ADAM OGLUNYŇ DIŞISINI (URKAÇYSYNY) ÝARATMAK KARARYNA GELÝÄRLER

''Ýedi sany ilkinji işçi ýaradyldy'' diýdi Ningişzidda. Ol ýene sözüniň üstüne şulary goşdy: ''Ýene gaýtadan işläp ýedi sanysyny ýaratmak gerek...'' Enki oňa ýüzlendi: ''Ýedi sapar ýedisi hem ýetmez. Şypaçy gahrymanlardan köp zat talap etdik, işleri ömürlik şolar ýaly bolar...''
''Bu iş gaty kyn, çydamsyz'' diýdi Ninmah. ''Dişilerini (urkaçylaryny) ýaratmalydyrys'' diýdi Enki. Erkekleri doly taýynlamak gerekdi.
Biri-birlerini bilsinler, ikisi bir beden bolsunlar. Öz-özleri köplesinler, özbaşlaryna perzent dogursynlar. ''Ilkinji işçiler özbaşlaryna köpelseler urkaçy Anunnakiler arkaýynlaşarlar. ME formulalaryny üýtgetmeli, erkekden urkaça dogrulap sazlamalysyň'' diýip Enki Ningişzidda ýüzlendi. Adamunyň 12 süňňüne gerek zatlaryň birem onuň urkaçysyny Anunnaki urkaçynyň ýatgysynda ýaratmaly''...

URKAÇYNY NINKINIŇ ENELIK GARNYNDA ÝARATMAGA KARAR BERÝÄRLER

Ningişzidda kakasy Enkä ýüzlendi. Enki Ninmaha ''Näme diýersiň?'' diýen terzde oňa seretdi. Ol hiç zat gürlemän elini galdyrdy. Ol sesini bir az gataldyp: ''Bu sapar Ninkini çagyrmagyma rugsat ber'' diýdi. Soňra sözüniň üstüne şulary goşdy: ''Eger göwnese, dişi (urkaçy) Ýerliniň ýaradylmagy üçin galyby şol bolsun. Ninkini Abzudaky Ýaşaýyş öýüne çagyrdylar. Oňa Adamuny görkezdiler. Bolup geçenleri gürrüň berdiler. Munuň hötdesinden gelip biljekdigini ýa bilmejekdigini soradylar. Başarnyklyklary we howplylygy aýdyp düşündirdiler. Ninki bu iş wezipesine haýran galdy we: ''Häziriň özünde işe başlalyň'' diýdi. Ningişzidda ME formulalaryny sazlady: garyndy bilen bir ýumurtga döllendi. Adamsy Enki ony Ninkiniň ýatgysyna üns bilen ýerleşdirdi. Göwrelilik başlandy. Dogurmaly wagty gelende Ninkiniň sanjysy tutdy, ýöne dogrup bolmady. Ninki aýlary sanady, Ninmah aýlary sanady; onunjy aýa erbet kysmat aýy diýip at berdiler.

BÄBEJIGI KESDIRIP ÇYKARÝARLAR

Elleri ençeme ýatgylary açan hanym Ninmah ýiti gural bilen dildi. (Göwrelilik wagtyndan soň uzasa kesip alýarlar). Başyny örtdi. Ellerine gorag esbabyny geçdi (Ellik we operasiýa üçin kellä geýilýän şapkajyk ; gör nähili düşnükli aňladylan). Uly başarjaňlyk bilen amala aşyrdy, ýüzi ýagtylyp gitdi. Göwredäki bäbejigi daşyna çykardylar. ''Gyzjagaz! Bir gyzjagaz dogdy!'' diýip keýpi kök halda begenjinden gygyrdy'' Ninki. Täze dogulanyň görnüşi we elleri aýaklary üns bilen barlagdan geçirildi. Gulaklarynyň şekili gowudy. Gözleri ýumuk däldi. Elleri aýaklary sagdyndy; aşagy aýak, ýokarky böleginde el bardy.

INE-DE HOW ENEMIZ!!! TIAMAT

Ýabanylar ýaly gür tüýli däldi; arassa deňiz kenaryndaky çägäniň reňkindedi saçlary. Teni ýylmanak, edil Anunnakileriň teni ýaljak ýumşak we olaryň reňkindedi.
Ninmah gyz çagany ellerine aldy. Syrtyna bir-iki sapar şappat berdi. Täze dogulan çykarmaly sesi çykarýardy. Ony Ninkä Enkiniň aýalyna uzatdy. Çünki ol täze dogulany emdirmelidi, seretmelidi we ulaltmalydy. Enki aýalyna: ''Oňa bir at dakarmyň. Ol mahluk däl-de bir barlyk. Seniň suratyňda we saňa meňzeýär. Ýalňyşsyz ýaradyldy. Zenan işçiler üçin bir galyby ýasadyň''. Ninki täze doglan gyz bäbejigi eline alyp onuň teninden ogşady: ''Ady Tiamat bolsun, ýaşaýyşyň enesi diýen manyda'' diýdi Ninki. Ýerden we Aýyň içinden çykan ol köne planetanyň adyny dakdym. Onuň ýatgysynda ýaşaýyş özeninden doguljaklar galyplanar.
Şeýdip işçi köpçüligine ýaşaýyş bagyşlanar..'' diýýärdi Ninki. Beýlekiler hem onuň bu aýdanlaryny makulladylar.

ÝEDI SANY ZENAN ÝARADYLÝAR

Indi bu wakalar Adamu we Tiamadyň Edine (Aden, ýagny Jennet. Mukaddes Kitaplarda şol bir at geçýär) gidişini, köpelmegi we Abzuwa (Afrika) kowulmagy hakynda aýdylýar.
Ninkiniň göwresinden Tiamat dogulansoň Abzunyň çägesinden edilen ýedi sany gabyň içine Ninmah iki aýakly zenanlaryň ýumurtgalaryny ýerleşdirdi.
Tiamadyň ýaşaýyş özenini çykaryp kynlyk bilen gaplara geçirdi. Abzu topragyndan edilen gaplarda garyndyny peýda etdi Ninmah. Ol doga okaýardy. Çaga dogurmaly gahrymanlaryň ýatgylaryna döllenen ýumurtgalar ýerleşdirildi. Göwrelilik başlady; dogulmaly çaga garaşdylar. Wagty, sagady dolansoň ýedi sany gyz Ýerli doguldy. Süňňi düzüwdi. Dogry sesler çykarýardylar. Şeýdip ýedi erkek we ýedi gyz çagalary ýaratdylar.
Enki beýlekilere şeýle diýdi:
''Ýerliler şeýdip ýaradylandan soňra erkekler gyzlar bilen bolup döllendirsin, ilkinji işçiler özbaşyna döräp köpelsinler. Soňra dogulanlaram başga işçileri dogurar, ilkinji işçileriň sany şeýdip köpeler. Anunnakileriň kyn ýüküni olar galdyrar. Enki we Ninki, Ninmah we Ningişzidda begenýärdiler, miwe şerbedinden içýärdiler.

ADAM WE TIAMAT (HOW ENE) EDIN (ADEN) ŞÄHERINE (JENNETE) GETIRILÝÄR

Ýedi gezek, ýedi kapasa ýasap, zatlary agaçlaryň arasynda ýerleşdirdiler; bilelikde ulalsynlar, ärlik we tişilik edinsinler, erkekler zenanlary tohumlandyrsyn, öz başlaryna köpelsinler diýýärdiler biri-birlerine. Adamu we Tiamat gazuw-ýygnaw ýaly ýerlerdäki kyn işlere golaýlaşdyrmaly däl. Olary Edine (Keramatly kitaplarda ady geçen Aden, ýagny Jennet. Görnüşi ýaly Aden Anunnakileriň bir şäheriniň ady) alyp baralyň, ol ýerdäki Anunnakilere ýaradan eserlerimizi görkezeliň. Beýlekiler Enkiniň bu aýdanlaryny golladylar.



Zakariýa SEJIN

Terjime: @Jeksparrodan

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Jekwarabey tarapyndan 20-09-2023, 09:34

  • Khanture Khanture off № 1 20 сентября 2023 09:45
    Dişide diýmän urkaçyda diýmän aýal diýmelikeniň
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler