt, bu ýönekeýje zatdan lezzet alyp bilmek. Şükür etmek
    Jogap
  • Nomofobiya Nomofobiya off № 9 17 мая 2023 21:38
    Bu Rigel diýýänleri ýazan teswirini öçürýän ekenä
    Jogap
  • Nomofobiya Nomofobiya off № 11 17 мая 2023 23:36
    Rigel,
    Özümüziňki ada nähili eýe bolmaly onda?
    Jogap
  • Nomofobiya Nomofobiya off № 12 18 мая 2023 06:11
    Rigel,
    Ansat däl eken onda
    Jogap
  • Nomofobiya Nomofobiya off № 13 21 мая 2023 16:23
    Rigel,
    Hawa şo çaklaýanyň men
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler