“Howalar soganda ynsan kölege beren agaçlary unudar”

Достоевский

Aslynda, çyg süýt emen bir jandaryň beýle gadyr bilmez boluşyna geňem galmaly däl. Emma adam pahyr ýene-de eden ýagşylyklaryna, eden zähmedine degmegini, şol zatlaryň gadyrynyň bilinmegini isleýär. Ýöne, ýene-de şol boluş, üýtgeýän zat ýok. Bir ynsanyň iň erbet gününde ýanynda bolan bolsaňam, ilkinji gözden çykaran ynsany sen bolýaň. Ýykylany galdyrýaň, ol turanyndan soň bolsa, ýykylanyny inkär edýär.
Hiç kime özüňden artyk gadyr we üns bermeli däl. Näme-de bolsa, günleriň bir güni ähli zadyň garşylygynda: “Etmelem däl ekeniň, kim saňa et diýdi?!”-diýer. Şol ynsana edenime deger diýip eden ähli zadymyz unudylýar-da, özümiz üçin etmedik zatlarymyz bilen ýeke galýarys. Oňam adyna tejribe diýýäs, başdan geçirme, ýatlama diýýäs, emma nämüçindir akyllanaýamzok. Asla etmerin diýen zatlarymyzy gaýtalap-gaýtalap edýäs. Ahyrynda duýgusyz ýaly boluberýäs.

Bu duýgusyzlyk bize kakamyzdan miras galmady. Bu bize ýakynlarymyzyň sowgady.

#Durmuş-ýitiren ýeriňden başlaýar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 7-06-2022, 20:10

  • Tuman Tuman off № 31 7 июня 2022 23:46
    Nirvana,
    Täzeden ýaz
    Jogap
  • - Dani - Dani off № 32 8 июня 2022 00:05
    Nirvana,
    Öläýdiňaý, namýok sokup ýazyp, göniläp diýsene şo sözleňi diýjek bolýan adamlaňa, öziňemä ýaşyň mendenem uly welin bagyşla welin aram aram sam.syk hereketler edýäňaý! gadyrbilmezler dp jogrynyp ýöremede, paşşol diýsene şolara))))))))))))
    Jogap
  • Granger Granger off № 33 8 июня 2022 01:30
    Hiayress,
    Hiayress Hiayress on № 31Düýn, 23:46
    Nirvana,
    Men o dereje hyýaly zatlara girerden, adam psihologiýasyny gowy bilýänmikäm diýýän. Ýöne käbir zatlarda "hasaply dost uzaga gider" diýen nakylyna köp eýerýän.

    Psihologiýa sözüni (özi-de, bilýän diýip oturan), "Psihologiýa - fantastika (fentezi)" diýýän adamdan eşitmek, garaşylmadyk ýagdaý.
    Jogap
  • Granger Granger off № 34 8 июня 2022 01:33
    Öz gadryňy özüň bilmeli - diýýär-ä köp kişi, aýratynam psihologlar. Seni senden başga düşünjek ýok. Muny sen has gowy bilmelimikäň diýýän.
    Jogap
  • Enegul Enegul off № 35 8 июня 2022 05:22
    Bir adama yagsylygy kop etsen olar muny seň borjuň hasaplayan ekenler cilimkesh
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 36 8 июня 2022 06:07
    Enegul,
    Bir adama yagsylygy kop etsen olar muny seň borjuň hasaplayan ekenler cilimkesh


    Şuny dogry aýtdyňyz. Birine bir, iki ýagşylyk etseň, sen mydama olaryň hyzmatynda bolmaly ýaly görýärler
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler